09.09
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdirliginiň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
08.09
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň dünýä belli “John Deere” kompaniýasynyň pagta ýygymynyň öňüsyrasynda ýurdumyza gelip gowşan pagta ýygyjy tehnikalaryny synlady hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň täze desgalarynyň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy we gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary bilen tanyşdy.
08.09
2020
“Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça Milli maksatnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 23-nji dekabrynda çykaran 1547-nji Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça Milli maksatnamanyň we ony ýerine ýetirmegiň 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi amala aşyrýan Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça utgaşdyryjy Pudagara toparyň hukuk ýagdaýyny kesgitlemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça utgaşdyryjy Pudagara topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
07.09
2020
Şu gün Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň wideomaslahat görnüşinde duşuşygy boldy.
06.09
2020
Tatarystanlylaryň adyndan hem-de hut öz adymdan TASSR-nyň döredilmeginiň 100 ýyllygy hem-de Tatarystan Respublikasynyň güni mynasybetli iberen mähirli gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Munuň özi Tatarystan Respublikasy bilen russiýa-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlyk meselelerine üns berilýändiginiň möhüm mysalydyr.
05.09
2020
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde özleriniň zehinlerini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:
05.09
2020
Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşýandygyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
04.09
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Mejlisiň barşynda şu ýylyň sekiz aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
04.09
2020
Şu gün Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy durmaga we täsir etmegine taýýarlygyny üpjün etmegiň Meýilnamasyny amala aşyrmakda öňegidişligi ara alyp maslahatlaşmak boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi.
04.09
2020
Öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak, gowulandyrmak we gorap saklamak bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmek, şeýle hem peýdalanylýan öri meýdan ýerlerini peýdalanyjylaryň we kärendeçileriň hukuklaryny goramak babatda ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, öri meýdanlaryny peýdalanmaga we kärendesine bermegiň Tertibi, öri meýdanlarynyň peýdalanylandygy üçin tölegiň möçberi hem-de tölegi almagyň Tertibi tassyklanyldy.