Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 11.09.2026
21

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda”, “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem “Kärende hakynda”, “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda”, “Neşirýat işi hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmek ugrunda degişli işler geçirilýär. Şeýle hem milli parlamentiň wekilleriniň kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant we Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherlerinde iş saparynda bolandyklary barada maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek, kanunçylyk işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäherinde “Innowasiýalar we sanly tehnologiýalar ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýçleridir” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, bu maslahatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler, milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşi, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň geljekki ugurlary, döwlet dolandyryşynda, ykdysadyýetiň pudaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň mümkinçilikleri, elektron hökümet, emeli aň, maliýe tehnologiýalary, sanly hyzmatlar, önümçilik işleriniň kämilleşdirilmegi, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we halkara tejribäni öwrenmek bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysadyýetiň innowasion ösüşini gazanmaga, ykdysadyýetiň pudaklaryna öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere Watanymyzyň ykdysady ösüşine bagyşlanan ylmy-amaly maslahaty guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, nebitgaz känlerini netijeli özleşdirmegiň hasabyna nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen, konsern tarapyndan degişli çäreler görülýär. Şunda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz känlerini netijeli özleşdirmek, çig nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda, welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, bugdaý ekişi dowam edýär. Ekiş möwsüminde gallaçylary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý ekijileri netijeli işletmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak babatda degişli işler geçirilýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Tabşyrylýan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda, pagta kabul ediş harmanhanalarynda kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, önüm berijiligini ýokarlandyrmak ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýlaryny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak maksady bilen, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň ekiş möwsümini talabalaýyk geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere pagta hasylyny ýygnap almak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary we ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny, ilatymyzy zerur bolan ýokary hilli sement önümleri bilen üpjün etmek üçin sement zawodlaryny doly güýjünde işletmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Şunda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmekde senagat kärhanalaryna uly ornuň degişlidigini aýtdy hem-de Bäherden, Balkan, Lebap sement zawodlaryny bökdençsiz işletmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan resminama gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalaryny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümçilik kärhanalaryna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak arkaly öndürilýän önümleriň görnüşlerini we möçberini artdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dokma kärhanalaryna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, öndürilýän önümleriň görnüşini we möçberini artdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Bäherden tikin fabrigini has-da döwrebaplaşdyrmak işlerini geçirmek boýunça taýýarlanylan teklibi makullady hem-de wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şanly sene mynasybetli şu ýylyň sentýabr aýynyň dowamynda dürli maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, wagyz-nesihat çäreleri, aýdym-sazly dabaralar geçiriler. Aýyň esasy çäreleriniň hatarynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly aýdym-sazly dabara, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan raýatlary sarpalamak, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabaralary, Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak, welaýatlaryň we Arkadag şäheriniň baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagynyň galdyrylyş dabaralary, dabaraly ýöriş, baýramçylyk konserti we beýleki çäreler bar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň ýetip gelýändigini aýtdy we wise-premýere Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara we çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň oktýabr aýynda ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň intellektual ukyplaryny ösdürmek, kämil hünärmenleri ýetişdirmek ugrunda ulgamlaýyn işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň berýän hemaýat-goldawlary esasynda halkara olimpiadalar, forumlar, sergiler, ylmy-amaly maslahatlar ýokary derejede geçirilip, bu babatda baý tejribe toplanýar.

Milli strategiýalarda, maksatnamalarda kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, 2026-njy ýylyň oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion tehnologiýalaryň orny”, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Milli emeli aň tehnologiýalary: sanly ykdysadyýet, «akylly» diwersifikasiýa, durnukly ösüş” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu maslahatlara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen birlikde, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň, iri halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Olarda “ýaşyl”, howpsuz, “akylly” şäher konsepsiýasy, innowasion gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, önümçilik amallaryny awtomatlaşdyrmak we robot tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ykdysadyýeti “akylly” diwersifikasiýalaşdyrmakda we sanlylaşdyrmakda, durnukly ösüşi üpjün etmekde emeli aň tehnologiýalarynyň innowasion mümkinçilikleri boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň agzalan ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna döwlet saparyna hem-de onuň çäklerinde gatnaşjak “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda ýurdumyzyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrylýar. Şolaryň arasynda Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk aýratyn bellenildi.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Häzirki wagta çenli iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny berkiden döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň 118-si baglaşyldy. Syýasy gatnaşyklar barada aýdylanda, iki ýurduň Prezidentleriniň saparlary we ýokary derejedäki duşuşyklary hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Bu babatda soňky ýyllaryň dowamynda döwlet Baştutanlarynyň derejesinde 5 sany döwlet, resmi we iş saparlarynyň amala aşyrylandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran sapary türkmen-koreý gatnaşyklaryna täze mazmun beren möhüm waka boldy. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu ýurt Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän tekliplerini, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.

Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem ösdürilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda maýa goýum taslamalarynyň 17-si hasaba alyndy. Bu babatda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilen iri taslamalary, şol sanda “Galkynyş” gaz käninde kükürt arassalaýan toplumy, Gyýanly şäherçesindäki polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny we beýleki taslamalary görkezmek bolar. Häzirki wagtda-da öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda birnäçe taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen-koreý gatnaşyklaryny ulgamlaýyn esasda utgaşdyrmak, olary yzygiderli esasda giňeltmek maksady bilen, 2008-nji ýylda Söwda, ykdysady, ylym we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý topary döredildi. Şu günki güne çenli bu toparyň 9 mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda ylym, bilim, medeniýet, durmuş, ynsanperwer ugurlar boýunça köp ýyllaryň dowamynda gatnaşyklar alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrjak döwletara, hökümetara we pudagara ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Bu resminamalar ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, himiýa senagaty, infrastruktura, senagat gurluşygy, daşky gurşaw, suw hojalygy, ylym we bilim ýaly ugurlary öz içine alar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar sebit derejesindäki köptaraplaýyn formatlaryň, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde üstünlikli alnyp barylýar. Bu forum 2007-nji ýylda koreý tarapynyň başlangyjy bilen iki sebitiň arasynda ynamy berkitmek we hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça hereket etjek köptaraplaýyn konsultatiw meýdança hökmünde döredildi. 2024-nji ýyla çenli forumyň işi daşary işler ministrleri derejesindäki mejlisler görnüşinde alnyp baryldy. 2023-nji ýylda Türkmenistan bu forumda başlyklyk etdi. Aşgabatda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna amala aşyrjak döwlet saparynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmagy köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýene-de bir möhüm ädim bolar.

Wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň bu ýurda döwlet saparyna, şeýle-de “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” sammitine taýýarlyk görülýändigini aýtdy we bu saparyň netijeleriniň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaş döwletleriniň biridigini, iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasyna boljak döwlet saparyna, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” sammitine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň raýat uçuşlaryň howpsuzlygyny we yzygiderliligini ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen, Halkara raýat awiasiýasy guramasynda (ICAO) kabul edilen halkara standartlara laýyklykda zerur işler alnyp barylýar. Bu işlerde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli awiasiýa pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de awiasiýa pudagynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow