Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýyna gatnaşyjylara we ýurdumyzyň ähli ýaşlaryna
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýyna gatnaşyjylara we ýurdumyzyň ähli ýaşlaryna
Çap edildi 27.01.2023
4121

Hormatly gurultaýa gatnaşyjylar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlary!

Sizi döwletimiziň işjeň hem-de öňdebaryjy jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dostlugy özüne ýörelge edinen ýaşlarymyzyň ykbalynda uly orun aljak bu gurultaýyň örän netijeli hem-de üstünlikli geçmegini arzuw edýärin.

Bu gün ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary düýpli döwrebaplaşdyrylýar, täze şäherlerdir obalar döredilýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýen ýörelgämize laýyklykda, ýaşlaryň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, ylymda uly üstünlikleri gazanmagy, zehin-başarnygyny döredijilikli işlere gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetimiziň işjeň bölegidir. Eziz Diýarymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi we aýdyň geljegi bolan ýaşlar biziň alyp barýan işlerimize, ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýan türkmen ýaşlarynyň döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän belent ynamy ödeýändiklerine buýsanýarys.

Eziz ýaşlar!

Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik işleri amala aşyrmagy maksat edinýäris. Garaşsyz Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňde goýduk. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys. Ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy, döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmek, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2023-nji ýylda hem şol wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hünärmenlerine we işjeň agzalaryna uly jogapkärçilik düşýär. Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmek, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek, ýaşlarda halallyk, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýörelgelerini terbiýelemek bolsa guramanyň belent borjy we baş maksadydyr.

Häzirki döwürde Ýaşlar guramasy «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, ýaşlar toparlarynyň isleglerini öwrenmek maksatlaryndan ugur alýar. Guramanyň alyp barýan işleri jemgyýetimizde bitewüligi, jebisligi, agzybirligi berkitmäge, beýik özgertmelerimizi we milli maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmaga ýardam berýär.

Mähriban ýaşlar!

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Garaşsyz Watanymyz beýik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde türkmen ýaşlaryna uly orun degişlidir. Ýaşlar guramasynyň gujur-gaýratly agzalarynyň, ýurdumyzyň watansöýüji, ylymly, bilimli, dörediji we gurujy ýaşlarynyň ählisiniň jemgyýetimizde durnuklylygy, bitewüligi pugtalandyrmaga işjeň gatnaşjakdyklaryna, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, bütin dünýädäki abraý-mertebesiniň belende göterilmeginiň bähbidine ak ýürekden, yhlasly zähmet çekjekdiklerine berk ynanýaryn.

Hormatly gurultaýa gatnaşyjylar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlary!

Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, yhlasly okamak, öwrenmek, döredijilikli we tutanýerli zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmagyňyzy, jogapkärli işleriňizde abraý gazanmagyňyzy, hemişe abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
08.10
Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
top-arrow