Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
24.08 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Petra Dahtleri kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

24.08 2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Mirza Fahrul Islam Alamgire Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

23.08 2026

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Lukman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda gurluşygyna badalga berlen döwrebap ylmy-kliniki merkezi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň bellenilýän gününde açmak meýilleşdirilýär.

21.08 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara pediatriýa merkeziniň desgalar toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygynyň berkidilmegi, aýratyn-da, çagalaryň saglygy we olaryň sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygynyň aýdyň güwäsidir.

21.08 2026

Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

20.08 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi.

19.08 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän “Arçman” şypahanasyna geldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ýerde goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurmak hem-de käbir binalary has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

18.08 2026

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ak mermerli Aşgabatda geçirilýän «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

17.08 2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianto we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

16.08 2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly şygary astynda geçýän 2026-njy ýyl ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň has-da giňeldilmegine we pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işlere beslenýär.  

842 sahypa
Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi