03.09
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
02.09
2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Gün tertibine şu ýylyň sekiz aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de Ýaragly Güýçleriň işini has-da kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan wezipeler girizildi.
02.09
2020
«Migrasiýa hakynda» hem-de «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlaryna pasportlary resmileşdirmegiň we bermegiň, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almagyň hem-de ýazgydan çykarmagyň tertibini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
02.09
2020
Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi bankynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ajmal Ahmadi bilen wideomaslahat aragatnaşygy arkaly duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny ähli ugurlarda işjeňleşdirmegiň wajyplygyna ünsi çekdiler.
02.09
2020
Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň Gyrgyzystan Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Çingiz Aýdarbekow bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikler wideomaslahat aragtanaşygy görnüşinde geçdi.
01.09
2020
Şu gün, Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasy hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
01.09
2020
Sizi belent maksatlara ruhlandyrýan we uly arzuw-umytlar bilen garşy alynýan Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2020-2021-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde ajaýyp bilimler baýramyna bagyşlanan dabaralaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan söýgimiziň aýdyň beýany boljakdygyna berk ynanýaryn!
31.08
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
31.08
2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkiminiň orunbasary Şöhratjan Babakulyýewiç Ismailow Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
31.08
2020
Astanogly Kullyýewiç Seýidowy Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.