16.12
2019
Şu gün, 2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi.
15.12
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerim bilen häzirki zaman sungaty we onuň ösüş ugurlary barada pikir alyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ses studiýasynda Kerimiň döreden we täzeden işlän saz eserleri, onuň aýratynlyklary, sanly ulgam arkaly sungat eserlerine özboluşly öwüşgin çaýmagyň ugurlary bilen tanyşdy.
15.12
2019
«Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasy köpöwüşginli yşyklary, ýaşajyk türkmenistanlylaryň belent ruha beslenen Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan aýdymlary, ajaýyp çykyşlary we joşgunly tanslary bilen utgaşyp, Täze, 2020-nji ýylyň ýakynlap gelýändigini äleme aýan etdi.
15.12
2019
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
14.12
2019
Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumynda bolup, Şapolat atly bedewi bilen didarlaşdy
14.12
2019
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.
14.12
2019
Şu gün Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän Bagabat şäherçesiniň golaýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren işleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini, psihotrop maddalary hem-de kontrabanda ýoly bilen getirilen temmäki önümlerini ýok etmek çäresi boldy.
14.12
2019
Siziň ähliňizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda uly dabara bilen bellenýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban Watanymyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin!
13.12
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
13.12
2019
«Haryt nyşanlary hakyndaky» we «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, intellektual eýeçiligiň meselelerini düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda: