Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 08.10.2018
1421

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler biri-biri bilen mähirli salamlaşyp, özara hormat, netijeli we strategik hyzmatdaşlyk esasynda guralýan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň üýtgewsiz dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, russiýaly kärdeşini düýn bellän doglan güni bilen gutlady hem-de berk jan saglyk we ýokary döwlet wezipesinde, jogapkärli işinde uly üstünlikler arzuw etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin ýokary derejede gazanylan ylalaşyklardan gelip çykýan döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny we dürli ulgamlarda tagallalary birleşdirmek üçin bar bolan uly mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki Hökümetara toparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bellenilen meýilnamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmekde, täze geljegi uly ugurlary işläp taýýarlamakda möhüm orny bellenildi. Türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady ulgam görkezildi, şunda önüm ibermek baradaky şertnamalary diwersifikasiýalaşdyrmak, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we sanawyny giňeltmek, işewürlik hem-de maýa goýum işjeňligini höweslendirmek üçin uly mümkinçilikler bar. Energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklary hem häzirki zaman şertlerinde dünýä ykdysadyýetiniň binýatlaýyn pudaklary bolup durýar. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň arasynda ýola goýlan ýakyn hyzmatdaşlyk, ýurdumyzda RF-niň iri kompaniýalarynyň üstünlikli iş alyp barmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzak möhletleýin häsiýetiniň aýdyň mysalydyr. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alşyp, Türkmenistanyň we Russiýanyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmek maksady bilen BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin özara düşünişmegiň we ynamyň ýokary derejesiniň geljekde hem döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek, türkmen-russiýa dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirip, birek-biregi hem-de iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow