Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistan — BMG: ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine hyzmatdaşlyk
Syýasat habarlary
Türkmenistan — BMG: ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine hyzmatdaşlyk
Çap edildi 22.09.2021
2606

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki «Ählumumy pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek» atly Maksatnama gol çekmek dabarasy boldy. BMG tarapyndan resminama BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gol çekdi.

Bu taslama döwlet gullukçylarynyň mümkinçiliklerini ýerli derejede pugtalandyrmaga, şeýle hem ilatly ýerlerde toplumlaýyn hem-de adamlara niýetlenen usullar arkaly halkyň howpsuzlygyny üpjün etmäge çemeleşmegi göz öňünde tutmak bilen, «Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasyny» amala aşyrmaga gönükdirilendir. Mundan başga-da, maksatnama aýry-aýry sebitleriň ýaşlaryna niýetlenip, olaryň işjeňligini ýokarlandyrmaga, ýerli bileleşikleriň ösüşine goşant goşmaga mümkinçilik berer.

Taslama Türkmenistanyň Hökümetiniň milli derejede Durnukly ösüş maksatlaryny Birleşen Milletler Guramasy bilen amala aşyrmaga gönükdirilen bilelikdäki işiniň çäklerinde durmuşa geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 20-nji awgustda geçirilen mejlisinde Durnukly ösüş maksatlary hem-de BMG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglylykda, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde öňe süren ileri tutýan garaýyşlarynyň ähmiýetini nygtady. Mejlis 14-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde öz işine başlady.

Möhüm ugurlaryň birnäçesini özünde jemleýän wajyp halkara ähmiýetli resminama hökmünde metbugatda çap edilen bu ugurlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn teklipleri esasynda işlenip düzüldi.

Şolaryň biri-de halkara bileleşigiň tagallalaryny ählumumy howpa — täze görnüşli howply ýokanja garşy göreşe jemlemek hem-de onuň ýaýramagy bilen ýüze çykan durmuş-ykdysady täsirleri azaltmak bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz tarapyndan ozal öňe sürlen başlangyçlary we anyk teklipleri durmuşa geçirmek babatynda işler amala aşyrylar. Şolaryň hatarynda ylmy diplomatiýa ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny ýola goýmak, BSGG-niň koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin Ýörite maksatnamasyny düzmek, BSGG-niň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini döretmek hem-de Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa merkezini döretmek bar.

Häzirki şertlerde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu gezekki mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barlar.

Merkezi Aziýanyň häzirki zaman ählumumy geosyýasatynda eýeleýän möhüm ornuny ösdürmek, sebitde bolup geçýän özgerişleri dünýä gün tertibi bilen sazlaşdyrmak üçin Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynyň taslamasyny hödürleýär. Bu resminama milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 6-njy awgustda ýurdumyzda geçirilen konsultatiw duşuşygynda beýan edilen halkara teklipleri BMG-niň çäklerinde ilerletmek üçin amatly şertleri döreder.

Mundan başga-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde “Merkezi Aziýa — Hazar sebiti” atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek teklibini beýan etmek göz öňünde tutulýar. Onuň şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitinde hukuk taýdan berkidilmegi maksadalaýyk hasaplanýar.

Ýurdumyz mundan beýläk-de ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine hemmetaraplaýyn goldaw berer. BMG-niň Baş Assambleýasynyň türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça şu ýyl kabul eden, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine degişli Kararnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisiniň barşynda Ýaşlar üçin öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy ýaly halkara hyzmatdaşlygyň görnüşlerini ösdürmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň hatarynda terrorçylyga garşy göreş alyp barmak wezipesi kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, halkara jemgyýetçilige BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirliginiň halkara taslamalar boýunça Aşgabatdaky edarasyny açmak meselesine garamak teklip ediler.

Türkmenistan dünýä we sebit derejesinde durnukly ösüşi gazanmak üçin köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzasy bolmak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda BMG-niň sebit ykdysady guramalary bilen gatnaşyklaryny giňeltmegi göz öňünde tutýar.

Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde BMG bilen YHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda Baş Assambleýanyň Kararnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu resminamany kabul etmek we 76-njy mejlisiň dowamynda onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek üçin degişli halkara çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

DÖM-niň maksatlarynyň biri bolan energiýa çeşmelerine ählumumy elýeterliligi üpjün etmek bilen, BMG-niň “Hemmeler üçin durnukly energiýa” atly başlangyjy bilen bilelikde, bu mesele boýunça halkara forumy guramak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen tekliplerini durmuşa geçirmek maksady bilen, 2022-nji ýylda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny guramak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, BMG-niň howandarlygynda sebitara ulag aragatnaşygyny ösdürmek boýunça Ýörite maksatnamanyň döredilmegini teklip etmek maksadalaýyk hasaplanýar. Şeýle hem milli Liderimiziň BMG-niň çäklerinde pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça Strategiýany hem-de wodorod energetikasyny ösdürmek üçin halkara “Ýol kartasyny” düzmek baradaky tekliplerini durmuşa geçirmek boýunça işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Şu maksatlar bilen, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy hem-de Ösüş maksatnamasy babatynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek göz öňünde tutulýar.

2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwürde BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzasy bolmak bilen, Türkmenistan köpugurly ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglylykda, milli, sebit we ählumumy strategiýalaryň, maksatnamalaryň hem-de meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegine üns bermegi teklip edýär.

Dünýäde emele gelen migrasiýa ýagdaýlaryny nazara alyp, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdiriýeti hem-de Halkara Migrasiýa Guramasy bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksadalaýyk hasaplanýar.

Şeýle hem ýurdumyzyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň işine gatnaşmagyny giňeltmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň hem-de Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň agzalygyny doly möçberde ulanmak hem-de onuň ÝUNESKO-nyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň düzümine saýlanmagyny üpjün etmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalan mejlisinde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň köptaraplaýyn, şeýle hem ikitaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtady. Ýurdumyz BMG bilen hemişe täze many-mazmun bilen baýlaşýan köpugurly strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň wajyp ugurlary boýunça öňe sürýän anyk başlangyçlary şuňa ýardam etmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän tekliplerde häzirki döwrüň şertlerini hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uly ugurlary beýan edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň işine gatnaşmagyna Milletler Bileleşiginiň deňhukukly agzasy hökmündäki alyp barýan yzygiderli işiniň dowamy hökmünde garaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň milli bähbitlere hem-de dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin maksatlaryna laýyk gelýändigini nygtady. Bu strategiýa BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine laýyk gelýär we dürli ulgamlarda bilelikdäki özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
23.04
Aşgabat-Pariž: ynsanperwer hyzmatdaşlyk – ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow