Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdelerine, deňizçi esgerlerine, harby talyplaryna we harby okuwçylaryna
Syýasy habarlar
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdelerine, deňizçi esgerlerine, harby talyplaryna we harby okuwçylaryna
Çap edildi 09.10.2018
1421

Hormatly harby deňizçiler! Sizi ýurdumyzda uly dabara bilen bellenýän Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Goý, bu baýram ýurdumyzyň deňiz çäkleriniň bitewüligini üpjün edýän, eziz Watanymyzyň parahatçylygynyň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, döredijilikli zähmetiniň ygtybarly goragynda duran deňizçileriň mertebesini has-da belende götersin! Berkarar Watanymyzyň edermen goragçylary! Biz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmek arkaly ýurdumyzyň ykdysadyýetine örän uly oňyn täsir etjek iri möçberli taslamalary durmuşa geçirdik. Ýurdumyz geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmek bilen, sebitiň örän möhüm ulag merkezine, iri halkara logistika çatrygyna öwrülýär. Taryhdan belli bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiz Beýik Ýüpek ýolunyň esasy şahalaryny öz üstünden geçirmek bilen, suwüsti gatnaşyklaryň ösmeginde hem aýratyn orny eýeläpdir. Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty ýaly iri göwrümli taslamany üstünlikli amala aşyrdyk. Bu Halkara deňiz porty öz düzümine ençeme desgalary birikdirip, ýük daşamak we ýolagçylary gatnatmak bilen bir wagtda, ençeme gäminiň gurluşyk hem-de abatlaýyş işlerini alyp barmaga-da mümkinçilik berýär. Bu bolsa döwletimiziň ykdysadyýetiniň barha kuwwatlanmagyna, halkymyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Merdana Watan goragçylary! Hazar deňzi bilen baglanyşykly meseleler durmuşa geçirýän daşary syýasat ulgamymyzda möhüm orny eýeleýär. Sebitara we halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde möhüm orny eýelemek bilen, Türkmenistan parahatçylygyň, durnuklylygyň, Hazar deňzi sebitinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar arkaly baglanyşýan Hazarýaka ýurtlarynyň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň bähbidine uly işleri alyp barýar. Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen V sammitde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmegi, Türkmenistanyň häzirki wagtda başlyklyk edýän Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň ýurdumyzda geçirilmegi, şeýle hem gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilen «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, köpçülikleýin welosipedli we ylgaw ýaryşlary bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Merdana deňizçi harby gullukçylar! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda gazanylýan uly üstünliklerde we ýetilýän belent sepgitlerde siziň mynasyp ornuňyz bardyr. Çünki siz deňiz çäklerimizde mukaddes we jogapkärli harby borjuňyzy ýerine ýetirmek bilen, Hazar deňziniň ygtybarly goragyny üpjün edýärsiňiz. Siz bu mukaddes borjy hemişe berkarar Watanymyza wepalylyk, harby kasama ygrarlylyk bilen ýerine ýetirip, şöhratly taryhymyzda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimiziň, merdana pederlerimiziň, ýurdumyzy goran gerçekleriň watansöýüjilik, edermenlik, mertlik, gahrymançylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmelisiňiz. Siziň harby gulluk borjuňyzy üstünlikli ýerine ýetirip, ata-babalarymyzdan miras galan harby deňizçilik sungatyny has-da ösdürjekdigiňize, deňiz serhedimiziň mizemezligini üpjün etjekdigiňize berk ynanýaryn. Eziz Watanymyzyň edermen ogullary! Biz mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazanyp, ata-babalarymyzyň arzuwlan ajaýyp zamanasynda ýaşaýarys. Şeýle ajaýyp döwürde goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny üpjün etmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli goşun görnüşleri bilen bir hatarda ýurdumyzyň Harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalandyrylýar, dünýäniň iň kämil tehnikalary we enjamlary, gämileri satyn alynýar. Biz geljekde hem ýurdumyzyň Harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, deňizçi harby gullukçylaryň harby hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga, deňiz çäklerimiziň howpsuzlygyny we bitewüligini üpjün etmäge aýratyn üns bereris. Siz harby gullugy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasyna laýyklykda alyp barmalysyňyz, ata Watany goramak borjuny ähli zatdan belentde goýmalysyňyz, deňiz çäklerinde Watanymyzyň, halkymyzyň polat galkany, sarsmaz galasy bolmalysyňyz. Hazar deňzindäki serhedimizde parahatçylygy we howpsuzlygy yzygiderli üpjün edip, türkmen deňizçileriniň şöhratly däplerini mynasyp dowam etdirmelisiňiz. Siziň bu jogapkärli we asylly borja abraý bilen hötde geljekdigiňize berk ynanýaryn! Hormatly harby deňizçiler! Sizi Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, egsilmez bagt, mukaddes harby gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin! Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
top-arrow