Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdi
Syýasat habarlary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdi
Çap edildi 23.09.2021
2558

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşen BMG-niň Ştab-kwartirasynda geçen hepdede açylan 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdi.

Şu ýyl çäreleriň onlaýn hem-de oflaýn görnüşlerde geçirilýändigini bellemek gerek. Bu ýagdaý Ýer ýüzünde dowam edýän COVID-19 pandemiýasy bilen şertlendirilendir. Şu hepde — BMG-de döwletleriň we hökümetleriň baştutanlarynyň gatnaşmagynda Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň umumy geňeşmeleriniň hepdesi.

2021-nji ýylda döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýän Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde strategik häsiýete eýe bolan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi ugur edinýändigini iş ýüzünde tassyklaýar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň gün tertibinde halkara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny öz içine alýan meseleleriň giň topary bar. Esasy temalaryň hatarynda bolsa dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki zamanyň ählumumy wehimlerine we howplaryna garşy hereket etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ekologiýa we beýleki meseleler durýar. Pandemiýa garşy göreşmek hem-de netijeli köptaraplaýyn usullary işläp düzmek arkaly onuň täsirlerini ýeňip geçmek meselesine aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny we anyk başlangyçlaryny beýan etdi. Häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça has kabul ederlikli çözgütleri gözläp tapmak hem-de ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklary ösdürmekde tagallalary birleşdirmek şol başlangyçlaryň esasy maksadydyr.

Milli Liderimiz BMG-niň Baş sekretaryny hem-de ählumumy foruma gatnaşyjylary mübärekläp, ilki bilen, jenap Abdulla Şahidi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň Başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlady hem-de oňa bu jogapkärli wezipede üstünlikleri arzuw edip, Türkmenistanyň oňa hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine we goldaw berjekdigine ynandyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Wolkan Bozkyra 75-nji mejlisiň Başlygy hökmünde başarjaň we netijeli işi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, dünýäniň häzirki ýagdaýy, syýasy, ykdysady, durmuş prosesleriniň häsiýeti we aýratynlyklary umumy baş maksada ýetmek ugrunda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, mundan beýläkki okgunly ösüşi, häzirki zaman dünýä tertibiniň binýadynda goýlan hukuk we institusional esaslary saklamak üçin şertleri üpjün etmegiň bähbidine döwletleriň hem-de iri halkara guramalaryň has ysnyşykly we utgaşykly gatnaşyklaryny talap edýär diýip belledi.

Şeýle gatnaşyklaryň netijeliliginiň derejesi köp babatda milli bähbitleriň hem-de ählumumy maksatlaryň we ileri tutulýan ugurlaryň arasynda umumy pikire gelnip bilinmegi bilen kesgitleniler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Çemeleşmelerdäki we garaýyşlardaky çaprazlyklary, gapma-garşylyklary ýeňip geçmek bilen, strategik, uzak möhletli ösüş wezipelerini, ýiti umumydünýä — ekologiýa, energetika, azyk, suw serişdelerini adalatly paýlamak, garyplygy aradan aýyrmak, tebigy betbagtçylyklardan goranmak, terrorçylyga, neşe serişdeleri bilen bagly howplara, beýleki wehimlere garşy göreşmek meselelerini çözmekde biziň — dünýä bileleşiginiň agzalarynyň jogapkärçiligi, öňdengörüjiligi, syýasy erki ýeterlikmikä?

Munuň özi täze görnüşli howply ýokanja garşy göreşmek hem-de onuň ýaýramagy netijesinde ýüze çykan durmuş-ykdysady täsirleri azaltmak meselesine hem doly derejede degişlidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Dogrusyny aýtmak gerek: dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalary entek ýeterlik däldir. Galyberse-de, pandemiýa bu wehime garşy halkara derejede göreşmegiň gurallarynda düýpli ulgamlaýyn näsazlyklary ýüze çykardy diýip, döwlet Baştutanymyz diňe ähli agza döwletleriň we BMG-niň düzümleriniň birleşmeginiň umumy howpa garşy göreşmekde üstünlik gazanmak üçin şertleri üpjün etjekdigine ynam bildirdi. Şunda koronawirus meselesini syýasylaşdyrmaga, ony döwletara gatnaşyklarda täsir etmegiň guraly hökmünde ulanmaga orun bolmaly däldir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda umumy wehimlere garşy durmakda utgaşykly, özara ylalaşykly jogaplary işläp taýýarlamak boýunça köptaraplaýyn gepleşikleriň esasy meýdançasy bolup durýandygyny nygtap, Türkmenistanyň ozal öňe süren, ylmy diplomatiýa ugry boýunça köptaraply hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlaryny ilerletmegi dowam etmäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, 76-njy mejlisiň barşynda şu halkara we sebit gurallaryny, ýagny Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin ýörite maksatnamasyny düzmek; Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny ýola goýmak; Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini; Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezini döretmek meselelerini öwrenmäge girişmek teklip edildi.

Türkmenistan pandemiýanyň ýaramaz ykdysady täsirini azaltmak bilen baglylykda, BMG-niň aýry-aýry ugurlar boýunça işini güýçlendirmegi zerur hasaplaýar. Hususan-da, adatdan daşary ýagdaýlar şertlerinde halkara ulag ulgamlaryny dikeltmegiň we olaryň durnuklylygyny pugtalandyrmagyň üstünde işjeň işlemegiň möhümdigi nygtaldy. Munuň üçin oňat esas — Baş Assambleýanyň “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamasy bar. Bu resminama Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda kabul edildi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, geçen döwürde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ýerli we sebit gapma-garşylyklarynyň ýitileşmegi bilen bagly çylşyrymly meseleler ýüze çykdy.

Şu şertlerde dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde Türkmenistan halkara meseleleri diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly, BMG-niň Tertipnamasynyň, esasy Konwensiýalaryň hem-de beýleki halkara namalarynyň kadalarynyň we ýörelgeleriniň esasynda çözmäge yzygiderli goldaw bermegini dowam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylyk döredijiligiň we oňyn ylalaşykly çözgütleri gazanmagyň netijeli guraly hökmünde Bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda kabul edilen “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny” atly Kararnamasynyň düzgünlerini ornaşdyrmak üçin netijeli çäreleri görmegiň meýilleşdirilýändigi nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi diýip, milli Liderimiz belledi. Bu çözgüdiň başyny başlamak bilen, ýurdumyz parahatçylyk we birek-birege hormat goýmak, gatnaşyklar medeniýetini pugtalandyrmak, häzirki döwürde döwletara gatnaşyklarda ýüze çykan ynanyşmak ýetmezçiligini aradan aýyrmak maksady bilen, halkara derejede uly işleri geçirdi. Türkmenistan «Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» çäklerinde çäreleri tamamlamak bilen, şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-ä agza döwletleri we halkara guramalary bu çärä işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Şunda biz şu ýyl başlanylan ynanyşmak hem-de gatnaşyklar medeniýeti meselesi dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde galmaly we BMG-niň strategik gün tertibiniň hemişelik düzüm bölegi bolmaly diýip hasap edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýada gepleşikler gurallaryny ösdürmek maksady bilen, Baş Assambleýanyň “Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak” atly Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi. Bu resminama garalmagy hem-de onuň kabul edilmegi 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleýji resminamasynda beýan edilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, şol bir wagtda Merkezi Aziýa hem-de Hazar sebitinde halkara parahatçylygyny, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklap galmak meseleleriniň özara baglanyşyklydygyna hem-de aýrylmazdygyna göz ýetirmek bilen, Türkmenistan “Merkezi Aziýa — Hazar sebiti” atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmegi teklip edýär. Biziň ýurdumyz bu nusga ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlary ilerletmek üçin meýdança hökmünde garaýar.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda häzirki wagtda bütin dünýäniň ünsüniň Owganystana gönükdirilendigini belläp, bu ýurtda ýagdaýyň çylşyrymlylygyna galýandygyny, emele gelýän häkimiýet hem-de jemgyýet edaralarynyň örän durnuksyzdygyny nygtady. Şoňa görä-de, bu ýurtdaky ýagdaýa baha bermäge örän oýlanyşykly çemeleşilmelidir, sözlerde hem, işlerde hem jogapkärçilik talap edilýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Owganystandaky ýagdaýlar üýtgedi, olara bolan garaýyşlarda ideologik tarapgöýlükden, könelişen öýke-kinelerden, şowakörlükden hem-de lenç edilen garaýyşlardan gaça durup, ozaly bilen, uruşlardan we heläkçiliklerden ýadan, parahat, asuda durmuş barada arzuw edýän owgan halky hakynda alada edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmenistan Owganystan bilen gatnaşyklary ösdürip, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň taryhy we medeni ösüş umumylygyny hemişe bu gatnaşyklaryň esasynda goýýar. Biziň ýurdumyz Owganystanyň syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna we jebisligine hemişe çuňňur gyzyklanma bildiripdi we şeýle bolmagynda-da galýar diýip, milli Liderimiz biziň döwletimiziň gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegine berk ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýyň tizden-tiz kadalaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow emele gelýän döwlet düzümleriniň bütin owgan halkynyň abadançylygyna we bähbitlerine netijeli işläp biljekdiklerine umyt bildirdi. Türkmenistan öz tarapyndan, ozalkysy ýaly, Owganystana hemmetaraplaýyn ykdysady goldaw we ynsanperwerlik kömegini berer diýip, milli Liderimiz belledi.

Biz energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda owgan tarapynyň gatnaşmagynda eýýäm başlanylan taslamalaryň üstünlikli tamamlanmagyny hem-de täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini berk ugur edinýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä Owganystanyň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň gaýtadan dikeldilmeginiň, goňşy ýurduň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna deňhukukly, özara bähbitli esasda goşulyşmagynyň örän möhüm şerti hökmünde garalýandygyny belledi. Owganystanda parahatçylygyň, ylalaşygyň hem-de bitewüligiň tizden-tiz berkarar bolmagy üçin degişli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, zerur şertleriň döredilmegine goňşy we bitarap döwlet hökmünde goldaw bermäge Türkmenistanyň taýýardygy üýtgewsizligine galýar.

Milli Liderimiz bu gezekki mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dowam etjekdigine bil baglaýandygyny hem-de häzirki döwürde netijeli özara gatnaşyklaryň we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ählumumy, sebitleýin hem-de milli gurallaryň iş ýüzünde utgaşdyrylmagynyň ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny belledi.

Biziň ýurdumyz 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatdaky Gün tertibiniň degişli derejede maliýeleşdirilmegini üpjün etmek meselesiniň ilerledilmegini esasy ugur edinýär diýip, döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtda ösüşi maliýeleşdirmek boýunça nobatdaky halkara maslahatyny guramagyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aral deňzi baradaky meseläni gozgap, dünýä bileleşiginiň bu ekologik heläkçiliginiň täsirini peseltmek meselelerine yzygiderli üns bermegine Türkmenistanyň aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Hususan-da, bu mejlisiň dowamynda biziň ýurdumyzyň sebit boýunça hyzmatdaşlary bilen bilelikde BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmegi ugrunda tagalla etjekdigi nygtaldy.

Ynsanperwerlik ugrundaky meseleler BMG bilen hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

2021 — 2025-nji ýyllarda BMG-niň Durmuş ösüşi komissiýasynyň agzasy hökmünde Türkmenistan onuň ýaşlaryň işi, däp bolan maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we beýleki ugurlar boýunça durmuş goraglylygynyň ylalaşykly çemeleşmelerini hem-de hereketlerini işläp taýýarlamak babatda baş utgaşdyryjy edara hökmündäki ornunyň berkidilmegine ýardam bermäge taýýardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda migrasiýa syýasatynyň üýtgewsiz möhüm ugur hökmünde saklanýandygyny aýdyp, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen hem-de bu ugurdaky çylşyrymly ynsanperwer ýagdaýlaryň çözgüdi babatda ägirt uly tejribe toplan Türkmenistanyň bu ählumumy wezipäni çözmäge öz goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Bizi umumy garaýyşlar, umytlar, wehimler hem-de howplar birleşdirýär. Halkara ýa-da sebit we milli derejelerdäki çylşyrymly meseleleri bilelikde çözmekde toplanylan tejribe has gymmatlydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wehimleri ýeňip geçmekde täze çemeleşmeleri we ýollary gözlemek boýunça tejribe alyşmaga taýýardygyny aýtdy.

— Biz BMG bilen hyzmatdaşlyga, emele gelen ählumumy howpsuzlygyň öňüni almak işinde, pandemiýa ýokanjynyň täsirlerini ýeňip geçmekde, ykdysady, durmuş, ekologiýa, ynsanperwer we beýleki ulgamlarda meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde onuň syýasy-diplomatik tagallalara işjeň gatnaşmaga, goldaw bermäge üýtgewsiz ygrarlydygymyzy mälim edýäris — diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda Türkmenistan üçin Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan strategik ugur, dünýägaraýşymyz, halkara giňişlikde alyp barýan ähli işlerimiziň möhüm binýady bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Biziň ýurdumyzyň milli Liderimiziň baştutanlygynda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklap, dünýäniň gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekdäki öňdengörüjilikli çemeleşmelerini mälim etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm teklipleri şonuň aýdyň subutnamasy bolup, olar Milletler Bileleşiginiň agza döwletleriniň doly makullamagyna we goldawyna eýe boldy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary bilen berkidildi hem-de esasy ugurlarda netijeli halkara gatnaşyklary giňeltmek, sebitde we dünýäde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça täze netijeli başlangyçlar öňe sürüldi.

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
25.04
Türkmenistanyň sungat ussatlary Parižde üstünlikli çykyş etdiler
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
top-arrow