Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
Syýasy habarlar
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
Çap edildi 14.09.2026
29

Şu gün moldowa tarapyndan parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Petru Burdužanyň ýolbaşçylygyndaky Moldowa Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde birnäçe ministrliklerde, şol sanda Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn duşuşyklar, Mejlisde milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa bilen duşuşyk hem-de Türkmen-moldowan parlamentara dostluk toparynyň mejlisi geçirildi.

Myhmanlar Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işi bilen tanyşdyryldy. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda bu ugurda iň gowy dünýä tejribesini öz içine alýan berk kanunçylyk binýady döredildi. Soňky ýyllarda işlenip taýýarlanylan we kabul edilen möhüm kanunlar, kadalaşdyryjy hukuk namalary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere täze itergi berdi.

Wekiliýet agzalary Moldowa Respublikasynyň ägirt uly ykdysady we tebigy serişde mümkinçiliklerine eýe bolan, häzirki wagtda okgunly ösýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdiler. Taraplar däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meseleleriniň geljegini ara alyp maslahatlaşyp, diňe bir kanunçylyk ulgamynda tejribeleriň özara alşylmagyna däl, eýsem, netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna hem-de iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlugyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän parlamentara dialogy işjeňleşdirmegiň hem wajypdygyny bellediler. Şunda parlament diplomatiýasynyň gurallary arkaly diplomatik, syýasy, söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen döredilen parlamentara dostluk toparynyň işine möhüm ähmiýet berilýändigi aýdyldy.

Mejlisiň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, parlament derejesinde duşuşyklary, özara saparlary guramak, ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklary giňeltmek boýunça anyk meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlykda gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, özara gatnaşyklaryň geljekde hem täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Wekiliýetiň ýurdumyza dowam edýän saparynyň çäklerinde beýleki birnäçe ministrliklerde hem duşuşyklaryň geçirilmegi, ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjeklerine gezelençleriň guralmagy göz öňünde tutulýar.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow