Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri bi­len du­şuş­dy
Syýasy habarlar
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri bi­len du­şuş­dy
Çap edildi 15.09.2026
1589

Şu gün Ko­re­ýa döw­let sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri ha­nym Han Son Su­kuň ara­syn­da du­şu­şyk ge­çi­ril­di.

Dost­luk­ly ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri be­lent mer­te­be­li türk­men myh­ma­ny­ny mä­hir­li mü­bä­rek­läp, hor­mat­ly Prezidentimiziň şu sa­pa­ry­nyň döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hyn­da tä­ze sa­hy­pa­ny aç­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le hem ha­nym Han Son Su­k Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Li Çže Mýon bi­len döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ara­syn­da ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­le­riň ko­reý-türk­men hyz­mat­daş­ly­gy­ny hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga kuw­wat­ly iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin min­net­dar­ly­gy­ny be­ýan edip, ha­nym Han Son Su­ky Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri we­zi­pe­si­ne bel­le­nil­me­gi bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy hem-de oňa bu jo­gap­kär­li we­zi­pesin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, dün­ýä döw­let­le­ri bi­len hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy bi­len iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mä­ge uly üns ber­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan bi­len Ko­re­ýa­nyň ara­syn­da dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, şu döw­let sa­pa­ry­nyň iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Hor­mat­ly Prezidentimiz bu sa­pa­ra dost­luk­ly türk­men-ko­reý gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek­de mö­hüm tap­gyr hem-de ola­ra tä­ze iter­gi ber­mek üçin müm­kin­çi­lik hök­mün­de ga­ral­ýan­dy­gy­ny, ýurt­la­ry­my­zy köp­ýyl­lyk dost­luk, öza­ra hor­mat goý­mak, yna­nyş­mak gat­na­şyk­la­ry­nyň bag­la­nyş­dyr­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýur­du­my­zyň Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­na di­ňe bir yg­ty­bar­ly yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş däl-de, eý­sem, mö­hüm teh­no­lo­gik hem-de in­no­wa­si­on hyz­mat­daş hök­mün­de ga­ra­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, Prem­ýer-mi­nistr Han Son Su­ky özi üçin amat­ly wagt­da Türk­me­nis­ta­na gel­mä­ge ça­gyr­dy.

Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri ça­ky­lyk üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, hor­mat­ly Prezidentimiziň be­ýan eden tek­lip­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prem­ýer-mi­nistr Han Son Suk Türk­me­nis­tan bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň gel­jek­de hem ne­ti­je­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip, bi­rek-bi­re­ge jo­gap­kär­li döw­let iş­le­rin­de üs­tün­lik­le­ri, iki ýur­duň dost­luk­ly halk­la­ry­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk ar­zuw et­di­ler.

Soňky habarlar
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
top-arrow