Syýasy habarlar
Resmi habar
Çap edildi 23.11.2018
1454

Türkmenistanyň Prezidentiniň Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alýan parahatçylyk söýüji daşary syýasatyna laýyklykda, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek we ulag ulgamyndaky köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ulaglar we aragatnaşyk toplumyna degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine 2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Halkara ulag maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy. Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna bu maslahata taýýarlyk görmekde hem-de ony ýokary derejede we guramaçylykly geçirmekde Türkmenistanyň ulaglar we aragatnaşyk toplumyna degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýardam etmek tabşyryldy.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow