Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki Çykyşy
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki Çykyşy
Çap edildi 25.09.2021
2895

(Aşgabat, 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabry)

Eziz watandaşlar, mähriban halkym!

Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we Hökümetiniň agzalary!

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýyl bolan 2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda biz ýurdumyzyň baş baýramyny — eziz Diýarymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýini aýratyn buýsanç bilen garşylaýarys. Bu sene Garaşsyz ýurdumyzyň hem-de agzybir halkymyzyň abraý-mertebesini we şan-şöhratyny arşa göterýän, biziň her birimizi täze, has belent maksatlara galkyndyrýan şanly wakadyr.

Mundan 30 ýyl ozal — 1991-nji ýylyň güýzünde biziň Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz döredildi hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi.

Men siziň ähliňize, merdana halkyma berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Eziz watandaşlar!

Ata Watanymyzyň täze taryhy, biziň gazanan üstünliklerimizdir ösüşlerimiz milli Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. Özbaşdaklyk zamanynyň her bir güni, her aýy we ýyly, her onýyllygy örän möhüm syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik wakalaryndan doly boldy. Siziň köpiňiz bu wakalaryň janly şaýady bolduňyz, şol wakalara işjeň gatnaşdyňyz.

Türkmenistan beýik Garaşsyzlygynyň gysga taryhy döwründe bütin dünýäde belent at-abraýa we mertebä eýe bolan özbaşdak döwlete öwrüldi.

Garaşsyzlyk merdana ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak hakyndaky arzuw-isleglerini amala aşyrmak üçin bize şert döretdi. Şu döwürde biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň berk esaslary goýuldy.

Halkymyzyň aňynda, medeni we ruhy durmuşynda uly özgerişler bolup geçdi, düýbünden täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Biziň döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan we nesillerden-nesillere geçirip gelýän maddy we ruhy gymmatlyklaryny, belent ynsanperwer däplerini gaýtaryp berdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlarda, şol sanda daşary syýasatda, senagatda, innowasion hem-de durmuş ösüşinde uly üstünlikler gazanyldy. Demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakda biz şol milli tejribämize, şeýle hem ösen döwletleriň tejribesine daýandyk.

Biz Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny yglan edip, ýönekeý bolmadyk iň kynçylykly döwürde döwletimize ýolbaşçylyk eden ýurdumyzyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Ataýewiç Nyýazowyň hatyrasyny belent tutýarys. Onuň ýolbaşçylygynda merdana halkymyzyň ägirt uly özgertmeleri amala aşyrandygyny hemişe ýatlarys.

Şol döwürde döwlet gurluşyny düzgünleşdirýän, dünýä we milli demokratik tejribesine, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynadyr düzgünlerine laýyk gelýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi.

Türkmen halkynyň taryhynyň, medeni-ruhy mirasynyň özboluşly beýany hökmünde döwlet nyşanlarymyz bolan Döwlet baýdagymyz, Döwlet tugramyz we Döwlet senamyz döredildi.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasy esasynda döwletiň we jemgyýetiň, her bir şahsyýetiň bähbitlerini düzgünleşdirmäge hem-de deňligini üpjün etmäge gönükdirilen kanunlar işlenip düzüldi. Harby, hukuk goraýjy we milli howpsuzlyk edaralary düýpli özgerdildi. Türkmenistanyň Milli goşuny, şol sanda Guryýer goşunlary, Harby-howa we Harby-deňiz güýçleri, Serhet goşunlary döredildi.

Ýurdumyzda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli pul dolanyşyga girizildi.

Garaşsyz döwletimiziň Konstitusiýasynda «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip beýan edilýär. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridigi nygtalýar.

Şoňa görä-de, ýurdumyzda her bir adamyň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki raýatlyk hukuklaryny hem-de azatlyklaryny amala aşyrmak, döwletiň we jemgyýetiň demokratik kadalaryny hem-de hukuk esaslaryny berkitmek döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Şeýle hem ýurdumyzyň Konstitusiýasynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň, Adam hukuklary baradaky ählumumy Jarnamanyň maksatlaryna we kadalaryna ygrarlydygy tassyklanýar. Şu maksat bilen, ýurdumyzda adam hukuklary boýunça Milli meýilnama kabul edildi. Bu meýilnama adam hukuklaryny berjaý etmegiň köpugurlydygyny göz öňünde tutýar hem-de geljekde kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyklykda, zenanlar bilen erkekler üçin deň hukuklary üpjün etmek düzgüni hem biziň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň Garaşsyz döwlet hökmünde ykrar edilmegi, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny özbaşdak kesgitlemek üçin amatly şertleri döretdi. Merdana ata-babalarymyzyň jemgyýetimizi birleşdirýän milli döwleti döretmek baradaky arzuwlaryny goldanyp, täze demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmak, täze raýat jemgyýetini döretmek, ýurdumyzy dünýäniň durnukly ösýän döwletleriniň birine öwürmek boýunça tapgyrlaýyn işler amala aşyryldy.

Geçen döwürde raýatlarymyzyň durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek boýunça hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi göz öňünde tutýan maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Bu işler häzirki döwürde hem netijeli dowam edýär.

Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlarynyň möçberi 200 milliard amerikan dollaryndan hem geçdi. Bu serişdeleriň 60 göterimden hem köpüsi senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirildi.

Daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy onuň umumy möçberiniň 15 göterimine golaýlaýar.

«Adam maýasyna», ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryna hem köp serişdeler goýberildi. Häzirki döwürde Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň maliýe taýdan durnukly ösüşi saklanýar.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ýurdumyzyň nebitgaz gorlary hojalyk pudaklaryny durnukly ösdürmek üçin zerur bolan düýpli maýa goýumlaryny toplamakda aýratyn orny eýeläp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly daýanjyna öwrüldi.

Uglewodorod serişdeleriniň dünýä ähmiýetli gorlaryna eýe bolan Türkmenistan ägirt uly energiýa mümkinçiliklerini öz halkynyň we bütin adamzadyň bähbidine netijeli peýdalanmaga jogapkärli çemeleşip, bu ugurda anyk, yzygiderli ädimleri ädýär.

Tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek «mawy ýangyjyň» gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň möhüm maksatlaryndan biridir. Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen biragyzdan kabul eden Rezolýusiýalary muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmagyň hem uly geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti bardyr. Türkmen tebigy gazynyň täze energetika köprüsi Günorta Aziýanyň uly ýurtlaryna ony uzak möhletleýin ibermegi üpjün edip, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer. Sebitde işewür hyzmatdaşlygy, parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrar.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Energetika senagaty hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolup durýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda täze, kuwwatly elektrik stansiýalaryny gurup, ulanmaga bermek, hereket edýän gaz turbinaly elektrik stansiýalaryny döwrebap ýagdaýa getirmek hem-de olaryň täzelerini gurmak boýunça depginli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda halkalaýyn energetika ulgamy döredildi. Häzirki zaman energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary peýdalanmak esasynda elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi has-da gowulandyrmak, ýerli tebigy-howa şertlerini nazara alyp, Gün we ýel energiýasyny almak bilen bagly taslamalary amala aşyrmak boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Mary welaýatynda Merkezi Aziýada iň uly ýokary tehnologiýaly elektrik stansiýasy guruldy. Döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli bolsa Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gaz turbinaly täze elektrik stansiýasy ulanmaga berildi. Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda Gün we ýel elektrik energiýasyny öndürýän stansiýany gurmak hem göz öňünde tutulýar.

Bu işleriň ählisi ata Watanymyzy elektrik energiýasy bilen özüni doly üpjün edýän we ony daşary ýurtlara hem ibermäge örän uly mümkinçiligi bolan döwlete öwürýär.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Garaşsyzlyk ýyllarynda oba hojalyk pudagy hem yzygiderli ösüşe eýe boldy. Ýurdumyzyň agrosenagat toplumyny döwlet tarapyndan goldamagyň bitewi ulgamyna laýyklykda, her ýyl bu pudaga köp möçberde maýa goýumlary goýulýar. Şeýle hem ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, seleksiýany we tohumçylygy ylmy esasda ösdürmek, oba hojalygyna has tygşytly tehnologiýalary, iň öňdebaryjy ylmy-tehniki usullary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman galla we maldarçylyk toplumlary, ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar guruldy.

Dünýäniň öňdebaryjy firmalarynyň ýokary öndürijilikli, döwrebap oba hojalyk tehnikalary, däne hem-de pagta ýygýan kombaýnlary yzygiderli satyn alynýar.

Türkmenabat şäherindäki himiýa kärhanasynda, Tejenkarbamid, Marykarbamid we Garabogazkarbamid zawodlarynda, «Balkanabat» hem-de «Bereket» ýod kärhanalarynda, «Maryazot» we «Garabogazsulfat» önümçilik birleşiklerinde ýokary hilli mineral dökünler we himiýa önümleri öndürilýär. Munuň özi zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, gallanyň we gowaçanyň, şalynyňdyr gant şugundyrynyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmäge, azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam berýär.

Ak bugdaýyň ýurdy bolan Garaşsyz döwletimizde şu ýyl gallaçylarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan hem köp däne tabşyrdylar. Bu ajaýyp netije zähmetsöýer daýhanlarymyzyň Garaşsyz Watanymyzyň şanly baýramyna mynasyp sowgadydyr.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde we bol hasyl almakda ýaşaýşyň çeşmesi bolan suwa hemişe aýratyn orun degişlidir. Gadymy türkmen topragy suwarymly ekerançylygyň ilkinji mekanlarynyň biri bolupdyr. Ata-babalarymyz bol hasyl berýän bereketli toprakda ýaşamak bilen, ýeri işläp bejermegiň, suwa sarpa goýmagyň we ony tygşytly ulanmagyň nusgalyk usullaryny bize miras galdyrypdyr. Suw damjasyny altyn dänesine deňäp, dag jülgelerinden gözbaş alýan çeşmeleriň, ýaplaryňdyr akabalaryň suwuny tygşytly ulanypdyr.

Şoňa görä-de, halkymyz «Suw damjasy — altyn dänesi», «Daýhanyň hazynasy — ýer — suw», «Suwly ýer — gül, suwsuz ýer — çöl» ýaly, suw bilen bagly köp sanly nakyllary döredipdir. Biziň günlerimizde hem ata-babalarymyzyň parasatly däplerine eýerip, suwy tygşytly we netijeli ulanmak döwlet syýasatymyzyň örän möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şu maksat bilen, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Suw hojalyk desgalarydyr ulgamlary gurlanda, ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň häzirki zaman usullary ulanylýar.

Biz Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup, zeý suwlaryny toplaýan «Altyn asyr» Türkmen kölüni gurup, ýurdumyzda daşky gurşawa aýawly garamak boýunça möhüm işleriň amala aşyrylýandygyny bütin dünýä görkezdik.

Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda göwrümi 18 million kub metr bolan howdany ulanmaga berdik. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy suw serişdelerini aýawly ulanmakda we oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almakda ýene-de bir möhüm ädim boldy.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Daşky gurşawyň arassalygyny we baýlygyny gorap saklamak, tebigy serişdelere aýawly garamak we olary tygşytly ulanmak, önümçilige ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak boýunça işleri amala aşyryp, biziň ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm ekologiýa we suw meselelerini çözmekde abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda çykyş edýär.

Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny we Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky biziň tekliplerimiz dünýäde giň goldaw tapdy.

Merkezi Aziýanyň döwletler Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda hem biz howanyň üýtgemegine getirýän ýaramaz täsirleri azaltmak we oňa uýgunlaşmak maksady bilen, sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça teklipleri öňe sürdük. Çölleşmä garşy göreşmek, suw we energetika serişdelerini aýawly ulanmak, daşky gurşawy goramak, serişde tygşytlaýjy hem-de «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmaga, şol sanda dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge gönükdirilen taslamalarydyr maksatnamalary taýýarlamak baradaky başlangyçlar bilen çykyş etdik.

«Türkmenistanyň Aral boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň», «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň» rejelenen görnüşiniň, «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň we sebitiň ekologik abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň esasy bolup durýar.

«Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki» diýlişi ýaly, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza eýerip, her ýyl ýurdumyzda millionlarça düýp bag nahallaryny ekmek indi asylly däbe öwrüldi.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň hormatyna geçen ýyl Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde we welaýatlarda 25 million düýp miweli, saýaly, pürli baglar hem-de üzüm ekilen bolsa, bu ýyl Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, ilkinji gezek 30 million düýp nahal oturtmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Garaşsyz Diýarymyzyň önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga, beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmäge, ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmäge, iş orunlaryny artdyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça-da uly işler alnyp barylýar.

Şu maksat bilen, ýurdumyzda köp sanly häzirki zaman tehnologiýaly kärhanalardyr zawodlar gurlup ulanmaga berildi. Diňe soňky döwürde Mary we Garabogaz karbamid zawodlary, Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod we «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy bina edildi. Bu kärhanalaryň önümleri ýurdumyza daşary ýurt pulunda goşmaça girdejileri getirýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzdaky 80-den gowrak iri dokma kärhanasynda dürli nah we garyşyk ýüplük taýýarlanýar. Dünýä bazarlarynda uly isleg döredýän tüýjümek, jins we örme matalar, köp görnüşli taýýar eginbaşlar we el halylary öndürilýär.

Ýaňy-ýakynda hem biz Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda täze dokma toplumyny işe girizdik we Babadaýhan etrabynda-da ýene bir dokma toplumyny ulanmaga bermegi göz öňünde tutýarys.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Häzirki döwür täze garaýyşlarydyr innowasion önümçilikleri döretmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary tehnologiýalara we düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Biz milli ykdysadyýetimiziň täze, depginli ösýän ugruna öwrülen elektron senagaty döredýäris.

Häzirki döwürde ýurdumyzda smart-telewizorlar, noutbuklar, planşetler, monobloklar, sensorly ekrany bolan kompýuterler, çek-printerler, skanerler we beýleki görnüşdäki elektron önümler öndürilýär.

Bu ugurda biz ylmy-barlag edaralary we ýokary okuw mekdepleriniň ylmy merkezleri, elektron aragatnaşygyň önümçilik kärhanalary bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyny geljekki ösüşiň esasy şertlerinden biri hasaplaýarys. Senagat we awtomobil elektronikasyny, lukmançylyk hem-de kompýuter tehnikasyny, elektron we beýleki harytlary öndürmek, şeýle hem täze kärhanalary döretmek zerur diýip pikir edýäris.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi size gowy mälimdir. Häzirki döwürde kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin has amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi.

Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde, azyk bolçulygyny döretmekde, senagat kärhanalarynydyr söwda merkezlerini, häzirki zaman obalaryny gurmakda hususy pudaga uly orun berilýär. Bäsdeşlige ukyply, import harytlarynyň ornuny tutýan, eksporta niýetlenen ýokary hilli önümleri öndürýän, Türkmenabat — Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýoluny hem-de Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezini gurýan we beýleki iri taslamalary amala aşyrýan hususy kärhanalaryň alyp barýan işlerini aýratyn bellemek isleýärin.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy baradaky alada biziň döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 43 milliard 800 million manat gönükdirildi we özleşdirildi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda 91 hassahana, 153 saglyk öýi we merkezi, 85 medeniýet öýi, 370 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 529 orta mekdep, 117 sport mekdebi, 86 sany sport desgasy, 7 müň kilometre golaý awtomobil ýollary guruldy.

Bulardan başga-da, umumy meýdany 42 million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi, köp sanly beýleki durmuş maksatly taslamalar amala aşyryldy.

Täze önümçilik we durmuş maksatly desgalary, awtomobil hem-de demir ýollary, köprüleri gurmagyň halkara we milli taslamalary üstünlikli amala aşyryldy. Şol desgalaryň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny, Türkmenistan — Hytaý, Türkmenistan — Eýran, Gündogar — Günbatar gaz geçirijilerini bellemek bolar. Şonuň ýaly-da, transmilli Demirgazyk — Günorta, şeýle hem Serhetabat — Turgundy demir ýollaryny, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprülerini, Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat, Kerki Halkara howa menzillerini, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny mysal getirmek bolar. Bu Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan ägirt uly işleriň diňe bir bölegidir.

Ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi, döwletimiziň älem giňişligini özleşdirýän ýurtlaryň hataryna goşulmagy, şäherdir obalarymyzyň özgerdilmegi, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülmegi ata Watanymyzyň gazanan bu beýik üstünliklerine we ýeňişlerine buýsanç duýgularyny döredýär.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ykdysadyýetimiziň çalt ösýän we geljegi uly pudaklary bolan ulag hem-de aragatnaşyk ulgamlaryny kämilleşdirmäge hem aýratyn üns berilýär. Häzirki döwürde gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugurlary amala aşyrylýan ulag-logistika strategiýasynyň esasynda goýuldy. Bu ulgamlara dünýä ylmynyň gazanan üstünliklerini we häzirki döwrüň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak esasynda demir ýol, awtomobil, howa, deňiz hem-de derýa üpjünçilik desgalarynyň düýpli durky täzelenýär. Dünýä belli kompaniýalaryň öndürýän ýolagçy awtobuslary, ýeňil we ýük awtoulaglary yzygiderli satyn alynýar.

Bu strategiýanyň durmuşa geçirilmegi Ýewraziýa ulag ulgamyna ýurdumyzyň işjeň goşulmagyna ýardam berýär. Garaşsyz Watanymyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bäsdeşlige ukyply ulag üpjünçilik ulgamyny emele getirmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistan Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag gatnawlarynyň taslamasyny amala aşyrmak bilen, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli), Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, TRASEKA halkara ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşýar.

Siziň bilşiňiz ýaly, Hazar deňziniň kenarynda Türkmenbaşy Halkara porty bina edildi. Ony diňe biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň hem «esasy deňiz derwezesi» diýip atlandyryp bolar.

Şu ýyl Akina — Andhoý menzilleriniň arasynda 30 kilometrlik demir ýol, Kerki — Şibirgan ugry boýunça uzynlygy 153 kilometr bolan elektrik geçiriji, şeýle hem Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary ulanmaga berildi.

Biziň alyp barýan ulag syýasatymyzy dünýä jemgyýetçiligi işjeň goldaýar. Size mälim bolşy ýaly, biziň başlangyçlarymyz we tekliplerimiz esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy dört sany taryhy Rezolýusiýany kabul etdi.

Bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 75-nji maslahatynyň 96-njy umumy mejlisinde “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi 2021-nji ýylyň halkara derejede ykrar edilen ähmiýetli wakasy boldy.

Bu Rezolýusiýanyň kabul edilmegi halkara ulag we logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmekde täze mümkinçilikleri döretmäge, ony ählumumy hem-de sebit derejelerinde berkitmäge ýardam berer. Biziň uzak möhletli halkara strategiýalarymyzy we taslamalarymyzy ýerine ýetirmäge, Birleşen Milletler Guramasynyň 70-nji mejlisinde kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmaga hemaýat eder.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Häzirki döwrüň ylmy-tehniki ösüşine, iň täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanmak bilen, biz ylym-bilimi, medeniýeti ösdürmekde baý tejribe topladyk.

Ruhy taýdan ösen, beden taýdan sagdyn, giň gözýetimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge hem uly üns berilýär. Öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda nesillerimiz üçin häzirki zaman bilimlerini ele almakda, ylym we döredijilik bilen meşgullanmakda giň mümkinçilikler döredilýär. Okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslary kämilleşdirilýär, milli maksatnamalar we konsepsiýalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen birlikde, jemgyýetimizi birleşdirýän we ruhlandyryjy güýç bolan milli medeniýetimizi ösdürmäge hem-de wagyz etmäge aýratyn üns berilýär.

Häzirki zaman teatrlary, kitaphanalarydyr muzeýleri, medeniýet öýleri milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň depginli ösýändiginiň aýdyň şaýadydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçen zamanlaryň ruhy aýratynlygyny, beýik ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyny özünde jemleýän milli mirasymyzy hem-de medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy dikeltmek, gorap saklamak we öwrenmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar.

Bu bolsa halkymyzyň taryhy-medeni mirasyna aýawly garalýandygyna şaýatlyk edýär. Geçmişden geljege geçirilýän gymmatlyk hökmünde döwürleriň arabaglanyşygyny beýan edip, nesilleri birleşdirýär.

Sebäbi medeniýet halkyň kalbydyr.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, jemgyýetde sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalaryny emele getirmek, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty has-da işjeňleşdirmek boýunça uly işler geçirilýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzda birnäçe howply ýokanç keseller ýok edildi. Bu ugurda gazanylan üstünlikler üçin halkara güwänamalar we tassyknamalar berildi.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyzda häzirki zaman hassahanalary we ylmy-kliniki merkezler, Olimpiýa şäherçesi, köpugurly sport toplumlary, stadionlar, sport meýdançalary guruldy. Sportuň döwrebap üpjünçilik ulgamlary döredildi.

Biziň ýurdumyz Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolmak bilen, halkara Olimpiýa hereketiniň ösüşine mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyzda Aziada — 2017, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça estafetalar we köpçülikleýin welosiped ýaryşlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýaly sport ýaryşlary ýokary derejede geçirildi.

Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda türkmen sportunyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medaly gazanyldy. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara giňişlikde sport abraýynyň belende galýandygyna şaýatlyk edýän örän ýokary sport üstünliginiň nyşanyna öwrüldi.

Biz türgenlerimiziň mundan beýläk-de halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýurdumyzyň sport abraýyny mynasyp gorajakdyklaryna, watansöýüjiligiň we sport ussatlygynyň aýdyň mysallaryny görkezjekdiklerine berk ynanýarys.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejileriniň çalt depginler bilen artmagy ýurdumyzyň maýa goýum işjeňligine oňyn täsirini ýetirýär. Soňky ýyllaryň dowamynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi yzygiderli ýokarlanýar. Döwlet býujetiniň serişdeleriniň köp bölegi jemgyýetçilik we durmuş hyzmatlaryny goldamaga gönükdirilýär.

Welaýatlarda köp möçberde maliýe serişdeleri obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça işleri amala aşyrmak üçin sarp edilýär.

Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň uly bölegi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge, şol sanda saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, jemagat hojalygy ulgamlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilýär. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň, nyrh syýasatynyň oýlanyşykly alnyp barylmagynyň, hususy başlangyçlara goldaw berilmeginiň, goşmaça durmuş ýeňillikleriniň berilmeginiň hasabyna, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýokary netijeler gazanyldy.

Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça wezipeler kesgitlendi. Şol wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde biz häzirki we geljekki nesilleriň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, durnukly ösüşe geçmek boýunça zerur işleri amala aşyrýarys. Ilatymyzy elýeterli, ýokary hilli lukmançylyk we bilim hyzmatlary bilen üpjün etmegi başardyk. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň täsirini azaltmak boýunça hem zerur çäreler görüldi.

