Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
Çap edildi 25.09.2021
4146

Şu gün paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilip, ol döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrüldi. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilýän maslahatyň gün tertibine özbaşdaklyk ýyllary içinde gazanylan netijeleri jemlemek, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň baş maksady eziz Diýarymyzy ösdürmek hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek bolup durýar.

Häzirki döwürde şöhratly ata-babalarymyzyň wesýet eden milli halk häkimiýetlilik ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ata Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmelere hil taýdan täze itergi berildi. Ýurdumyzda iki palataly parlamentiň — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Onuň düzümine Halk Maslahaty we Mejlis girdi. Bu waka ýurdumyzyň parlamentiniň taryhynda täze sahypany açdy. Şu ýylyň martynda geçirilen Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen demokratik gymmatlyklaryna ygrarlydygyny görkezdi.

Halk Maslahatynyň mejlisine Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiniň deputatlary, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň bäş welaýatynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, talyp ýaşlar bar.

Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgüne geldi. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy dowamly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine ynamly gadam urýar.

Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, 2021-nji ýyl ýurdumyz üçin ähmiýetli bolan ýyl hökmünde taryha girer diýip belledi. Häzir biz ähli halkymyz bilen bilelikde, agzybirlikde we bitewülikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny giňden we dabaraly belleýäris. Ata Watanymyz şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýini ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Garaşsyz ýurdumyzda dabaraly bellenýän her bir şanly sene ata Watanymyza bolan buýsanç duýgulary bilen kalbymyzy joşduryp, berkarar döwletimizi ösüşiň täze sepgitlerine ruhlandyrýan özboluşly itergi beriji güýç bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Ýurdumyzda bu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Gysga taryhy döwrüň içinde biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň berk esasy döredildi. Halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda uly öwrülişik bolup geçdi. Düýpli täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Biziň döwlet Garaşsyzlygymyz ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlaryny hasyl etmäge mümkinçilik berdi diýip, milli Liderimiz belledi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny dabaraly baýram etmek maksady bilen, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giň möçberli çäreler geçirildi. Bu çäreler Garaşsyzlyk ýyllarynda eziz Diýarymyzyň durmuşynda bolup geçen özgertmeleriň taryhy ähmiýetini, ýurdumyzyň gazanan halkara abraýyny dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezmäge mümkinçilik berdi.

Şanly sene mynasybetli geçirilen çäreler mähriban halkymyza Garaşsyzlyk, öz ýurduňa, topragyňa, onuň ýerasty we ýerüsti baýlyklaryna, olaryň netijelerini görmek bagtyna eýe bolmak hakyndaky mukaddes düşünje barada has düýpli oýlanmaga ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak islegini artdyrar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiniň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň agzalarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň, ähli pudaklarda işleýän müňlerçe hünärmenleriň ýylyň dowamynda bu ugurda uly jemgyýetçilik-syýasy hem-de düşündiriş işlerini geçirendigini bellemek isleýärin diýip belledi.

Bu çäreler türkmen jemgyýetiniň häzirki döwürde gazanan ösüş derejesi barada oýlanmakda we oňa baha bermekde möhümdir. Bu üstünlikleri adamlara, aýratyn-da, ýaşlara ýetirmekde, häzirki taryhy döwrüň hakykatyny açyp görkezip, halkymyzda Garaşsyz Watanymyza buýsanç duýgusyny terbiýelemekde we ösdürmekde uly ähmiýete eýedir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärelerde we duşuşyklarda eziz Diýarymyzyň hakyky keşbi, merdana halkymyzyň erkin we bagtyýar durmuşy, egsilmez maddy hem-de ruhy mümkinçilikleri, synmaz erki açylyp görkezildi.

Şu gün Halk Maslahatynyň mejlisinde dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan çykyşlar diňleniler, Garaşsyzlyk ýyllarynda hemişelik Bitarap Watanymyzyň gazanan taryhy üstünlikleriniň jemleri jemleniler we geçen ösüş ýoly seljeriler. Geljek üçin maksatlar we wezipeler, ileri tutulýan ugurlar kesgitlener. Şeýle hem döwlet sylaglaryna mynasyp bolan raýatlarymyzy sylaglarys we olara hormatly atlary dakarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik kadalaryna eýerýän türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşyny şöhratlandyrýan Halk Maslahatynyň şu günki mejlisi biziň her birimizi täze ýeňişlere hem-de zähmet üstünliklerine ruhlandyrsyn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik baýramy — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, Halk Maslahatynyň mejlisini açyk diýip yglan etdi.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Bu ýere ýygnananlar Senanyň sözlerini uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirýärler.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylaryň öňünde uly maksatnamalaýyn çykyş etdi.

Milli Liderimiz ýygnananlara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýyl bolan 2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda biz ýurdumyzyň baş baýramyny, eziz Diýarymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýini aýratyn buýsanç bilen garşylaýarys diýip belledi. Bu sene Garaşsyz ýurdumyzyň hem-de agzybir halkymyzyň abraý-mertebesini we şan-şöhratyny arşa göterýän, biziň her birimizi täze, has belent maksatlara galkyndyrýan şanly wakadyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mundan 30 ýyl ozal — 1991-nji ýylyň güýzünde biziň Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň döredilendigini hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilendigini belläp, mejlise gatnaşyjylara we ýurdumyzyň merdana halkyna berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.

Ata Watanymyzyň täze taryhy, biziň gazanan üstünliklerimizdir ösüşlerimiz milli Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. Özbaşdaklyk zamanynyň her bir güni, her aýy we ýyly, her onýyllygy örän möhüm syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik wakalaryndan doly boldy. Siziň köpiňiz bu wakalaryň janly şaýady bolduňyz, şol wakalara işjeň gatnaşdyňyz diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Türkmenistan beýik Garaşsyzlygynyň gysga taryhy döwründe bütin dünýäde belent at-abraýa we mertebä eýe bolan özbaşdak döwlete öwrüldi diýip, milli Liderimiz nygtady. Garaşsyzlyk merdana ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak hakyndaky arzuw-isleglerini amala aşyrmak üçin bize şert döretdi. Şu döwürde biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň berk esaslary goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkymyzyň aňynda, medeni we ruhy durmuşynda uly özgerişler bolup geçdi, düýbünden täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Biziň döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan we nesillerden-nesillere geçirip gelýän maddy we ruhy gymmatlyklaryny, belent ynsanperwer däplerini gaýtaryp berdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlarda, şol sanda daşary syýasatda, senagatda, innowasion hem-de durmuş ösüşinde uly üstünlikler gazanyldy. Demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakda biz şol milli tejribämize, şeýle hem ösen döwletleriň tejribesine daýandyk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biz Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny yglan edip, ýönekeý bolmadyk iň kynçylykly döwürde döwletimize ýolbaşçylyk eden ýurdumyzyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Ataýewiç Nyýazowyň hatyrasyny belent tutýarys. Onuň ýolbaşçylygynda merdana halkymyzyň ägirt uly özgertmeleri amala aşyrandygyny hemişe ýatlarys diýip, milli Liderimiz belledi.

Şol döwürde döwlet gurluşyny düzgünleşdirýän, dünýä we milli demokratik tejribesine, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynadyr düzgünlerine laýyk gelýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Türkmen halkynyň taryhynyň, medeni-ruhy mirasynyň özboluşly beýany hökmünde döwlet nyşanlarymyz bolan Döwlet baýdagymyz, Döwlet tugramyz we Döwlet senamyz döredildi.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasy esasynda döwletiň we jemgyýetiň, her bir şahsyýetiň bähbitlerini düzgünleşdirmäge hem-de deňligini üpjün etmäge gönükdirilen kanunlar işlenip düzüldi. Harby, hukuk goraýjy we milli howpsuzlyk edaralary düýpli özgerdildi. Türkmenistanyň milli goşuny, şol sanda Guryýer goşunlary, Harby-howa we Harby-deňiz güýçleri, Serhet goşunlary döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem ýurdumyzda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli puluň dolanyşyga girizilendigini belledi.

Soňra milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz döwletimiziň Konstitusiýasynda Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr diýlip beýan edilýär. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridigi nygtalýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda her bir adamyň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki raýatlyk hukuklaryny hem-de azatlyklaryny amala aşyrmak, döwletiň we jemgyýetiň demokratik kadalaryny hem-de hukuk esaslaryny berkitmek döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Şeýle hem ýurdumyzyň Konstitusiýasynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň, Adam hukuklary baradaky ählumumy Jarnamanyň maksatlaryna we kadalaryna ygrarlydygy tassyklanýar. Şu maksat bilen, ýurdumyzda Adam hukuklary boýunça milli meýilnama kabul edildi. Bu meýilnama adam hukuklaryny berjaý etmegiň köp ugurlydygyny göz öňünde tutýar hem-de geljekde kämilleşdirmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyklykda, zenanlar bilen erkekler üçin deň hukuklary üpjün etmek düzgüni hem biziň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistanyň Garaşsyz döwlet hökmünde ykrar edilmegi, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny özbaşdak kesgitlemek üçin amatly şertleri döretdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Merdana ata-babalarymyzyň jemgyýetimizi birleşdirýän milli döwleti döretmek baradaky arzuwlaryny goldanyp, täze demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmak, täze raýat jemgyýetini döretmek, ýurdumyzy dünýäniň durnukly ösýän döwletleriniň birine öwürmek boýunça tapgyrlaýyn işler amala aşyryldy.

Geçen döwürde raýatlarymyzyň durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmak, bäsleşige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek boýunça hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi göz öňünde tutýan maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Bu işler häzirki döwürde hem netijeli dowam edýär.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlarynyň möçberiniň 200 milliard amerikan dollaryndan hem geçendigini belledi. Bu serişdeleriň 60 göterimden hem köpüsi senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirildi. Daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy onuň umumy möçberiniň 15 göterimine golaýlaýar. «Adam maýasyna», ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryna hem köp serişdeler goýberildi. Häzirki döwürde Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň maliýe taýdan durnukly ösüşi saklanýar.

Ýurdumyzyň nebitgaz gorlary hojalyk pudaklaryny durnukly ösdürmek üçin zerur bolan düýpli maýa goýumlaryny toplamakda aýratyn orny eýeläp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly daýanjyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz uglewodorod serişdeleriniň dünýä ähmiýetli gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň ägirt uly energiýa mümkinçiliklerini öz halkynyň we bütin adamzadyň bähbidine netijeli peýdalanmaga jogapkärli çemeleşip, bu ugurda anyk, yzygiderli ädimleri ädýändigini belledi.

Tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek «mawy ýangyjyň» gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň möhüm maksatlaryndan biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen biragyzdan kabul eden Rezolýusiýasy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmagyň hem uly geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti bardyr. Türkmen tebigy gazynyň täze energetika köprüsi Günorta Aziýanyň uly ýurtlaryna ony uzak möhletleýin ibermegi üpjün edip, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer. Sebitde işewür hyzmatdaşlygy, parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrar.

Energetika senagaty hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolup durýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda täze kuwwatly elektrik stansiýalaryny gurup, ulanmaga bermek, hereket edýän gazturbinaly elektrik stansiýalaryny döwrebap ýagdaýa getirmek hem-de olaryň täzelerini gurmak boýunça depginli işler alnyp barylýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda halkalaýyn energetika ulgamy döredildi. Häzirki zaman energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary peýdalanmak esasynda elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi has-da gowulandyrmak, ýerli tebigy-howa şertlerini nazara alyp, Gün we ýel energiýasyny almak bilen bagly taslamalary amala aşyrmak boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Mary welaýatynda Merkezi Aziýada iň uly ýokary tehnologiýaly elektrik stansiýasy guruldy. Döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli bolsa, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwaty 432 megawat bolan gazturbinaly täze elektrik stansiýasy ulanmaga berildi. Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda Gün we ýel elektrik energiýasyny öndürýän stansiýany gurmak hem göz öňünde tutulýar. Bu işleriň ählisi ata Watanymyzy elektrik energiýasy bilen özüni doly üpjün edýän we ony daşary ýurtlara hem ibermäge örän uly mümkinçiligi bolan döwlete öwürýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda oba hojalyk pudagy hem yzygiderli ösüşe eýe boldy. Ýurdumyzyň agrosenagat toplumyny döwlet tarapyndan goldamagyň bütewi ulgamyna laýyklykda, her ýyl bu pudaga köp möçberde maýa goýumlary goýulýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şeýle hem ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň hasylyny ýokarlandyrmak, seleksiýany we tohumçylygy ylmy esasda ösdürmek, oba hojalygyna has tygşytly tehnologiýalary, iň öňdebaryjy ylmy-tehniki usullary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman galla we maldarçylyk toplumlary, ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar guruldy. Dünýäniň öňdebaryjy firmalarynyň ýokary öndürijilikli, döwrebap oba hojalyk tehnikalary, däne hem-de pagta ýygýan kombaýnlary yzygiderli satyn alynýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenabat şäherindäki himiýa kärhanasynda, «Tejenkarbamid», «Marykarbamid» we «Garabogazkarbamid» zawodlarynda, «Balkanabat» hem-de «Bereket» ýod kärhanalarynda, «Maryazot» we «Garabogazsulfat» önümçilik birleşiklerinde ýokary hilli mineral dökünler we himiýa önümleri öndürilýär. Munuň özi zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, gallanyň we gowaçanyň, şalynyňdyr gant şugundyrynyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmäge, azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam berýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ak bugdaýyň ýurdy bolan Garaşsyz döwletimizde şu ýyl gallaçylarymyzyň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan hem köp däne tabşyrandygyny kanagatlanma bilen belledi. Bu ajaýyp netije zähmetsöýer daýhanlarymyzyň Garaşsyz Watanymyzyň şanly baýramyna mynasyp sowgadydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde we bol hasyl almakda ýaşaýşyň çeşmesi bolan suwa hemişe aýratyn orun degişlidir. Gadymy türkmen topragy suwarymly ekerançylygyň ilkinji mekanlarynyň biri bolupdyr. Ata-babalarymyz bol hasyl berýän bereketli toprakda ýaşamak bilen, ýeri işläp bejermegiň, suwa sarpa goýmagyň we ony tygşytly ulanmagyň nusgalyk usullaryny bize miras galdyrypdyr. Suw damjasyny altyn dänesine deňäp, dag jülgelerinden gözbaş alýan çeşmeleriň, ýaplaryňdyr akabalaryň suwuny tygşytly ulanypdyr.

Şoňa görä-de, halkymyz «Suw damjasy — altyn dänesi», «Daýhanyň hazynasy — ýer, suw», «Suwly ýer — gül, suwsuz ýer — çöl» ýaly, suw bilen bagly köp sanly nakyllary döredipdir. Biziň günlerimizde hem, ata-babalarymyzyň parasatly däplerine eýerip, suwy tygşytly we netijeli ulanmak döwlet syýasatymyzyň örän möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şu maksat bilen, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Suw hojalyk desgalarydyr ulgamlary gurlanda, ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň häzirki zaman usullary ulanylýar.

Biz Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup, zeý suwlaryny toplaýan «Altyn asyr» Türkmen kölüni gurup, ýurdumyzda daşky gurşawa aýawly garamak boýunça möhüm işleriň amala aşyrylýandygyny bütin dünýä görkezdik. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda göwrümi 18 million kub metr bolan howdany ulanmaga berdik, Bu taslamanyň amala aşyrylmagy suw serişdelerini aýawly ulanmakda we oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almakda ýene-de bir möhüm ädim boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Daşky gurşawyň arassalygyny we baýlygyny gorap saklamak, tebigy serişdelere aýawly garamak we olary tygşytly ulanmak, önümçilige ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarydyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak boýunça işleri amala aşyryp, biziň ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm ekologiýa we suw meselelerini çözmekde abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda çykyş edýär.

Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Aşgabatda sebit merkezini açmak, Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny we Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky biziň tekliplerimiz dünýäde giň goldaw tapdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda hem Türkmenistan howanyň üýtgemegine getirýän ýaramaz täsirleri azaltmak we oňa uýgunlaşmak maksady bilen, sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça teklipleri öňe sürdi. Ýurdumyz çölleşmä garşy göreşmek, suw we energetika serişdelerini aýawly ulanmak, daşky gurşawy goramak, serişde tygşytlaýjy hem-de «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmaga, şol sanda dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge gönükdirilen taslamalarydyr maksatnamalary taýýarlamak baradaky başlangyçlar bilen çykyş etdi.

«Türkmenistanyň Aral boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň», «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň» rejelenen görnüşiniň, «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň we sebitiň ekologik abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň esasy bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

«Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki» diýlişi ýaly, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza eýerip, her ýyl ýurdumyzda millionlarça düýp bag nahallaryny ekmek indi asylly däbe öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň hormatyna geçen ýyl Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde we welaýatlarda 25 million düýp miweli, saýaly, pürli baglar hem-de üzüm ekilen bolsa, bu ýyl Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ilkinji gezek 30 million düýp nahal oturtmak göz öňünde tutulýar.

Soňra milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz Diýarymyzyň önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga, beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmäge, ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmäge, iş orunlaryny artdyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça-da uly işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen, ýurdumyzda köp sanly häzirki zaman tehnologiýaly kärhanalardyr zawodlar gurlup ulanmaga berildi. Diňe soňky döwürde Mary we Garabogaz karbamid zawodlary, Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod we «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy bina edildi. Bu kärhanalaryň önümleri ýurdumyza daşary ýurt pulunda goşmaça girdejileri getirýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzdaky 80-den gowrak iri dokma kärhanasynda dürli nah we garyşyk ýüplük taýýarlanýar. Dünýä bazarlarynda uly isleg döredýän tüýjümek, jins we örme matalar, köp görnüşli taýýar eginbaşlardyr el halylary öndürilýär. Ýaňy-ýakynda hem Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda täze dokma toplumy işe girizildi we Babadaýhan etrabynda-da ýene bir dokma toplumyny ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Häzirki döwür täze garaýyşlarydyr innowasion önümçilikleri döretmegi talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary tehnologiýalara we düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Biz milli ykdysadyýetimiziň täze, depginli ösýän ugruna öwrülen elektron senagaty döredýäris. Häzirki döwürde ýurdumyzda smart-telewizorlar, noutbuklar, planşetler, monobloklar, sensorly ekrany bolan kompýuterler, çek-printerler, skanerler we beýleki görnüşdäki elektron önümler öndürilýär.

Bu ugurda biz ylmy-barlag edaralary we ýokary okuw mekdepleriniň ylmy merkezleri, elektron aragatnaşygyň önümçilik kärhanalary bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyny geljekki ösüşiň esasy şertlerinden biri hasaplaýarys. Senagat we awtomobil elektronikasyny, lukmançylyk hem-de kompýuter tehnikasyny, elektron we beýleki harytlary öndürmek, şeýle hem täze kärhanalary döretmek zerur diýip pikir edýäris.

Telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi size gowy mälimdir. Häzirki döwürde kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin has amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde, azyk bolçulygyny döretmekde, senagat kärhanalarydyr söwda merkezlerini, häzirki zaman obalaryny gurmakda hususy pudaga uly orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bäsdeşlige ukyply, import harytlarynyň ornuny tutýan, eksporta niýetlenen ýokary hilli önümleri öndürýän, Türkmenabat — Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýoluny hem-de Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezini gurýan we beýleki iri taslamalary amala aşyrýan hususy kärhanalaryň alyp barýan işlerini aýratyn belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy baradaky alada biziň döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 43 milliard 800 million manat gönükdirildi we özleşdirildi. Häzirki döwürde ýurdumyzda 91 hassahana, 153 saglyk öýi we merkezi, 85 medeniýet öýi, 370 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 529 orta mekdep, 117 sport mekdebi, 86 sany sport desgasy, 7 müň kilometre golaý awtomobil ýollary guruldy. Bulardan başga-da, umumy meýdany 42 million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi, köp sanly beýleki durmuş maksatly taslamalar amala aşyryldy.

Täze önümçilik we durmuş maksatly desgalary, awtomobil hem-de demir ýollary, köprüleri gurmagyň halkara we milli taslamalary üstünlikli amala aşyryldy. Şol desgalaryň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny, Türkmenistan — Hytaý, Türkmenistan — Eýran, Gündogar — Günbatar gaz geçirijilerini bellemek bolar. Şonuň ýaly-da transmilli Demirgazyk — Günorta, şeýle hem Serhetabat — Turgundy demir ýollaryny, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprülerini, Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat, Kerki Halkara howa menzillerini, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny mysal getirmek bolar. Bu Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan ägirt uly işleriň diňe bir bölegidir.

Ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi, döwletimiziň älem giňişligini özleşdirýän ýurtlaryň hataryna goşulmagy, şäherdir obalarymyzyň özgerdilmegi, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülmegi ata Watanymyzyň gazanan bu beýik üstünliklerine we ýeňişlerine buýsanç duýgularyny döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ykdysadyýetimiziň çalt ösýän we geljegi uly pudaklary bolan ulag hem-de aragatnaşyk ulgamlaryny kämilleşdirmäge hem aýratyn üns berilýär. Häzirki döwürde gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugurlary amala aşyrylýan ulag-logistika strategiýasynyň esasynda goýuldy. Bu ulgamlara dünýä ylmynyň gazanan üstünliklerini we häzirki döwrüň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak esasynda demir ýol, awtomobil, howa, deňiz hem-de derýa üpjünçilik desgalarynyň düýpli durky täzelenýär. Dünýä belli kompaniýalaryň öndürýän ýolagçy awtobuslary, ýeňil we ýük awtoulaglary yzygiderli satyn alynýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Bu strategiýanyň durmuşa geçirilmegi Ýewraziýa ulag ulgamyna ýurdumyzyň işjeň goşulmagyna ýardam berýär. Garaşsyz Watanymyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bäsdeşlige ukyply ulag üpjünçilik ulgamyny emele getirmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistan Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag gatnawlarynyň taslamasyny amala aşyrmak bilen, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli), Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, TRASEKA halkara ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşýar.

Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň kenarynda Türkmenbaşy Halkara porty bina edildi. Ony diňe biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň hem «esasy deňiz derwezesi» diýip atlandyryp bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şu ýyl Akina — Andhoý menzilleriniň arasynda 30 kilometrlik demir ýol, Kerki — Şibirgan ugry boýunça uzynlygy 153 kilometr bolan elektrik geçiriji, şeýle hem Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary ulanmaga berildi.

Biziň alyp barýan ulag syýasatymyzy dünýä jemgyýetçiligi işjeň goldaýar diýip, milli Liderimiz nygtady. Biziň başlangyçlarymyz we tekliplerimiz esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy dört sany taryhy Rezolýusiýany kabul etdi.

Bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 75-nji maslahatynyň 96-njy umumy mejlisinde “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi 2021-nji ýylyň halkara derejede ykrar edilen ähmiýetli wakasy boldy.

Bu Rezolýusiýanyň kabul edilmegi halkara ulag we logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmekde täze mümkinçilikleri döretmäge, ony ählumumy hem-de sebit derejelerinde berkitmäge ýardam berer. Biziň uzak möhletli halkara strategiýalarymyzy we taslamalarymyzy ýerine ýetirmäge, Birleşen Milletler Guramasynyň 70-nji mejlisinde kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmaga hemaýat eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Häzirki döwrüň ylmy-tehniki ösüşine, iň täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanmak bilen, biz ylym-bilimi, medeniýeti ösdürmekde baý tejribe topladyk diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Ruhy taýdan ösen, beden taýdan sagdyn, giň gözýetimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge hem uly üns berilýär. Öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda nesillerimiz üçin häzirki zaman bilimlerini ele almakda, ylym we döredijilik bilen meşgullanmakda giň mümkinçilikler döredilýär. Okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslary kämilleşdirilýär, milli maksatnamalar we konsepsiýalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen birlikde, jemgyýetimizi birleşdirýän we ruhlandyryjy güýç bolan milli medeniýetimizi ösdürmäge hem-de wagyz etmäge aýratyn üns berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Häzirki zaman teatrlary, kitaphanalarydyr muzeýleri, medeniýet öýleri milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň depginli ösýändiginiň aýdyň şaýadydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçen zamanlaryň ruhy aýratynlygyny, beýik ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyny özünde jemleýän milli mirasymyzy hem-de medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy dikeltmek, gorap saklamak we öwrenmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa halkymyzyň taryhy-medeni mirasyna aýawly garalýandygyna şaýatlyk edýär. Geçmişden geljege geçirilýän gymmatlyk hökmünde döwürleriň arabaglanyşygyny beýan edip, nesilleri birleşdirýär. Sebäbi medeniýet halkyň kalbydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz jemgyýetde sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalaryny emele getirmegi, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty has-da işjeňleşdirmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, bu ugurda uly işleriň geçirilýändigini belledi. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzda birnäçe howply ýokanç keseller ýok edildi. Bu ugurda gazanylan üstünlikler üçin halkara güwänamalar we tassyknamalar berildi.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyzda häzirki zaman hassahanalary we ylmy-kliniki merkezler, Olimpiýa şäherçesi, köpugurly sport toplumlary, stadionlar, sport meýdançalary guruldy. Sportuň döwrebap üpjünçilik ulgamlary döredildi.

Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolmak bilen, halkara Olimpiýa hereketiniň ösüşine mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyzda Aziada — 2017, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça estafetalar we köpçülikleýin welosiped ýaryşlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýaly sport ýaryşlary ýokary derejede geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda türkmen sportunyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medaly gazanyldy. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara giňişlikde sport abraýynyň belende galýandygyna şaýatlyk edýän örän ýokary sport üstünliginiň nyşanyna öwrüldi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türgenlerimiziň mundan beýläk-de halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýurdumyzyň sport abraýyny mynasyp gorajakdyklaryna, watansöýüjiligiň we sport ussatlygynyň aýdyň mysallaryny görkezjekdiklerine berk ynam bildirdi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejileriniň çalt depginler bilen artmagy ýurdumyzyň maýa goýum işjeňligine oňyn täsirini ýetirýär. Soňky ýyllaryň dowamynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi yzygiderli ýokarlanýar. Onuň serişdeleriniň köp bölegi jemgyýetçilik we durmuş hyzmatlaryny goldamaga gönükdirilýär.

Welaýatlarda köp möçberde maliýe serişdeleri obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça işleri amala aşyrmak üçin sarp edilýär.

Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň uly bölegi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge, şol sanda saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, jemagat hojalygy ulgamlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilýär. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň, nyrh syýasatynyň oýlanyşykly alnyp barylmagynyň, hususy başlangyçlara goldaw berilmeginiň, goşmaça durmuş ýeňillikleriniň berilmeginiň hasabyna, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýokary netijeler gazanyldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça wezipeler kesgitlendi. Şol wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde biz häzirki we geljekki nesilleriň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, durnukly ösüşe geçmek boýunça zerur işleri amala aşyrýarys. Ilatymyzy elýeterli, ýokary hilli lukmançylyk we bilim hyzmatlary bilen üpjün etmegi başardyk. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň täsirini azaltmak boýunça hem zerur çäreler görüldi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Garaşsyz döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, jemi içerki önümiň jan başyna düşýän möçberi babatda Türkmenistan dünýäde ýokary girdejili ýurtlaryň ortaça derejesine ýetdi. Bu bolsa ýurdumyzda amala aşyrylýan pul-karz, salgyt-býujet, nyrh emele getiriş, maýa goýum syýasatynyň netijelidiginiň aýdyň görkezijisidir. Bu üstünliklerimizi Halkara Pul gaznasy, Bütindünýä banky we beýleki abraýly halkara guramalar tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, milli önüm, jemi içerki önüm, jemgyýetçilik önümçiliginiň möçberi, maýa goýumlar, pul dolanyşygynyň umumy möçberi ýaly makroykdysady görkezijiler ýokary derejede durnukly saklanýar. Bulardan başga-da, ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklaryny tehniki taýdan üpjün etmäge, düzümleri döwrebap ýagdaýa getirmäge, durmuş-ykdysady maksatnamalary we iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilýän serişdeleriň möçberleri hem ep-esli artdyryldy.

Ykdysady özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzda ösen önümçilik düzümi, köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamy bolan, esasy zat bolsa, adam maýasy bilen ýokary derejede üpjün edilen milli ykdysadyýetiň döredilendigini häzir biz ynamly aýdyp bileris.

Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, döwletara we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, daşary ykdysady mümkinçilikleri ýokarlandyrmagyň, maýa goýum işini has-da işjeňleşdirmegiň hasabyna, biz ýurdumyzyň dünýä ykdysady ulgamyna gatnaşmagynyň derejesini barha ýokarlandyrýarys.

Dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, biz ählumumy ykdysady çökgünligiň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini azaltmak boýunça uly işleri dowam etdirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Býujet ulgamynyň durnukly bolmagyny gazanmak, döwletiň çykdajylar boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmegini netijeli dolandyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda zerur işleri amala aşyrýarys.

Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem gowrak bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şäher we oba ýerleriniň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ulag-logistika üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Paýtagtymyzda täze iri ýaşaýyş toplumlarynyň, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň, şeýle hem ýurdumyzyň dürli sebitlerinde häzirki zaman obalarynyňdyr şäherçeleriniň gurluşygy ýokary depginlerde dowam edýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli 30 desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulypdy. Ýöne, mähriban halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde, ýanwar — sentýabr aýlarynda 56 sany iri desga, şol sanda umumy meýdany 509 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de 14 sany iri desgany we ýaşaýyş jaý toplumlarynyň birnäçesini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Şu ýylyň 8 aýynyň jemleri boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň möçberi 6,2 göterim artdy. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da berkeýändiginiň we öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenistana Bütindünýä Söwda Guramasynyň synçysynyň derejesiniň berilmegi söwdany we telekeçiligi ösdürmekde möhüm ädim boldy. Bu bolsa, milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, goşmaça iş orunlaryny döretmek, ähli pudaklaryň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. «Fitch Ratings» halkara agentligi biziň ýurdumyza «B+durnukly» derejäni berdi. Şeýle derejäniň alynmagy ykdysadyýetimiziň depginli ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýöne biz gazanylan üstünlikler bilen birjik-de çäklenmeli däldiris. Geljekde hem başlan özgertmeler syýasatymyzy dowam etmegi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürmegi baş maksadymyz hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Häzirki döwürde biziň öňümizde oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmegi gowulandyrmak, ýer-suw serişdelerini tygşytly we oýlanyşykly ulanmak, daşky gurşawy goramak ýaly örän giň möçberli wezipeler durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Biz milli ykdysadyýetiň häzirki ösüş şertlerinde öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmalydyrys. Täze ykdysady gatnaşyklary emele getirmelidiris. Hususan-da, oba hojalyk pudagynda özgertmeleri durmuşa geçirmäge telekeçileri giňden çekmelidiris. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz çykyşyny dowam edip, oba ilatynyň ýaşaýşynyň durmuş-ykdysady derejesini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bizden ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda özgertmeleriň täze tapgyryny geçirmegi hem talap edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ylmy, bilim we medeni diplomatiýa döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde garaýarys. Sebäbi bilim we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni gymmatlyklary wagyz etmek ylmy, bilim we medeni diplomatiýanyň möhüm guraly bolup durýar.

«Dizaýn» ugrundan Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girizmek, Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny, Türkmen alabaý itlerini ýetişdirmegiň milli tejribesini, Türkmen keçe we demirçilik senedini, Türkmen tazysy we elguşçylyk sungatyny, Türkmen milli göreşini Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň şanly 300 ýyllygyny ÝUNESKO-nyň derejesinde bellenýän şanly seneleriň sanawyna goşmak, ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek, ÝUNESKO-nyň Mekdepler birleşigine ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birnäçesini girizmek biziň öňümizde durýan möhüm wezipelerdir.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň hem-de Mejlisiniň deputatlarynyň ähli tagallalary döwlet bilen jemgyýeti, her bir şahsyýeti sazlaşykly ösdürmegi we olaryň bähbitleriniň deň bolmagyny üpjün etmegi, ýurduň hukuk ulgamyny berkitmegi hem-de kämilleşdirmegi, halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýan kanunlary işläp taýýarlamaga gönükdirilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Parlament diplomatiýasyny giňeltmek, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary, Parlamentara Birleşik, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy, beýleki iri halkara parlament assambleýalary bilen parlament diplomatiýasyny giňeltmek zerur bolup durýar.

Biziň ýurdumyz ägirt uly serişde gorlaryna eýedir. Şoňa görä-de, çig maly gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmaly. Hereket edýän kärhanalary döwrebap ýagdaýa getirmegi we täzeden enjamlaşdyrmagy üpjün etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şol bir wagtda-da ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, häzirki zaman kärhanalarynda işlemek üçin olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak möhümdir. Bu bolsa täze iş orunlaryny döretmäge we daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem zerur bolup durýar. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň strategik taýdan möhüm pudaklaryna, şol sanda nebitgaz we himiýa pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek wajypdyr.

Biz ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini, ykdysady we maýa goýum kuwwatyny ulanmagyň, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we daşary ykdysady mümkinçiliklerimizi artdyrmagyň esasynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek üçin ähli tagallalary etmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», şeýle hem beýleki döwlet we pudak maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek möhümdir.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek üçin bize şu işleri amala aşyrmak zerurdyr. Ykdysadyýetiň pudaklaryny düýpli diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýokary we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara esaslanýan gaýtadan işleýän önümçilik pudaklaryny ösdürmäge ýardam etmek, döwlet emlägini dolandyrmagyň görnüşlerini we usullaryny düýpli gowulandyrmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ylym-bilim edaralarynda milli maýa goýum ulgamyny döretmek, aň-bilim işine gyzyklanmany ýokarlandyrmak, ylmyň we bilimiň gazananlary esasynda tehnologik açyşlary amala aşyrmak arkaly eýeçiligiň dürli görnüşlerini giňeltmek zerurdyr.

Ýurdumyzyň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hasabyna daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak möhümdir.

Täze iş orunlaryny, şol sanda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynda täze iş orunlaryny döretmek, hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek esasynda ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak wajypdyr.

Ilatyň hakyky pul girdejileriniň yzygiderli artmagyny üpjün etmek, işgärleriň zähmet işjeňligini höweslendirmegiň möhüm serişdesi hökmünde ilatyň esasy girdejileri bolan zähmet haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny gazanmak, kömege mätäç adamlara salgylaýyn ýardam bermek, ýeňillikler ulgamyny oýlanyşykly işläp taýýarlamak, durmuş hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak esasynda olaryň durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak zerurdyr.

Şeýle hem ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek üçin ykdysady şertleri döretmek we önümçilikleri höweslendirmek arkaly daşky gurşawyň howpsuzlygyny yzygiderli üpjün etmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Biz «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygarymyza esaslanyp, köp çagaly maşgalalaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olara goldaw bermek we höweslendirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmelidiris. Bu işleri kanunçylyk esasynda berkitmelidiris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şoňa görä-de, köp çagaly maşgalalara ýeňillikleri bermegi göz öňünde tutýan ilatyň durmuş taýdan goraglylygy hakyndaky kanunçylyga degişli üýtgetmeleri girizmek zerur bolup durýar.

Sebäbi, eziz Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň kepili bolan ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde mähriban enelerimiz uly hormata mynasypdyr we möhüm orny eýeleýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan eneleriň pensiýalarynyň, çaga ideg etmek boýunça döwlet kömek pullarynyň, durmuş kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren eneleriň has ir pensiýa çykmagy bilen baglanyşykly degişli kanunlara täze kadalary girizmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Şeýle hem çaganyň doglandygy üçin döwlet kömek pullarynyň möçberlerine täzeden seredilse, bäş we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren zenanlara berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberi artdyrylsa, köp çagaly maşgalalaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam eder.

Biz bu ugurdaky işleri dowam ederis we geljek ýylda hem zähmet haklarynyň, talyp haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň möçberlerini artdyrarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýä bileleşigi bilen çylşyrymly wezipeleri diňe bilelikdäki tagallalar arkaly çözüp boljakdygyna düşünmekden ugur alyp, Türkmenistan dostlukly, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklaryň tarapdary bolup durýar. Garaşsyz döwletimiz 25 ýyl mundan ozal, daşary syýasatda oňyn bitaraplyk ugruny saýlap aldy. Bu ugruň esaslary hökmünde parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ähli ýurtlaryň we halklaryň birek-birege özara hormat goýmak kadalary, olaryň içerki işlerine, dawalara gatyşmazlyk, halkara harby guramalaryň we şertnamalaryň işine gatnaşmazlyk kadalary bellendi.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Biziň döwletimiz ilkinji günlerden başlap, halkara bileleşigiň bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalaryna ýardam edýän, bir maksada gönükdirilen daşary syýasat ýoluny saýlap aldy.

Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyň bütinleý täze, netijeli ýollaryny we ugurlaryny emele getirmekde dünýäniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak babatda gymmatly tejribe toplady diýip, milli Liderimiz nygtady.

2007-nji ýylda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. 2015-nji ýylda bu guramanyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi. Her ýylyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.

Biziň ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek bilen bagly tekliplerimiz we başlangyçlarymyz dünýä bileleşiginde giň goldaw tapdy. Bularyň ählisi Bitarap döwletimiziň açyk we ygtybarly hyzmatdaşa öwrülendigine aýdyň şaýatlyk edýär.

XVIII asyryň akyldar şahyry Döwletmämmet Azady «Wagzy-Azat» eserinde her bir soragy, hatda iň çylşyrymly soragy hem geňeşmek arkaly çözmegiň zerurdygyny we mümkindigini belleýär. Bu bolsa biziň bitaraplyk nazaryýetimiziň öz köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny aýdyň tassyklaýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Biziň halkara borçnamalary we halkara hukugyň kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmäge esaslanýan baş maksatlarymyz geljekde hem ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini parahat durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbitlerine ulanmaga hyzmat eder.

Dünýä giňişliginde milli bähbitleri üpjün etmek maksady bilen, Garaşsyz ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, şeýle hem Aziýa — Ýuwaş umman, Orta we Ýakyn Gündogar sebitleri, ähli kontinentleriň ýurtlary bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary barha berkidýär we ösdürýär. Olar bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň gerimini yzygiderli giňeldýär.

Pandemiýa, howanyň bütin dünýäde maýlamagy, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly dörän kynçylyklar ýurtlaryň arasynda netijeli gatnaşyklary etmekde bökdençlikleri döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Gynansak-da, bu ýagdaýlar köpugurly wezipeleri çözmekde hem, strategik deňligi we durnuklylygy saklamakda hem kynçylyklary ýüze çykarýar.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde Türkmenistan halkara gatnaşyklarda ynanyşmagy dikeltmegi, ygtybarlylygy we özara düşünişmegi üpjün etmegi örän möhüm wezipeler hökmünde kesgitleýär. Şeýle şertlerde ýurdumyz 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Ýurdumyzyň bu başlangyjy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda biragyzdan goldanyldy.

Meniň iň uly arzuwym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esas goýujy kadalaryny kämilleşdirip, ýurdumyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp gitmekdir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda mynasyp orny eýelemek üçin biziň tagallalarymyzyň we hereketlerimiziň ygtybarly çeşmesi Garaşsyzlygymyzy we Bitaraplygymyzy berkitmek babatda biziň öňde goýan beýik maksatlarymyzdyr. Ýurdumyzyň Garaşsyz ösüşiniň örän möhüm, jogapkärli tapgyrynda — täze onýyllykda biz bu ugurda alyp barýan işlerimizi üstünlikli dowam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Nesip bolsa, biz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerine, ägirt uly serişdelerine hem-de adam mümkinçiliklerine esaslanyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň birine öwreris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ýaşasyn Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana halkymyza ylham-joşgun berýän, döredijilikli zähmete ruhlandyrýan bagtyýar durmuşymyz! Ýaşasyn Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz!

Mähriban halkym! Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ruhubelent sözler bilen özüniň maksatnamalaýyn çykyşyny tamamlady. Milli Liderimiziň çykyşy üns bilen diňlenildi hem-de ählumumy dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Soňra milli Liderimiz çykyş etmek üçin Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara söz berdi.

Ilkinji bolup çykyş eden, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Çaryýarguly Hommaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy, mejlise gatnaşýan hormatly ýaşululary, kümüş saçly eneleri hem-de şu günki Halk Maslahatyna gatnaşyjy ähli adamlary baş döwlet baýramy — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Maslahata gatnaşyjy milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda parahatçylygyň, agzybirligiň we ynanyşmagyň Watany bolan ýurdumyzyň ýagty geljege tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de halkymyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Biziň bagtyýar döwrümiz, Garaşsyz Watanymyzyň ynamly ertiri, bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilen ynsanperwer, parasatly syýasat hormatly Prezidentimiziň Watanymyza we öz halkymyza bolan çäksiz söýgüsiniň netijesidir — diýip, ýaşuly nesliň wekili milli Liderimize çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynda ýurdumyzda görlüp-eşidilmedik üstünlikler gazanyldy. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň dürli künjeklerinde geçen ýyllarda gurlan we ulanylmaga tabşyrylan dürli maksatly desgalaryň hem-de binalaryň ýüzlerçesi şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan “Türkmeniň ak öýi” binalary döwletliligiň ojagyna, abadançylygyň, rowaçlygyň we türkmen myhmansöýerliginiň nyşanlaryna öwrüldi.

Ýaşuly nesliň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna sarpa goýandygy, milli medeniýeti täzeden dikeltmäge we ösdürmäge aýratyn üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi.

Döreden ajaýyp döwrüňiz, parahat durmuşymyz, geljegine ynamly ýurdumyz, çagalarymyzyň hem-de agtyklarymyzyň oňat bilim we terbiýe alýandyklary üçin halkymyz Size örän minnetdardyr diýip, çykyş eden nygtady.

Hormatly il ýaşulusy bolan milli Liderimiziň parasatly ata-babalarymyzyň mukaddes däplerine eýerip, boş wagty bolanda hemişe ýaşulular we halk bilen maslahatlaşýandygy, munuň bolsa döwleti dolandyrmakda ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda toplanan tejribäniň netijeli ulanylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy bellenildi.

