Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Kazan şäheriniň 175-nji mekdebinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren, olaryň köpüsiniň neresse çagalar bolmagy bilen bagly pajygaly waka zerarly çuňňur gynanç bildirdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Şu gün ýurdumyzda umumyhalk baýramçylygy — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy bellenildi. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Şu gün DIM-de Aşgabada iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen bilen duşuşyk geçirildi.
Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Sizi we Siziň ähli watandaşlaryňyzy Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Sizi kalplarymyzy tämizleýän, köňüllerimize nur çaýýan mübärek Gadyr gijesi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem haýyr-sahawatlylygy, ruhy tämizligi, päk ynanjy, ýokary ynsanperwerligi we agzybirligi alamatlandyrýan mübärek Gadyr gijesi milli däp-dessurlarymyza, gadymy adatlarymyza laýyklykda, iň gowy umyt-arzuwlar bilen mynasyp garşy alnyp, eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi has-da dabaralandyrýar.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan mejlisini geçirdi.
Şu gün Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I bilen telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlik türkmen-hytaý döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge bagyşlandy.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.