Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Bouygues” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Bouygues” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 26.09.2021
1515

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur “Bouygues” fransuz kompaniýasynyň baştutany Marten Buigi kabul etdi.

Işewür milli Liderimizi hem-de tutuş türkmen halkyny uly baýram — Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk şanly senesi, şeýle hem ýakynda geçirilen möhüm waka — Halk Maslahatynyň mejlisi bilen mähirli gutlap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň we milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň uly hormatdygyny nygtady.

Myhmanyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ösüşlere beslenen syýasaty Türkmenistanyň okgunly ösüşini we halkara derejedäki belent abraýyny şertlendirdi. Döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge oňaýly şertler türkmen döwletini dünýäniň işewür toparlary üçin özüne çekiji etdi, şoňa görä-de, häzir esasy kompaniýalaryň köp sanlysy, şol sanda fransuz kompaniýalary hem geljegi uly türkmen bazaryna gatnaşmaklaryny pugtalandyrmagy hem-de giňeltmegi maksat edinýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, dürli ulgamlarda, şol sanda şähergurluşygy babatda ýöriteleşen öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz “Bouygues” bilen işewür hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi, munuň şeýledigine bilelikde üstünlikli durmuşa geçirilen birnäçe taslamalar şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň dowamynda mundan beýläkki gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyldy, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga fransuz kompaniýasynyň gatnaşmagynyň mümkinçiligine garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Marten Buig kompaniýa bildirýän ýokary ynamy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, öz tarapyndan “Bouygues” kompaniýasynyň mundan beýläk-de öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna gyşarnyksyz we örän jogapkärçilik bilen eýerjekdigine milli Liderimizi ynandyrdy.

Soňky habarlar
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
top-arrow