Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan-Italiýa: özara peýdaly hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Ykdysadyýet
Türkmenistan-Italiýa: özara peýdaly hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Çap edildi 15.11.2018
1946

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Italiýanyň söwda boýunça agentliginiň bilelikde guramagynda türkmen-italýan işewürlik maslahaty boldy. Iki ýurduň ykdysady taýdan gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ädime öwrülen bu maslahata Italiýanyň iri kompaniýalarynyň wekilleri we ýurdumyzyň dürli pudaklardaky gatnaşyklary işjeň ösdürýän telekeçileri gatnaşdylar. Italiýanyň wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, himiýa we azyk senagatynda, oba hojalygynda işleýän “Eni Turkmenistan”, “Maire Tecnimont”, “Nuovo Pignone”, “FATA”, “Kerry Logistics”, “Aermec”, “General Electric International”, “Brunel” ýaly belli kompaniýalaryň öňdebaryjy hünärmenleri bar. Şeýle hem maslahata türkmen tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, hususy önüm öndürijiler we hyzmat ulgamynda işleýän telekeçiler gatnaşdylar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täzeçil tehnologiýalary işjeň peýdalanýan agzalarynyň şunuň ýaly duşuşyklara gatnaşmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň ýurdumyzyň önümçilik we eksport kuwwatlyklaryna önjeýli goşant goşýan hususy ulgamyna goldaw bermek boýunça amala aşyrýan syýasatynyň oňyn netije berýändiginiň subutnamasydyr. Duşuşyga gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň soňky döwürde ýokary ösüşe eýe bolandygy we anyk netijelere gönükdirilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diýego Ungaro öz çykyşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň ykdysadyýetiň sazlaşykly ösýändigini, onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň köpugurly esasda ýokarlanýandygyny has aýdyňlygy bilen äşgär edýändigini belledi. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ösüşi, şeýle hem Türkmenistandan Italiýa ugradylýan harytlaryň ýylyň başyndan bäri üç essä golaý, şol bir wagtyň özünde, Italiýadan getirilýän önümleriň 50 göterim artmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty hakyndaky çykyşlar diňlenildi we Italiýa Respublikasynda iş alyp barmagyň mümkinçilikleri hem-de şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösüş depginleri Türkmenistan bilen gatnaşyklary berkitmäge daşary ýurtlaryň uly gyzyklanma bildirmeginiň möhüm şertidir. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde Türkmenistanda italýan hyzmatdaşlary bilen bilelikde we italýan tehnologiýasy esasynda öndürilen harytlaryň sergisi guraldy. Ol ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň ýeten derejesini we olaryň eksport mümkinçiliklerini giňden beýan etdi. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak maksatnamasyny amala aşyrmak, Türkmenistanyň energo ugurlarynyň dünýä bazarlaryna ugradylýan mümkinçiliklerini artdyrmak wezipelerini esasy ugur edinýän Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär we mundan beýläk-de Ýewropanyň iri düzümlerini, şol sanda Italiýanyň kompaniýalaryny bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň çekýär. Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýedigini we ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Italiýanyň wekiliýetiniň agzalary Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty netijesinde bu ugurlaryň işjeň häsiýete eýe bolýandygyny nygtadylar. Milli Liderimiziň syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklar babatda öňe sürýän başlangyçlary soňky ýyllarda dürli ugurlarda köp sanly bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirdi. Geljegi uly saýylýan türkmen bazarynda öz ornuny giňeltmäge bolan meýillerini beýan edip, italýan kompaniýalarynyň wekilleri bu gyzyklanmalaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşinden, ýurtda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmeginden gelip çykýandygyny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, şunuň ýaly oňyn şertler daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gyzyklanmalarynyň barha artmagyny üpjün edýär. Dostlukly ýurtlaryň türkmen-italýan işewürlik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklap, maslahata gatnaşyjylar özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Ol ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk toplumlarynyň, oba hojalygynyň we beýleki pudaklaryň bilelikdäki işine bagyşlanan bäş mejlisiň çäklerinde jikme-jik maslahatlaşyldy. Günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynda işewür gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmäge gyzyklanma bildirýän türkmen we italýan işewürleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar şu gün özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň arasyndaky göni gatnaşyklary ýola goýmaga bolan çemeleşmeleri anyklamakda möhüm ädime öwrülen şeýle maslahaty we duşuşyklary dowam etmegiň möhümdigini nygtadylar.

Soňky habarlar
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly açyldy
16.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Mek­si­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Prezidentini gut­la­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di
top-arrow