28.11 2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Saparyň dowamynda netijeli türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar, şeýle hem milli Liderimiz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar.
28.11 2019
Şu gün paýtagtymyzda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek baradaky Ýewraziýa toparynyň 31-nji umumy mejlisi boldy. Bu çärä Türkmenistandan, Belarusdan, Hindistandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan we Özbegistandan — jemi dokuz döwletden wekiller gatnaşdy.
28.11 2019
Şu gün Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisiniň jemleýji gününiň işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde «Türkmenistan we dünýä maglumat — telekommunikasiýa ulgamlary» atly ylmy maslahatyň jemleýji mejlisi geçirildi.
27.11 2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy, şeýle hem döwlet syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
27.11 2019
Şu gün paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy we onuň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi. Olar Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
27.11 2019
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyza edilýän jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak, paýtagtymyzy dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmek, şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
27.11 2019
Sizi öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary durmuşa işjeň ornaşdyrmakda, telekommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
26.11 2019
Şu gün Moskwanyň Gündogar Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hormatly akademigi, görnükli arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň doglan gününiň 90 ýyllygyna (1929 — 2013) bagyşlanan «Nurly Margiana» atly sergi açyldy.
26.11 2019
Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň dörediljek ýerindäki gurluşygyň nobatdaky tapgyryna girişmek hakyndaky Karara gol çekdi.
26.11 2019
Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde GDA-nyň, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlaryň işleri we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Federal agentligiň («ROSSOTRUDNIÇESTWO» ynsanperwer we bilim taslamalarynyň tanyşdyrylyşy boldy.
1489 sahypa
Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi