Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahatyna gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahatyna gatnaşyjylara
Çap edildi 15.11.2018
1558

Hormatly CAREC Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahatyna gatnaşyjylar! Hanymlar we jenaplar! Sizi Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň «CAREC 2030: Söwdany giňeltmek we diwersifikasiýa ýardam bermek» atly Merkezi Aziýada sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahatynyň öz işine başlamagy bilen gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglygyny, maslahatyň işine bolsa uly üstünlikleri arzuw edýärin! Ähli döwletleriň ýokary derejeli wekillerine, ministrlere, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna we wekillerine, Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny (CAREC) durmuşa geçirmäge öz goşandyny goşýan edaralara we guramalara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Türkmenistan CAREC Maksatnamasynyň esas goýujy ýörelgelerini we onuň çäklerinde durmuşa geçirilýän taslamalary bütinligine goldaýar. Şu ýyl biziň ýurdumyz çäklerinde energetika, söwda, gümrük meseleleri, ulag, syýahatçylyk, ykdysady geçelgeleri ösdürmek, adam ösüşi ýaly ugurlar boýunça işjeň hyzmatdaşlyk amala aşyrylýan bu abraýly maksatnama başlyklyk edýär. Türkmenistanyň CAREC Maksatnamasyna ýurdumyzda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçýän ýylda başlyklyk etmegi sebitiň Gün tertibinde durýan esasy wezipelere laýyk gelýär. 2018-nji ýyl CAREC Maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli strategiýasyny durmuşa geçirmegiň başlanýan birinji ýylydyr, onuň esasy maksady bolsa sebitiň we sebitiň ykdysadyýetiniň durnuklylygyny saklamaga ýardam etmekden ybaratdyr. Şeýle hem CAREC Maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli strategiýasynyň möhüm wezipesi Durnukly ösüş maksatlaryna agza ýurtlar tarapyndan Pariž ylalaşygyna laýyklykda, howanyň üýtgemegi boýunça maksatlaýyn görkezijileriň gazanylmagy bolup durýar. Biziň ýurdumyzyň CAREC Maksatnamasyna agza bolmagy sebit we halkara hyzmatdaşlygy arkaly türkmen ykdysadyýetiniň goňşy ýurtlaryň we gyzyklanýan döwletleriň ählisiniň ykdysadyýeti bilen goşulyşmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär. Gadymy döwürlerden bäri Türkmenistany «ýedi ýoluň çatrygy» diýip atlandyrypdyrlar, onuň üstünden köp sanly kerwen ýollary geçip, olar Gündogaryň we Günbataryň halklarynyň söwda we medeni aragatnaşyklarynyň ýollary bolup hyzmat edipdir. Häzirki döwürde biziň ýurdumyzyň Hökümeti Merkezi Aziýanyň ýurtlary hem-de sebitiň beýleki ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly üns berýär. Maslahatyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleriň dünýäde häzirki ösüş meýilleri bilen bagly örän uly amaly ähmiýeti bardyr. Häzirki döwrüň ählumumy wehimleri ähli ýurtlara we sebitlere göni täsir edýär, durmuş-ykdysady ösüşe düýpli täsirini ýetirýär. Şonuň üçin hem ösüş maksatlarynyň umumylygyny goldamak, häzirki howplara we wehimlere bilelikde garşy durmak we CAREC Maksatnamasyna girýän döwletleri ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalary amala aşyrmak bilen, täze maksatlary, şol sanda 2030-yň Gün tertibiniň maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen, uzak möhletli geljekde hyzmatdaşlygyň nusgalaryny işläp taýýarlamak amala aşyrylýar. Şu gün ara alnyp maslahatlaşyljak möhüm meselelere öz çemeleşmelerini taýýarlamak bilen, biziň ýurdumyz Merkezi Aziýa Beýik Ýüpek ýolunyň aýrylmaz we möhüm bölegi diýen garaýyşdan ugur alýar. Goşulyşmak ugurlarynyň biri hem söwda ýardam etmek bolup durýar, söwda biziň döwletlerimiziň ykdysadyýetlerini diwersifikasiýalaşdyrmaga hemaýat edýär, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak mümkinçiligini giňeldýär. Bu ýerde sebitleýin söwdada hyzmatdaşlygy ösdürmek, dolandyryş päsgelçiliklerini aradan aýyrmak, kadalaşdyryjy hukuk binýadyny ýakynlaşdyrmak boýunça örän uly mümkinçilikler bar. Bularyň ählisi geljekde amatly maýa goýum ýagdaýyny we telekeçiler üçin mümkinçilikleriň giňelmegini üpjün eder. Mundan başga-da, sebitde söwda hyzmatdaşlygynyň ilerlemegi garyplygy azaltmak we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin berk maddy esasy döreder. Türkmenistan CAREC Maksatnamasynyň çäklerinde ulag taslamalaryny meýilnamalaşdyrmaga we durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. CAREC Maksatnamasynyň alty geçelgesiniň ikisi biziň döwletimiziň üstünden geçýär, olar ýurduň günbatara — Azerbaýjan Respublikasynyň üstünden Türkiýä we Ýewropa, şeýle hem gündogara — Hytaý Halk Respublikasyna, demirgazyga — Gazagystana we Russiýa Federasiýasyna, şonuň ýaly-da, günorta — Arabystan deňzindäki Karaçi we Gwador deňiz menzillerine çykmagyny üpjün edýär. Sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmak we kämil ulag üpjünçilik ulgamlaryny döretmek biziň döwletlerimize degişli ulag-üstaşyr we kommunikasiýa ulgamlary arkaly halkara aragatnaşyga üstünlikli goşulyşmaga mümkinçilik berer. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň CAREC Maksatnamasyna agza döwletler üçin uly ähmiýeti bardyr. Bu gaz geçiriji ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ep-esli artdyrar, energetika howpsuzlygyny we ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam eder we tutuş sebitiň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi üçin kuwwatly esas bolar. Bu maslahatyň tejribe alyşmak üçin netijeli boljakdygyna we ähli ýurtlar hem-de CAREC Maksatnamasynyň çäklerinde ösüş boýunça hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynanýaryn. Men maslahata gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglygyny we uly üstünlikleri arzuw edýärin! Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow