Sizi «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI Ispaniýa Patyşalygynyň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Aleksandr Wan der Bellene Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskä hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we berk jan saglyk, türkmen halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasyny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sizi «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumynyň we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Sizi Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her bir güni okgunly ösüşler, şanly wakalar bilen şöhratlanýan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giňden bellenilýän bu hünär baýramynyň şanyna geçirilýän dabaralaryň siziň durmuşyňyza gaýtalanmajak öwüşgin çaýjakdygyna pugta ynanýaryn.
Sizi «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän bu serginiň we maslahatyň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, özara tejribe alyşmakda uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynanýaryn.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Premýer-ministr Nikol Paşinýana hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.