Garaşsyz döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, jemi içerki önümiň jan başyna düşýän möçberi babatda Türkmenistan dünýäde ýokary girdejili ýurtlaryň ortaça derejesine ýetdi. Bu bolsa ýurdumyzda amala aşyrylýan pul-karz, salgyt-býujet, nyrh emele getiriş, maýa goýum syýasatynyň netijelidiginiň aýdyň görkezijisidir. Bu üstünliklerimizi Halkara Pul gaznasy, Bütindünýä banky we beýleki abraýly halkara guramalar tassyklaýar.

Milli önüm, jemi içerki önüm, jemgyýetçilik önümçiliginiň möçberi, maýa goýumlar, pul dolanyşygynyň umumy möçberi ýaly makroykdysady görkezijiler ýokary derejede durnukly saklanýar.Bulardan başga-da, ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklaryny tehniki taýdan üpjün etmäge, düzümleri döwrebap ýagdaýa getirmäge, durmuş-ykdysady maksatnamalary we iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilýän serişdeleriň möçberleri hem ep-esli artdyryldy.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ykdysady özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzda ösen önümçilik düzümi, köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamy bolan, esasy zat bolsa, adam maýasy bilen ýokary derejede üpjün edilen milli ykdysadyýetiň döredilendigini häzir biz ynamly aýdyp bileris.

Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, döwletara we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, daşary ykdysady mümkinçilikleri ýokarlandyrmagyň, maýa goýum işini has-da işjeňleşdirmegiň hasabyna, biz ýurdumyzyň dünýä ykdysady ulgamyna gatnaşmagynyň derejesini barha ýokarlandyrýarys.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, biz ählumumy ykdysady çökgünligiň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini azaltmak boýunça uly işleri dowam etdirýäris. Býujet ulgamynyň durnukly bolmagyny gazanmak, döwletiň çykdajylar boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmegini netijeli dolandyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda zerur işleri amala aşyrýarys.

Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem gowrak bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şäher we oba ýerleriniň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ulag-logistika üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Aşgabatda täze iri ýaşaýyş toplumlarynyň, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň, şeýle hem ýurdumyzyň dürli sebitlerinde häzirki zaman obalarynyňdyr şäherçeleriniň gurluşygy ýokary depginlerde dowam edýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli 30 desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulypdy. Ýöne, mähriban halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde, ýanwar — sentýabr aýlarynda 56 sany iri desga, şol sanda umumy meýdany 509 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi.

Ýylyň ahyryna çenli ýene-de 14 sany iri desgany we ýaşaýyş jaý toplumlarynyň birnäçesini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Şu ýylyň 8 aýynyň jemleri boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň möçberi 6,2 göterim artdy. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da berkeýändiginiň we öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Biziň ýurdumyza Bütindünýä Söwda Guramasynyň synçysynyň derejesiniň berilmegi söwdany we telekeçiligi ösdürmekde möhüm ädim boldy. Bu bolsa milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, goşmaça iş orunlaryny döretmek, ähli pudaklaryň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

«Fitch Ratings» halkara agentligi biziň ýurdumyza «B+durnukly» derejäni berdi. Şeýle derejäniň alynmagy ykdysadyýetimiziň depginli ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ýöne biz gazanylan üstünlikler bilen birjik-de çäklenmeli däldiris. Geljekde hem başlan özgertmeler syýasatymyzy dowam etmegi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürmegi baş maksadymyz hasaplaýarys.

Häzirki döwürde biziň öňümizde oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmegi gowulandyrmak, ýer-suw serişdelerini tygşytly we oýlanyşykly ulanmak, daşky gurşawy goramak ýaly örän giň möçberli wezipeler durýar. Biz milli ykdysadyýetiň häzirki ösüş şertlerinde öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmalydyrys. Täze ykdysady gatnaşyklary emele getirmelidiris. Hususan-da, oba hojalyk pudagynda özgertmeleri durmuşa geçirmäge telekeçileri giňden çekmelidiris. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamalydyrys.

Oba ilatynyň ýaşaýşynyň durmuş-ykdysady derejesini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görmelidiris.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bizden ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda özgertmeleriň täze tapgyryny geçirmegi hem talap edýär. Biz ylmy, bilim we medeni diplomatiýa döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde garaýarys. Sebäbi bilim we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni gymmatlyklary wagyz etmek ylmy, bilim we medeni diplomatiýanyň möhüm guraly bolup durýar.

«Dizaýn» ugrundan Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girizmek, Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny, Türkmen alabaý itlerini ýetişdirmegiň milli tejribesini, Türkmen keçe we demirçilik senedini, Türkmen tazysy we elguşçylyk sungatyny, Türkmen milli göreşini Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak zerurdyr.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň şanly 300 ýyllygyny ÝUNESKO-nyň derejesinde bellenýän şanly seneleriň sanawyna goşmak, ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek, ÝUNESKO-nyň Mekdepler birleşigine ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birnäçesini girizmek biziň öňümizde durýan möhüm wezipelerdir.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň hem-de Mejlisiniň deputatlarynyň ähli tagallalary döwlet bilen jemgyýeti, her bir şahsyýeti sazlaşykly ösdürmegi we olaryň bähbitleriniň deň bolmagyny üpjün etmegi, ýurduň hukuk ulgamyny berkitmegi hem-de kämilleşdirmegi, halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýan kanunlary işläp taýýarlamaga gönükdirilmelidir.

Parlament diplomatiýasyny giňeltmek, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary, Parlamentara Birleşik, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy, beýleki iri halkara parlament assambleýalary bilen parlament diplomatiýasyny giňeltmek zerur bolup durýar.

Biziň ýurdumyz ägirt uly serişde gorlaryna eýedir. Şoňa görä-de, çig maly gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmaly. Hereket edýän kärhanalary döwrebap ýagdaýa getirmegi we täzeden enjamlaşdyrmagy üpjün etmeli. Şol bir wagtda-da ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaly. Häzirki zaman kärhanalarynda işlemek üçin olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaly. Bu bolsa täze iş orunlaryny döretmäge we daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem zerur bolup durýar. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň strategik taýdan möhüm pudaklaryna, şol sanda nebitgaz we himiýa pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmeli. Biz ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini, ykdysady we maýa goýum kuwwatyny ulanmagyň, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we daşary ykdysady mümkinçiliklerimizi artdyrmagyň esasynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek üçin ähli tagallalary etmelidiris.

Durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», şeýle hem beýleki döwlet we pudak maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam ederis.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek üçin bize şu işleri amala aşyrmak zerurdyr:

— ykdysadyýetiň pudaklaryny düýpli diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýokary we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara esaslanýan gaýtadan işleýän önümçilik pudaklaryny ösdürmäge ýardam etmek;

— döwlet emlägini dolandyrmagyň görnüşlerini we usullaryny düýpli gowulandyrmak;

— ylym-bilim edaralarynda milli maýa goýum ulgamyny döretmek, aň-bilim işine gyzyklanmany ýokarlandyrmak, ylmyň we bilimiň gazananlary esasynda tehnologik açyşlary amala aşyrmak arkaly eýeçiligiň dürli görnüşlerini giňeltmek;

— ýurdumyzyň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hasabyna daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak;

— täze iş orunlaryny, şol sanda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynda täze iş orunlaryny döretmek, hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek esasynda ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak;

— ilatyň hakyky pul girdejileriniň yzygiderli artmagyny üpjün etmek, işgärleriň zähmet işjeňligini höweslendirmegiň möhüm serişdesi hökmünde ilatyň esasy girdejileri bolan zähmet haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny gazanmak;

— kömege mätäç adamlara salgylaýyn ýardam bermek, ýeňillikler ulgamyny oýlanyşykly işläp taýýarlamak, durmuş hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak esasynda olaryň durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak;

— ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek üçin ykdysady şertleri döretmek we önümçilikleri höweslendirmek arkaly daşky gurşawyň howpsuzlygyny yzygiderli üpjün etmek.

Eziz watandaşlar!

Biz «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygarymyza esaslanyp, köp çagaly maşgalalaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olara goldaw bermek we höweslendirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmelidiris. Bu işleri kanunçylyk esasynda berkitmelidiris. Şoňa görä-de, köp çagaly maşgalalara ýeňillikleri bermegi göz öňünde tutýan ilatyň durmuş taýdan goraglylygy hakyndaky kanunçylyga degişli üýtgetmeleri girizmek zerur bolup durýar.

Sebäbi eziz Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň kepili bolan ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde mähriban enelerimiz uly hormata mynasypdyr we möhüm orny eýeleýärler. Şoňa görä-de, men Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneleriň pensiýalarynyň, çaga ideg etmek boýunça döwlet kömek pullarynyň, durmuş kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren eneleriň has ir pensiýa çykmagy bilen baglanyşykly degişli kanunlara täze kadalary girizmek maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin. Şeýle hem çaganyň doglandygy üçin döwlet kömek pullarynyň möçberlerine täzeden seredilse, bäş we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren zenanlara berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberi artdyrylsa, köp çagaly maşgalalaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam eder.

Hormatly adamlar!

Biz bu ugurdaky işleri dowam ederis we geljek ýylda hem zähmet haklarynyň, talyp haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň möçberlerini artdyrarys.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biz häzirki döwürde dünýä bileleşigi bilen çylşyrymly wezipeleri diňe bilelikdäki tagallalar arkaly çözüp boljakdygyna düşünmekden ugur alyp, dostlukly, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklaryň tarapdary bolup durýarys. Türkmenistan daşary syýasatda özara hormat goýmagyň we deňhukuklylygyň ynsanperwer kadalaryna eýerýär.

Garaşsyz döwletimiz 25 ýyl mundan ozal daşary syýasatda oňyn bitaraplyk ugruny saýlap aldy. Bu ugruň esaslary hökmünde parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ähli ýurtlaryň we halklaryň birek-birege özara hormat goýmak kadalary, olaryň içerki işlerine, dawalara gatyşmazlyk, halkara harby guramalaryň we şertnamalaryň işine gatnaşmazlyk kadalary bellendi.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan ses bermegi netijesinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Biziň döwletimiz ilkinji günlerden başlap, halkara bileleşigiň bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalaryna ýardam edýän, bir maksada gönükdirilen daşary syýasat ýoluny saýlap aldy.

Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyň bütinleý täze, netijeli ýollaryny we ugurlaryny emele getirmekde dünýäniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak babatda gymmatly tejribe toplady.

2007-nji ýylda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. 2015-nji ýylda bu guramanyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi. Her ýylyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.

Biziň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek bilen bagly tekliplerimiz we başlangyçlarymyz dünýä bileleşiginde giň goldaw tapdy. Bularyň ählisi Bitarap döwletimiziň açyk we ygtybarly hyzmatdaşa öwrülendigine aýdyň şaýatlyk edýär.

XVIII asyryň akyldar şahyry Döwletmämmet Azady «Wagzy-Azat» eserinde her bir soragy, hatda iň çylşyrymly soragy hem geňeşmek arkaly çözmegiň zerurdygyny we mümkindigini belleýär. Bu bolsa biziň bitaraplyk nazaryýetimiziň öz köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny aýdyň tassyklaýar.

Biziň halkara borçnamalary we halkara hukugyň kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmäge esaslanýan baş maksatlarymyz geljekde hem ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini parahat durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbitlerine ulanmaga hyzmat eder.

Hormatly adamlar!

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Dünýä giňişliginde milli bähbitleri üpjün etmek maksady bilen, Garaşsyz ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, şeýle hem Aziýa — Ýuwaş umman, Orta we Ýakyn Gündogar sebitleri, ähli kontinentleriň ýurtlary bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary barha berkidýär we ösdürýär. Olar bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň gerimini yzygiderli giňeldýär.

Pandemiýa, howanyň bütin dünýäde maýlamagy, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly dörän kynçylyklar ýurtlaryň arasynda netijeli gatnaşyklary etmekde bökdençlikleri döredýär.Gynansak-da, bu ýagdaýlar köpugurly wezipeleri çözmekde hem, strategik deňligi we durnuklylygy saklamakda hem kynçylyklary ýüze çykarýar.

Şoňa görä-de, häzirki döwürde biz halkara gatnaşyklarda ynanyşmagy dikeltmegi, ygtybarlylygy we özara düşünişmegi üpjün etmegi örän möhüm wezipeler hökmünde kesgitleýäris. Şeýle şertlerde Türkmenistan 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Ýurdumyzyň bu başlangyjy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda biragyzdan goldanyldy.

Eziz watandaşlar!

Mähriban halkym!

Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we Hökümetiniň agzalary!

Meniň iň uly arzuwym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esas goýujy kadalaryny kämilleşdirip, ýurdumyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp gitmekdir.

Dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda mynasyp orny eýelemek üçin biziň tagallalarymyzyň we hereketlerimiziň ygtybarly çeşmesi Garaşsyzlygymyzy we Bitaraplygymyzy berkitmek babatda biziň öňde goýan beýik maksatlarymyzdyr.

Ýurdumyzyň Garaşsyz ösüşiniň örän möhüm, jogapkärli tapgyrynda — täze onýyllykda biz bu ugurda alyp barýan işlerimizi üstünlikli dowam ederis.

Nesip bolsa, biz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerine, ägirt uly serişdelerine hem-de adam mümkinçiliklerine esaslanyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň birine öwreris.

Ýaşasyn Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana halkymyza ylham-joşgun berýän, döredijilikli zähmete ruhlandyrýan bagtyýar durmuşymyz!

Ýaşasyn Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz!

Mähriban halkym!

Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!

Soňky habarlar
19.04
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza ýurtlarynyň demir ýol ulaglary edaralarynyň Baş direktorlarynyň (jogapkär wekilleriniň) Maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow