06.12
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi hem-de döwletimiz üçin möhüm şanly seneleri nazara almak bilen, geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.
06.12
2019
Dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlara we aýry-aýry pudaklaryň, esasan hem nebitgaz toplumy bilen bagly işde kemçilikleriň bardygyna garamazdan, biz şu ýyl ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galýandygymyzy ynam bilen aýdyp bileris.
06.12
2019
Aşgabadyň «Olimpiýa» myhmanhanasynda geljek ýylyň 26-njy fewraly — 8-nji marty aralygynda Türkmenistanda boljak futzal boýunça Aziýanyň çempionatynyň final böleginiň bije atyşlygy geçirildi.
06.12
2019
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
05.12
2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýyldaky maksatnamalaýyn çykyşlaryny, interwýularyny, gutlaglaryny hem-de ýüzlenmelerini özünde jemleýän, «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly ýygyndynyň nobatdaky — 12-nji tomy çapdan çykdy. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen kitap ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan çapa taýýarlanyldy.
05.12
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Müşşikowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň, şeýle hem aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.
05.12
2019
Şu gün Gökdepe etrabynda döwrebap ýyladyşhananyň açylyş dabarasy boldy, ol «Üzümçilik» daýhan birleşiginiň çäginde guruldy. Bu waka mynasybetli geçirilen dabara welaýatyň häkimi S.Berdimuhamedow, etrap häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, hormatly ýaşulular, köp sanly oba adamlary gatnaşdylar.
04.12
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda bolan Halk Maslahatynda degişli çözgüt esasynda döredilen Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi.
03.12
2019
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
03.12
2019
Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maslahatlar zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen kitabynyň ikinji jildiniň arap dilinde çykan neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.