Hormatly Koreýa Respublikasynyň işewürler toparlarynyň wekilleri!
Hanymlar we jenaplar!
Ilki bilen, şeýle abraýly we hormatly diňleýjileriň öňünde çykyş etmäge çakylyk üçin guramaçylara minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!
Häzirki döwürde biz öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly taslamalaryny ara alyp maslahatlaşýarys.
Biziň ýurtlarymyzy uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän hoşniýetli gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Bu gatnaşyklarda ykdysady hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda koreý kompaniýalary ýurdumyzda işlemegiň uly tejribesini topladylar. Şunuň bilen baglylykda, «LX International Corp.» we «Hyundai Engineering Co., Ltd.» kompaniýalarynyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz käni boýunça tebigy gazy kükürtden arassalaýjy zawodyň, Gyýanlydaky polimer zawodynyň gurluşyklaryny görkezmek bolar. Şeýle hem «SK Networks» kompaniýasynyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde ýol hereketiniň howpsuzlyk ulgamlaryny gurnamak we konsultatiw hyzmat etmek işleri durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň jemgyýetçilik ulaglarynyň esasy bölegini Koreýada öndürilen awtobuslar hem-de ýeňil awtoulaglar düzýär.
Häzirki döwürde Türkmenistanda «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.», «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.», «Korea Meditech Co., Ltd.» we beýleki koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda maýa goýum taslamalarynyň birnäçesi amala aşyrylýar. Geljekki taslamalar boýunça gepleşikler alnyp barylýar. Eýýäm ýakyn geljekde olary durmuşa geçirmäge badalga berler.
Häzirki wagtda Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 17 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy. Bu bolsa koreý işewürliginiň Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýandygynyň we biziň gatnaşyklarymyzyň uly mümkinçilikleriniň bardygynyň aýdyň güwäsidir.
Gadyrly dostlar!
Biz Koreýa Respublikasyna diňe bir möhüm tehnologik we maýa goýum hyzmatdaşy däl-de, eýsem, senagaty döwrebaplaşdyrmakda, sanlylaşdyrmakda we ýokary tehnologiýaly önümçilikleri ösdürmekde öňdebaryjy tejribä eýe bolan döwlet hökmünde garaýarys. Türkmenistan hem, öz nobatynda, ägirt uly tebigy serişdelere, durnukly energetika binýadyna, amatly geografik ýerleşişe, iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçiliklere eýedir. Biz nebitgaz, himiýa, energetika, ulag ýaly pudaklara koreý tehnologiýalaryny, maýa goýumlaryny we dolandyryş tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýäris.
Ulag-logistika üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek geljegi uly ugur bolup durýar. Türkmenistan Merkezi Aziýany Hazar sebiti hem-de halkara ulag geçelgeleriniň beýleki ugurlary bilen birleşdirýän Ýewraziýa yklymynyň möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde öz ornuny berkitmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Biz koreý kompaniýalarynyň degişli üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryna gatnaşmagyna seretmäge taýýar.
Biz himiýa senagaty babatda hyzmatdaşlyga-da uly ähmiýet berýäris. Koreý kompaniýalarynyň iri önümçilik taslamalaryny amala aşyrmakda baý tejribesi bar. Munuň özi mineral dökünleri, nebithimiýa önümlerini we beýleki senagat önümleriniň görnüşlerini öndürmäge niýetlenen täze başlangyçlar üçin gowy şertleri döredýär.
Lukmançylyk, saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini-de aýratyn bellemek isleýärin. Häzirki döwürde koreý kompaniýalary Arkadag şäherinde häzirki zaman lukmançylyk klasterini döretmäge gatnaşýarlar. Biz muňa öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalaryny mundan beýläk-de ornaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak üçin geljegi uly ugurlaryň biri hökmünde garaýarys.
Hanymlar we jenaplar!
Ýurdumyzda geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde Koreýanyň işewürler jemgyýetçiligine ähli zerur şertleri döretmäge we olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardyrys. Şu günki duşuşygymyzyň ýurtlarymyzyň arasyndaky işewürlik hyzmatdaşlygyny berkitmekde nobatdaky möhüm ädim boljakdygyna hem-de iki tarapyň bähbitlerine laýyk gelýän täze, anyk taslamalary kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynanýaryn.
(Seul şäheri, 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabry)