Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
«Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara
Çap edildi 09.10.2018
1451

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly jahankeşdeler! Sizi «Türkmenistan — Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Hazaryň türkmen kenarynda geçirilýän halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyndaky mümkinçiliklerini bütin dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirki zaman milli syýahatçylyk düzümini döretmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň çäginde syýahatçylyk işiniň hukuk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitlemek babatynda uly işler durmuşa geçirilýär. Syýahatçylygyň meselelerini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi, erkin ykdysady zolak bolan Awazada, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ajaýyp myhmanhanalar toplumlarynyň, ähli amatlyklary bolan dynç alyş, sagaldyş merkezleriniň gurlup, ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň dünýä syýahatçylyk bazarynda möhüm orny eýelemegini şertlendirýär. Hormatly adamlar! Gadyrly myhmanlar! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzda ildeşlerimiziň we daşary ýurtly raýatlaryň, jahankeşdeleriň mynasyp dynç almagy, halkymyzyň milli medeniýetiniň we taryhynyň gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmagy üçin döwlet tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Ýakynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilen «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşy diňe bir öz gerimi hem-de ähmiýeti boýunça uly ýaryş bolman, eýsem türkmen topragynyň syýahatçylaryň hem-de jahankeşdeleriň mekanydygyny dünýä äşgär edýän ajaýyp çäre boldy. Ägirt uly sport ýaryşy dürli ýurtlardan sportuň özüne çekiji görnüşiniň ussatlaryny we höwesjeňlerini bir ýere jemledi. Bu taslama diňe bir sport çäresi bolman, eýsem, ýurdumyzyň milli we medeni mirasyny, taryhy ýadygärliklerini, halkymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän milli medeniýetiniň we däp-dessurlarynyň köpdürlüligini bütin dünýä ýaýmaga ajaýyp mümkinçilik döretdi. Türkmenistanda häzirki zaman syýahatçylyk pudagyny kemala getirmek halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ýurdumyza innowasion tehnologiýalary çekmegiň hem-de milli ykdysadyýeti toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň esasy şertleriniň biridir. Hormatly halkara sergä we maslahata gatnaşýan myhmanlar! Hormatly adamlar! Gojaman Hazaryň kenarynda geçirilýän bu halkara çäräniň täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ýola goýmaga, ýurdumyzyň we dünýäniň iş tejribesine innowasion çemeleşmeleri üstünlikli ornaşdyrmaga, halkara syýahatçylyk ulgamynda geljegi uly bolan merkez hökmünde Türkmenistanyň abraýyny artdyrmaga ýardam etjekdigine berk ynanýaryn. Sizi «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde alyp barýan tutanýerli we belent maksatly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin! Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
top-arrow