Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 20.12.2020
1435

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annamuhammet Ilamanow saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň döwlet sirkiniň baş direktory wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Hojakulyýewiç Gurbangulyýew Türkmenistanyň döwlet sirkiniň baş direktory wezipesine bellenildi.
***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçirilýän özgertmeleriň many-mazmunyny wagyz etmek, Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri dünýä ýaýmak, şeýle hem gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

1.“Galkynyş” gazetiniň we “Wozroždeniýe” žurnalynyň redaksiýasyny “Watan” gazetiniň redaksiýasyna birleşdirmeli.
2. “Watan” gazetiniň redaksiýasyny “Galkynyş” gazetiniň we “Wozroždeniýe” žurnalynyň redaksiýasynyň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
3. Işini bes eden “Wozroždeniýe” žurnalynyň wezipelerini “Diýar” žurnalynyň redaksiýasynyň üstüne ýüklemeli hem-de “Diýar” žurnalyny türkmen, iňlis we rus dillerinde çap etmeli.

Şeýle hem resminama laýyklykda, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan giň gerimli işleriň, bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň many-mazmunyny wagyz etmek, Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri dünýä ýaýmak, şeýle hem gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

1.“Türkmen dili” gazetiniň redaksiýasyny “Mugallymlar gazeti” gazetiniň redaksiýasyna birleşdirmeli.
2. “Mugallymlar gazeti” gazetiniň redaksiýasyny “Türkmen dili” gazetiniň redaksiýasynyň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

Şeýle hem resminama laýyklykda, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Soňky habarlar
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
top-arrow