Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny, baky Bitaraplyk derejämize ygrarlylykda alyp barýan hoşniýetli içeri we daşary syýasatymyzy, bedew bady bilen ynamly öňe barýan döwletli Diýarymyzyň taryhy özgerişlerini, bagtyýar halkymyzyň abadan ýaşaýşyny, şöhratly taryhymyzy, gözel tebigatymyzy, milli ýol-ýörelgelerimizi kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmak, olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmek hem-de höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi.
Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan nusgalyk türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem «Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde çykaran 2222-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýazmyrat Nurniýazowiç Serýaýewi, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Irlandiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri London şäheri) wezipesine bellemeli.
Ýagmurow Atamyrat Badamowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Baýram Seýlapberdiýewiç Çungaýewi Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga, baýlaşdyrmaga, türkmen we eýran halklarynyň arasynda dost-doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiany Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga, baýlaşdyrmaga, türkmen we pakistan halklarynyň arasynda dost-doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarini Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga, baýlaşdyrmaga, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň halklarynyň arasynda dost-doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Wladimirowiç Putini Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga, baýlaşdyrmaga, türkmen we özbek halklarynyň arasynda dost-doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga, baýlaşdyrmaga, türkmen we täjik halklarynyň arasynda dost-doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Şarifowiç Rahmony Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglamaly.