Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Braziliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Braziliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady
Çap edildi 14.11.2018
1296

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Marsiýa Donner Abreudan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Diplomat türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly barýar. Bellenilişi ýaly, Braziliýada türkmen Lideriniň alyp barýan netijeli syýasatyna hem-de öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýärler we olary tutuşlygyna goldaýarlar. Şol syýasat we başlangyçlar parahatçylygy, durnuklylygy hem-de dünýäde abadançylygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Duşuşygyň barşynda diplomat oňyn Bitaraplyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde ýola goýulýan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary, iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler we taslamalar bilen tanyşdyryldy. Şolar döwletiň köptaraply mümkinçiligini hem-de yzygiderli ösüşiniň netijeli durmuşa geçirilmegini, raýatlaryň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Parlamentara gatnaşyklary, şol sanda halkara derejede — abraýly guramalaryň we düzümleriň çäklerinde mundan beýläk-de ösdürmek babatda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Braziliýanyň doly ygtyýarly wekiline Türkmenistanyň Mejlisiniň kanunçykaryjylyk işi barada habar berildi. Milli kanunçylygy halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalaryna kybap getirmek parlamentiň işiniň möhüm ugrudyr. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesinde özara hereket etmäge, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, ylym-bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda aragatnaşyklaryň kemala getirilmegine hem-de ösdürilmegine aýratyn üns berildi. *** Şu gün Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Şol ýerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meseleleri hem-de özara gyzyklanma döredýän halkara syýasatyň birnäçe ugurlary boýunça netijeli pikir alşyldy. Medeni maksatnamanyň çäklerinde hanym Marsiýa Donner Abreu paýtagtymyzyň iri muzeýlerine hem-de Aşgabadyň beýleki gözel ýerlerine baryp görer.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow