Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygyny kabul etdi
Çap edildi 30.01.2023
2211

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow RF-niň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, häzirki wagtda parlamentleriň döwlet durmuşynda eýeleýän ornunyň barha artýandygyny belledi. Parlamentara gatnaşyklar ýurtlaryň arasynda netijeli dialogy ýola goýmagyň, halkara hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň şu gezekki sapary türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmek, kanun çykaryjy edaralaryň arasynda tejribe alyşmak üçin mümkinçilik döreder. Şular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow saparyň çäklerinde meýilleşdirilen gepleşikleriň netijeli boljakdygyna we köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň ýolbaşçysy mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de myhman iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryň depginli ösdürilýändigini nygtady. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýyl Moskwa şäherine amala aşyran saparynyň kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygyna täze itergi berendigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň dostlukly we strategik häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň döwletara gatnaşyklara mahsus bolan ýokary derejesi netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek üçin berk binýat bolup durýar.

Netijeli syýasy dialog hem-de dürli derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň ähmiýeti bellenildi. Geçirilen duşuşyklardyr gepleşikleriň dowamynda taraplaryň türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy hem-de resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şeýle-de Aşgabatda bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirildi. Bularyň hemmesi döwletara hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilendir.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmak bilen baglylykda, söwda-ykdysady, energetika, senagat, ulag we beýleki ulgamlardaky özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň we subýektleriniň arasynda ýola goýlan göni gatnaşyklar köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstüni ýetirýär. Ynsanperwer ulgamda — ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklar hem türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegidir.

Iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň ýene-de bir möhüm guraly hökmünde garalýan parlamentara hyzmatdaşlyk söhbetdeşligiň aýratyn ugry boldy. Şunda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen çözgütleriň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegi üçin bu ugry ösdürmegiň zerurdygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
18.09
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary
18.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
18.09
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Täze oba — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nyşany
17.09
Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlaryň açylyş dabarasy boldy
17.09
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň saýlanan Baştutanyny gutlady
16.09
Türkmenistanda zähmet bazaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
top-arrow