Ç.Hommaýew Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlaryny durmuşa geçirmäge ýaşulularyň gatnaşýandygy üçin çäksiz buýsanjyny beýan edip, çagalarynyň, agtyklarynyň we çowluklarynyň bagtyýarlygyna guwanyp ýaşaýan ýaşuly nesilleriň eziz halkymyzyň hem-de mähriban Watanymyzyň bähbidine döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan uly döredijilikli işlerine mundan beýläk-de işjeň gatnaşyp, ösüp gelýän ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemekde ähli güýçlerini we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Çykyş edýän hormatly Prezidentimiziň şu günki taryhy çykyşyny hem-de Watanymyzyň abraýyny has-da artdyrmak barada aýdan tekliplerini ýaşulularyň doly goldaýandyklaryny belledi.

Ç.Hommaýew döwlet Baştutanymyza türkmen halkynyň baky bagtyýarlygy, ähli halklaryň parahatçylygy, dostlugy we doganlygy ugrunda alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw edip, öz çykyşyny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne hem-de onuň başyny başlan we ruhlandyran Gahryman Prezidentimize bagyşlanan goşgy setirleri bilen jemledi.

Soňra çykyş eden «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň zähmetiň howpsuzlyk kadalary we ekologiýa bölüminiň başlygy Muhammetmyrat Rahmanow pudagyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ähli ildeşlerimizi ýakynlaşyp gelýän, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bellenilýän şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini, aýratyn-da, köpugurly gaýtadan işleýän pudaklaryny, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmäge döwletimiz tarapyndan uly möçberde maýa goýumlary goýulýar. Munuň özi beýleki pudaklar bilen bir hatarda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösdürilmeginde, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda möhüm orun eýeleýän himiýa senagatyny hem ösdürmäge uly itergi berýär.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz taryhy çykyşlarynyň birinde häzirki döwürde adamlaryň gündelik durmuşyny, döwletiň ykdysady ösüşini himiýa senagatynyň önümlerinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän syýasata laýyklykda, himiýa senagatyny döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek, dünýäniň ösen döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmak arkaly önümçilige täze, ýokary netijeli innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygy, ýaş hünärmenleri taýýarlamak, döwrebap kärhanalary döretmek hem-de bar bolan önümçilikleriň durkuny täzelemek boýunça bimöçber işleriň durmuşa geçirilýändigi nygtaldy.

Himiýa senagatynyň işgärleri milli Liderimiziň goldaw bermegi bilen, ýurdumyzda tebigy gazy gaýtadan işleýän iri önümçilik desgalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegine, olarda öndürilýän mineral dökünleriň we himiýa önümleriniň halkara ölçeglerine doly laýyk gelýändigine we dünýäniň onlarça ýurtlaryna eksport edilýändigine tüýs ýürekden buýsanýarlar diýip, M.Rahmanow belledi.

Çykyş edýän döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan “Garabogazkarbamid” zawodyny, Gyýanlydaky polimer zawodyny, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawody, Garlyk kaliý dag-magdan toplumyny, Türkmenabatdaky himiýa zawodyny, “Marykarbamid”, “Tejenkarbamid” we beýleki birnäçe kärhanalary mysal getirip, olaryň zähmet toparlarynyň ýokary önümçilik netijelerini gazanyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýandygyny belledi.

Haýsy ýurt ykdysady taýdan täze belentliklere ýetýän bolsa, şol döwletde halkyň ýaşaýyş-durmuşy hem gülläp ösýär, Watanyň kuwwaty artýar. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzda himiýa senagatynyň düzümi yzygiderli artyp, täze iş orunlary döredilýär, pudagyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulandyrylýar.

M.Rahmanowyň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň şu maslahatda eden çuň manyly, maksatnamalaýyn, taryhy çykyşy uly buýsanç bilen diňlenildi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň dowamynda ýetilen belent sepgitler her bir türkmenistanlyny täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar, bagtyýar geljegimize bolan umydymyzy berkidýär, Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýar.

Himiýa senagatynyň işgärleri döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny doly goldaýarlar diýip, foruma gatnaşyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagy babatda edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň wekili çykyşyny joşgunly goşgy setirleri bilen jemläp, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, il ähmiýetli, ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Atajan Gurbanow çykyş edip, obasenagat toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiziň daýhan baradaky hemişelik aladasynyň netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Diýarymyzyň oba hojalyk pudagy ägirt uly üstünlikleri gazanýar. Amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň we obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen çäreleriň netijesinde, dänäniň, pagtanyň hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň öndürilişiniň möçberi ýyl-ýyldan artýar.

Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylda geçirilen Halk Maslahatynda pudakda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakynda, hususan-da, oba hojalyk önümleriniň döwlet satyn alyş nyrhyny ýokarlandyrmak baradaky, şeýle hem daýhanlara ýeri uzak möhletleýin peýdalanmaga bermek barada gol çeken taryhy kararynyň daýhanlar üçin bereketli hasyl ösdürip ýetişdirmäge täze itergi bolandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gaýtadan işleýän kuwwatly kärhanalar, elewatorlar, ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar gurlup ulanylmaga berildi. Maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynyň sany ep-esli artdy, gök önümleriň hem-de miweleriň öndürilişi köpeldi.

Kärendeçiniň nygtaýşy ýaly, milli Liderimiz bilen geçirilýän duşuşyklar hem-de döwlet Baştutanymyzyň berýän hemmetaraplaýyn goldawlary oba zähmetkeşlerini täze üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýar. Netijede, daýhanlar ak bugdaýyň Watany hasaplanýan türkmen topragynda bereketli hasyl ýetişdirip, Watan harmanyna bir million dört ýüz müň tonnadan gowrak däne tabşyrdylar, bu bolsa Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk şanly senesine mynasyp sowgat boldy.

Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli beren umumy sapagynyň dowamynda oba hojalyk önümçiligini ylmy esasda alyp barmak boýunça maslahatlaryna hem-de öwüt-nesihatlaryna eýerip, ekerançylar öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmazlar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda suwdan oýlanyşykly peýdalanmak, obasenagat toplumyna suw tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda uly işer ýerine ýetirildi. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda suw howdany gurlup ulanylmaga tabşyrylmagynyň ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ekerançylyk ýerlerini suw bilen üpjün etmäge, ekin meýdanlaryny giňeltmäge we ýokary hasyl almaga ýardam etjekdigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň aladalary netijesinde, Türkmenistanyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän hem-de howa gözegçilik ediş ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan ýokary öndürijilikli iň täze tehnikalaryň yzygiderli satyn alynýandygy nygtaldy. Munuň özi daýhan üçin oňaýly zähmet çekmegiň şertlerini üpjün edýän, oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmaga ýardam berýär.

Häzir obasenagat toplumynda hususy önüm öndürijileriň, şol sanda gaýtadan işleýän ulgamda iş alyp barýan hususyýetçileriň hem sany artýar. Bu bolsa daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan bäsleşige ukyply hem-de eksport ugurly önümleri öndürmek, täze iş orunlaryny döretmek we garaşylyşy ýaly, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar diýip, kärendeçi aýtdy.

Milli Liderimiziň berýän uly goldawlary netijesinde, obasenagat toplumynyň zähmetkeşleriniň mynasyp durmuşda ýaşamagy üçin hemme şertler döredilýär, oba ýerlerinde döwrebap mekdepler, çagalar baglary hem-de durmuş-medeni maksatly beýleki desgalar gurulýar. Häzir biziň obalarymyz şäherler bilen bäsleşýär we olaryň ýaşaýjylary munuň üçin hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyk bildirýärler diýip, A.Gurbanow nygtady.

Kärendeçi Halk Maslahatynyň şu mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň çykyşynyň taryhy ähmiýetini belläp, daýhanlaryň täze zähmet ýeňişlerini gazanmak ugrunda mundan beýläk-de ähli güýçlerini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Ekerançynyň nygtaýşy ýaly, oba zähmetkeşleri özleriniň parasatly howandary bolan Arkadag Prezidentine tüýs ýürekden buýsanýarlar. Daýhanlar ýokary öndürijilikli zähmet çekmäge döredilen has oňaýly şertler üçin milli Liderimize çäksiz minnetdardyrlar.

Kärendeçi döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür we halkymyzyň bagtyýar geljegi hem-de abadan durmuşy ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde täze, ajaýyp üstünlikleri arzuw edip öz çykyşyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly aganyň “Köp ekeliň dänäni!” diýen joşgunly goşgy setirleri bilen jemledi.

Soňra Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän 1-nji önümhanasynyň mehanigi Şaguly Hojaýewe söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ähli türkmenistanlylary nebitgaz toplumynyň işgärleriniň adyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy bilen gutlap, halkymyzyň milli Liderimiziň töweregine jebisleşip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe agzybirlik, dostluk we doganlyk ýörelgelerine eýermek bilen, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelerden ruhlanyp, ýagty geljegi ynamly gurýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine uly üns berýändigi bellenildi. Bu ulgama iri maýa goýumlar gönükdirilýär, pudagyň zähmetkeşleri kuwwatly häzirki zaman tehnikalary we enjamlary bilen üpjün edilýär. Netijede, ýurdumyzda täze nebitgazly känler özleşdirilýär hem-de ozaldan işläp gelýänleriniň durky täzelenilýär, “gara altynyň” we “mawy ýangyjyň” öndürilişi artdyrylýar.

Dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanda nebitiň we gazyň gazylyp alnyşyny, olaryň gaýtadan işlenilişiniň möçberini, önümleriň eksport edilişini artdyrmak, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak üçin has oňaýly mümkinçilikleriň döredilýändigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli ykdysady syýasaty netijesinde, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän harytlary öndürmek hem-de ýerlemek boýunça meýilnama üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça öňdebaryjy ylmy gazanylanlara we täzeçil tehnologiýalara esaslanan senagat desgalary hem-de ekologiýa taýdan arassa önümçilikler gurulýar we ulanyşa tabşyrylýar. Bu bolsa dürli, şol sanda sintetiki nebit önümleriniň çykarylyşynyň mukdaryny artdyrmaga, pudagy depginli ösdürmäge hem-de senagat, ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde Watanymyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, iki sany gazturbina desgasynyň düýbüniň tutulandygy hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ozal hereket edýän gazturbina desgasynyň 3-siniň durkuny täzelemek işleriniň uly depginde alnyp barylýandygy bellenildi. Munuň özi geljekde elektrik üpjünçiliginiň derejesini ep-esli ýokarlandyrmaga hem-de çykarylýan önümleriň hilini has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň ýüzlerçesi guruldy. “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde gazy gaýtadan işleýän zawodyň hem-de “Galkynyş” iri gaz käninde harytlyk gaz öndürýän zawodyň ulanylmaga tabşyrylmagy ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny täze belentliklere çykarmaga ýardam etdi. Bu hem milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny berkitmekde uly goşant boldy diýip, TNGIZT-niň işgäri aýtdy.

“Gündogar — Günbatar” gaz geçirijisini hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasynyň amala aşyrylmagy ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary has-da ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Halk Maslahatynyň şu taryhy mejlisine gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamalaýyn çykyşyny uly üns bilen diňländikleri nygtaldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan haýran galdyrýan üstünlikler türkmenistanlylaryň mähriban Watanymyza hem-de öz milli Liderine bolan buýsanjyny artdyrýar. Nebitgaz toplumynyň zähmetkeşleri döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatyny doly goldaýarlar.

TNGIZT-niň işgäri halkymyz baradaky ählitaraplaýyn aladalary üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyk bildirip hem-de iň oňat arzuwlaryny aýdyp, öz çykyşyny Gahryman Arkadagymyza bagyşlanan joşgunly goşgy setirleri bilen tamamlady.

Soňra Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat dokma toplumynyň ilkinji guramasynyň başlygy Annajahan Illekowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ähli watandaşlarymyzy şöhratly baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň tutuşlygyna türkmenistanlylaryň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtady. Ösüşiň täze belentliklerine tarap ymtylýan, Watanymyzyň barha artýan halkara abraýyna buýsanýan halkymyz milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär.

Türkmen döwleti beýik döwletdir. Türkmenler bagtyýar we agzybir halkdyr. Bu düşünjeler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp miweleridir. Halkymyza mahsus bolan halallyk, maksada okgunlylyk, zähmetsöýerlik hem-de watansöýüjilik ýaly häsiýetler bütin dünýäde abraý getirdi. Döwlet Baştutanymyz bu ajaýyp häsiýetleri kalbynda ornaşdyryp, Watana bolan çäksiz söýginiň nusgalyk göreldesini görkezýär.

Şeýle hem milli Liderimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň maşgala ojagyna yhlasy, türkmen zenanyna mahsus bolan salyhatlylyk, kanagatlylyk, belent adamkärçilik, ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetleriniň häzirki döwürde ähli gelin-gyzlar üçin nusgalyk bolup durýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, bu gün Watanymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, saýlan hünärlerine eýe bolmaklary, döredijilik we sport bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň şeýledigine milli Liderimiziň degişli Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy nobatdaky aýdyň subutnama bolup durýar.

Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda, Bilimler we talyp ýaşlar gününde Arkadag Prezidentimiziň geçiren taryhy umumy sapagynyň ýaş nesillerde tüýs ýürekden buýsanç duýgusyny döredendigi bellenildi.

Şonuň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň aýdan gymmatly maslahatlary hem-de pähim-parasatly öwüt-nesihatlary ýaş türkmenistanlylaryň kalbynda gyzgyn seslenme döredip, olar üçin durmuş çelgisine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda häzirki döwürde öňdebaryjy sanly innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iri senagat kärhanalary yzygiderli gurulýar we ulanylmaga tabşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, A.Illekowa ýakynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda dabaraly açylan Kaka dokma toplumynyň ýaş dokmaçylary ruhlandyrandygyny belledi. Bereketli türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen “ak altyndan” öndürilýän ýokary hilli önümler dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar.

Ýurdumyzyň ýaşlary has-da yhlasly zähmet çeker, döwlet Baştutanymyzyň bildirýän belent ynamyny ödemek üçin mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine mundan beýläk-de mynasyp goşant goşar diýip, çykyş eden ynandyrdy hem-de sözüniň ahyrynda goşgy setirlerini okady. Şol setirler hemmetaraplaýyn aladalary we berýän goldawlary üçin Arkadag Prezidentimize çuňňur hoşallygyň beýanyna öwrüldi.

Çykyşlar tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, şu baýramçylyk gününde çykyş edenleriň Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyzy ösdürmekde gazanylan ajaýyp üstünlikleri we ýetilen sepgitleri buýsanç bilen belländigini aýtdy. Zähmetsöýer we parasatly halkymyz gazanan üstünliklerine buýsanmaga haklydyr. Aýratyn-da, biz halkymyzyň agzybirligine guwanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Zähmetsöýer halkymyz kynçylykly we şatlykly pursatlarda jemgyýetimizi hem-de döwletimizi ösdürmegiň umumy wezipelerini çözmekde birleşmegi başarýar. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň hojalyk ulgamyny bazar ykdysadyýetine doly geçmäge gönükdirilen ykdysady özgertmeleri mundan beýläk-de amala aşyrmagyň, innowasion ösüşiň häzirki döwürde esasy wezipe bolup durýandygyny bellediler. Bu bolsa, ýurdumyzy mundan beýläk-de senagat taýdan ösdürmäge we ykdysadyýetimiziň netijeliligini ýokarlandyrmaga oňyn täsir edýär diýip, milli Liderimiz çykyş edenleriň ählisine minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam edip, resminamalaryň birnäçesine gol çekdi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky» Perman bolup, şol sylaglar ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, pudaklary ösdürmekde, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, milli däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda hem-de baýlaşdyrmakda gazanan uly üstünlikleri, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köp ýyllap ak ýürekden çeken tutanýerli we halal zähmeti, ýokary hünär ussatlygy üçin işde tapawutlanan raýatlarymyza gowşurylýar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda», «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen ady dakmak hakynda» Permanlara gol çekdi.

Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda Çynar Rustemowa ýokary tapawutlandyryş derejesi bolan «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak barada karara gelendigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary bolup işleýän Çynar Rustemowa ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda yhlasly, halal zähmet çekip, berkarar Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny we döwlet Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmaga uly şahsy goşant goşdy. Şoňa görä-de, ata Watanymyzyň hem-de merdana halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny we gazanan üstünliklerini, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetini nazara alyp, oňa ýurdumyzyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak we «Altyn Aý» altyn medalyny gowşurmak barada karara geldik diýip, milli Liderimiz degişli Permana gol çekdi.

Mejlise gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Çynar Rustemowa ýokary döwlet sylagyny dabaraly ýagdaýda gowşuryp, ony bu şanly waka bilen gutlady.

Ç.Rustemowa bu belent mertebäniň diňe özüniň çeken zähmetine däl-de, tutuş türkmen zenanlaryna, diplomatlaryna bildirilen belent ynamdygyny belledi. Bu berlen ýokary döwlet sylagy üç mukaddes gymmatlyga — eziz Watanymyza, halkymyza, mähriban Arkadagymyza buýsanjymy, yhlasymy has-da artdyrýar diýip, Türkmenistanyň Gahrymany nygtady.

Bu gün milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty netijesinde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan tutuş dünýäde ykrar edilen abraýly döwlet hökmünde öz ornuny ynamly pugtalandyrýar. Ç.Rustemowanyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýäniň birnäçe ýurdunda, iri halkara guramalarda türkmen döwletine wekilçilik etmek bagtynyň nesip edendigi üçin ol özüni örän bagtly hasaplaýar. Ýurdumyzyň diplomatlary nirede işleseler hem berkarar döwletimiziň, mähriban Arkadagymyzyň elmydama goldawyny ýakyndan duýup işleýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary bilen halkymyzyň köpasyrlyk medeni mirasynyň iň görnükli nusgalary ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi. Bu barada aýtmak bilen, Ç.Rustemowa ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýäde dabaralandyrmaga mynasyp goşandyny goşmakda mundan beýläk-de yhlasyny gaýgyrman zähmet çekjekdigine milli Liderimizi ynandyrdy.

Halkymyzyň arasynda “Zenanyň bagty — Zeminiň bagty”, “Enäniň şatlygy — dünýäniň abatlygy” diýilýär. Ç.Rustemowanyň nygtaýşy ýaly, zenanlar, eneler özleri hakyndaky aladalary hemişe ýüreklerinde göterip, hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdyp ýaşaýarlar.

Türkmenistanyň Gahrymany döwlet Baştutanymyza belent ynam, mynasyp gören ýokary döwlet sylagy üçin ýene bir ýola sagbolsun aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Ç.Rustemowany mynasyp bolan ýokary sylagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, ýygnananlara jemleýji sözi bilen ýüzlendi. Hormatly Prezidentimiz nobatdaky kitabyny ýazyp gutarandygyny hem-de ony «Garaşsyzlyk — bagtymyz» diýip atlandyrandygyny aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk hiç zat bilen ölçäp bolmaýan beýik düşünjedir, döwletimiziň, halkymyzyň agzybirliginiň we bitewüliginiň berk esasydyr. Çuň manyly bu sözde merdana ata-babalarymyzyň erkin, bagtyýar durmuş baradaky arzuw-islegleri, şöhratly geçmişimiz, şu günümiz hem-de mähriban Watanymyzyň beýik geljegi beýan edilýär.

Garaşsyzlyk baýramy merdana halkymyza özüni erkin we bagtyýar duýmaga mümkinçilik berýän, Garaşsyz döwletimiziň özbaşdaklygyny hem-de milli bitewüligini şöhratlandyrmak üçin güýç berýän mukaddes baýramdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Garaşsyzlyk baýramy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň gerimli özgertmelerini, agzybir we bitewi türkmen halkynyň dörediji ruhuny özünde jemleýän milli baýramymyzdyr.

Bu gün türkmen döwletiniň bähbitleri şöhratly ata-babalarymyzyň asyrlarboýy edip gelen arzuwlaryna laýyk gelýär hem-de häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri bilen utgaşýar. Şu kadalardan ugur alyp, biz mukaddes türkmen topragynda täze durmuşy gurýarys.

Ýurdumyzda önümçilik we medeni-durmuş maksatly döwrebap kärhanalar, iri binalardyr desgalar gurulýar. Dörediji, özgerdiji zähmetimiz bilen halkymyzyň iň täze taryhyna öçmejek sahypalary ýazýarys. Amala aşyrylýan giň gerimli bu özgertmeler bolsa ata Watanymyzy dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga ýardam berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Biz beýik geljegimize, has belent sepgitlere tarap ynamly öňe barýarys. Aýdyň maksatlarymyzdyr nurana geljegimiz kalbymyzda ynamy artdyryp, durmuşymyza giň many-mazmun çaýýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bütin dünýädäki at-abraýyny berkitmek hem-de has-da ýokarlandyrmak üçin mundan beýläk-de uly hyjuw bilen tutanýerli we joşgunly zähmet çekmelidiris, ähli mümkinçilikleri mähriban halkymyzyň hem-de tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýokarda aýdanlarymyň ählisini, Garaşsyzlygymyzyň milli köklerini, taryhy ähmiýetini men şu kitabymda açyp görkezmäge çalyşdym. Häzirki döwrüň örän möhüm wezipelerini çözmekde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara hukuk ýagdaýynyň ornuny beýan etmäge synanyşdym.

Kitapda dünýäniň ähli ýurtlaryny birleşdirmäge gönükdirilen belent maksatlary mundan beýläk-de amala aşyrmagyň mümkinçilikleri hemmetaraplaýyn seljerildi. Bu kitap parahatçylygyň, öňe gitmegiň we ähli adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna halklary birleşdirýän ideýalaryň üýtgewsiz ähmiýetini okyjylara açyp görkezýär. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze eseriň gyzykly hem-de peýdaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýine sowgat boljakdygyna ynam bildirdi we hemmeleri şanly sene bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mähirli gutlady.

Goý, Garaşsyz Watanymyzda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we abadan durmuş bolsun diýip, döwlet Baştutanymyz arzuwyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara berk jan saglyk, uly üstünlikleri, hemişe asmany asuda Garaşsyz ýurdumyza buýsanyp, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, maşgala abadançylygyny arzuw edip, hemmelere, aýratyn-da, Halk Maslahatynyň mejlisini guramaga we geçirmäge işjeň gatnaşan ähli adamlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Biziň baş maksadymyz — berk binýatly beýik döwleti gurmakdyr!

Garaşsyzlyk we Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!

Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan agzybirligiň, bitewüligiň, abadançylygyň we parahatçylygyň ülkesidir!

Goý, bütin Ýer ýüzünde türkmen halkynyň abraý-mertebesi belent bolsun!

Parahatçylygyň, dost-doganlygyň we beýik üstünlikleriň ýurdy bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hemişe gülläp össün!

Milli Liderimiz şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanan şu joşgunly sözleri bilen öz çykyşyny tamamlady.

Şunuň bilen Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.

Ruhyýet köşgüniň ajaýyp zalynda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Halk Maslahatynyň mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Milli Geňeşiň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşany bolan Altyn şaý milli manadymyzy gowşurmak dabarasy boldy.

Resminamada bellenilişi ýaly, milli Liderimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, döwlet gurluşyny kämilleşdirmekde, dünýä ülňülerine laýyk gelýän konstitusion özgertmeleri amala aşyrmakda, raýat jemgyýetiniň edaralaryny ösdürmekde, ylmy, bilimi, medeniýeti, sungaty, saglygy goraýşy, ýurdumyzyň durmuşynyň beýleki ugurlaryny yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbini özgertmekde, türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamakda, ösüp gelýän ýaş nesli Watana söýgi, wepalylyk, mertlik, halallyk ruhunda terbiýelemek işinde Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary göz öňünde tutulyp sylaglanyldy.

Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýubileý sylaglarynyň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat hem-de halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine alyp barýan asylly giň gerimli işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdiler.

Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň baý taryhy mirasyna, onuň syýasy we hukuk medeniýetine esaslanýan, şol bir wagtda hem döwlet gurluşynyň dünýä tejribesini nazara alýan türkmen döwletliliginiň häzirki zaman nusgasynyň kemala getirilmegi bilen, berkarar Watanymyz öz ösüşinde belent sepgitlere ýetdi. Baky Bitarap Türkmenistan dünýäde «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymaty yzygiderli durmuşa geçirip, ýokary depginler bilen ösýän ýurtlaryň hatarynda mynasyp orny eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalynyň hem-de “Altyn şaý” milli manadymyzyň ýadygärlik nyşanynyň gowşurylandygy üçin minnetdarlyk bildirip, bu sylaglara Watanymyzyň gülledip ösdürmegiň bähbidine bilelikde amala aşyrylan beýik işler üçin ähli halkymyza berlen sylag hökmünde garaýandygyny belledi. Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, dünýäniň halklary we döwletleri bilen özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklary ileri tutýan döwlet hökmünde tanalýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini, medeniýetini we sungatyny, saglygy goraýyş, ylym-bilim hem-de sport ulgamlaryny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin Hökümet agzalaryna, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygyna hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasaryna «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanyny gowşurdy.

Sylaglananlar bildirilen uly hormat üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip hem-de munuň özleri üçin aýratyn jogapkärçilik bolup durýandygyny nygtap, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmek, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmekde mundan beýläk-de tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Watanymyzyň we halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
21.04
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine
21.04
Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
21.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.04
“Galkan” hokkeý toparynyň türgenleriniň we tälimçileriniň hormatyna dabara
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
20.04
«Galkan» topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň Kubogyna mynasyp boldy
19.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow