Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna
Syýasy habarlar
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna
Çap edildi 21.11.2018
1743

Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Döw­let baý­dak­la­ry bi­len be­ze­len Aş­ga­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýe­wi ýur­du­my­zyň res­mi adam­la­ry gar­şy­la­dy­lar. Ha­ly dü­şe­len ýo­da­jy­gyň gy­ra­syn­da be­lent mer­te­be­li myh­ma­nyň hor­ma­ty­na Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri ny­za­ma dü­zül­di. Asyl­ly dä­be gö­rä, mil­li ly­bas­da­ky og­lan we gyz­ja­gaz dost­luk­ly ýur­duň Li­de­ri­ni duz-çö­rek we gül des­se­le­ri bi­len gar­şy­la­dy­lar. Ho­wa men­zi­lin­den Azer­baý­ja­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň ulag ker­we­ni mo­to­sik­let­çi­le­riň ug­rat­ma­gyn­da sa­par ma­ha­ly özi üçin ni­ýet­le­nen ka­şaň “Oguz­kent” myh­man­ha­na­syn­da­ky ka­bul­ha­na­sy­na ta­rap ug­ra­dy. Bi­raz wagt­dan dost­luk­ly ýur­duň Baş­tu­ta­ny Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň, şeý­le hem 1948-nji ýy­lyň Aş­ga­bat ýer­tit­re­me­sin­de we­pat bo­lan­la­ryň ha­ty­ra­sy­na ebe­di­leş­di­ri­len “Halk ha­ky­da­sy” ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­na gel­di. Bu ýer­de Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýew “Ba­ky şöh­rat” ýa­dy­gär­li­gi­ne gül des­se­si­ni goý­dy we bu top­lu­myň çä­gin­de ýer­leş­ýän “Wa­tan mu­kad­des­li­gi” mu­ze­ýi­niň gym­mat­lyk­la­ry bi­len ta­nyş­dy. Goň­şy ýur­duň Baş­tu­ta­ny bu ýer­de Hor­mat­ly myh­man­lar üçin ni­ýet­le­nen ki­tap­da ýa­dy­gär­lik ýaz­gy goý­dy. Şol gün Azer­baý­ja­nyň Baş­tu­ta­ny paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çesi­ne gel­di. Bu ýer­de 2017-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry üs­tün­lik­li geç­di. Şu ýyl bol­sa bu top­lum­da Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty bol­dy. Bu iri sport des­ga­syn­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra bäs­le­şik­ler Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra sport gi­ňiş­li­gin­de ab­ra­ýy­nyň bar­ha be­len­de gal­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Olim­pi­ýa şä­her­çesi­niň sport des­ga­la­ry­nyň bi­rin­de Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­we ýur­du­my­zyň dok­ma kär­ha­na­la­ryn­da taý­ýar­la­ny­lan sport ly­bas­la­ry­nyň ser­gi­si gör­ke­zil­di. On­da goý­lan dür­li gör­nüş­dä­ki we bir­nä­çe be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry bo­lan, tür­gen­ler üçin ni­ýet­le­nen egin-eşik­le­riň ti­ki­li­şi, ola­ryň taý­ýar­la­ny­ly­şy ýo­ka­ry hal­ka­ra ül­ňü­le­re do­ly la­ýyk gel­ýär. Be­lent mer­te­be­li myh­man türk­men pag­ta­syn­dan taý­ýar­la­nan we “Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ril­di” di­ýen ny­şan­ly bu ly­bas­la­ryň hil de­re­je­si­ne we ýa­kym­ly­lyk ta­rap­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di. Olim­pi­ýa şä­her­çesi­niň mo­no­rels ýo­ly bi­len bar­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len bi­na edi­len bu kö­pu­gur­ly sport dü­zü­mi bi­len tan­şyp, be­lent mer­te­be­li myh­man onuň öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik çöz­gü­di­ne eýe­di­gi­ni hem-de örän oý­la­ny­şyk­ly me­ýil­na­ma­laş­dy­ry­lan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Spor­tuň äh­li gör­nüş­le­ri­ne de­giş­li des­ga­la­ryň bir ýer­de jem­len­me­gi bi­na­gär­lik çöz­gü­di­niň ýo­ka­ry de­re­je­si­dir. Soň­ra Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýew Türk­men ha­ly­sy­nyň mil­li mu­ze­ýi­ne ba­ryp gör­di. Mu­ze­ýiň gym­mat­lyk­la­ry gö­zel­li­gi we ne­pis­li­gi bi­len haý­ran gal­dyr­ýar. Bu ýer­de be­lent mer­te­be­li myh­ma­nyň ga­ra­ma­gy­na gel­jek ne­sil­ler üçin top­la­nan we aýaw­ly sak­lan­ýan ba­ha­syz ta­ry­hy gym­mat­lyk­lar, şeý­le hem öz­bo­luş­ly mil­li däp­le­riň ne­sil­den-nes­le ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni äş­gär ed­ýän hä­zir­ki za­man ne­pis ha­ly önüm­le­ri gör­ke­zil­di. Mil­li ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty ge­çen asyr­la­ryň mi­ra­sy­ny we us­sat ha­ly­çy­la­ryň köp ne­sil­le­ri­niň dö­re­di­ji­lik zäh­me­ti­ni özün­de jem­le­mek bi­len, türk­men hal­ky­nyň umu­ma­dam­zat me­de­ni­ýe­ti­ne ägirt uly go­şan­dy bo­lan ga­dy­my sun­gat­la­ryň bi­ri­dir. Mu­zeý bi­len ta­nyş­lyk ta­mam­la­nan­dan soň­ra Azer­baý­ja­nyň Baş­tu­ta­ny Hor­mat­ly myh­man­la­ryň ki­ta­byn­da ýa­dy­gär­lik ýaz­gy gal­dyr­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 16-njy no­ýabr­da ge­çi­ri­len mej­li­sin­de bel­leý­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan bi­len Azer­baý­ja­ny ga­dy­my dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry bag­la­nyş­dyr­ýar. Mu­nuň özi iki do­gan­lyk hal­kyň asyr­la­ryň do­wa­myn­da­ky ta­ry­hy-me­de­ni umu­my­ly­gy­nyň ne­ti­je­si­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň tä­ze maz­mun bi­len üs­ti ýe­ti­ril­ýär. Mu­nuň üçin bol­sa amat­ly müm­kin­çi­lik­ler we şert­ler bar. Ab­raý­ly se­bi­ta­ra we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de ýo­la go­ýul­ýan iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ra iş­jeň hä­si­ýet mah­sus­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let­le­riň iki­si-de äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne bo­lan umu­my ga­ra­ýyş­la­ry we çe­me­leş­me­le­ri öňe sür­ýär. Dür­li de­re­je­de we­ki­li­ýet­le­riň iki­ta­rap­la­ýyn sa­par­la­ry­ny gu­ra­mak, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, iki döw­le­tiň Ýol­baş­çy­la­ry­nyň ara­syn­da gö­ni gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi, şeý­le hem hal­ka­ra äh­mi­ýet­li iri çä­re­le­riň, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy ýurt­la­ry­nyň we Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ryň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mit­le­ri­ni ge­çir­mek ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy üs­tün­lik­li ös­dür­me­giň wa­jyp şer­ti bo­lup dur­ýar. 2017-nji ýy­lyň aw­gus­tyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Azer­baý­ja­na bo­lan res­mi sa­pa­ry döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne tä­ze iter­gi ber­di. Onuň jem­le­ri bo­ýun­ça iki ýur­duň ara­syn­da stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da­ky Jar­na­ma, dür­li ul­gam­lar­da öza­ra peý­da­ly gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek üçin ze­rur müm­kin­çi­lik­le­ri ber­ýän beý­le­ki res­mi­na­ma­lar top­lu­my­na gol çe­kil­di. Bu ge­zek­ki du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedow we Il­ham Ali­ýew türk­men-azer­baý­jan gat­na­şyk­la­ry­nyň mö­hüm ugur­la­ry, şeý­le hem öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän se­bi­ta­ra we hal­ka­ra sy­ýa­sa­tyň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­ýar­lar. Ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň yzy­gi­der­li we kö­pu­gur­ly esas­da ös­dü­ril­me­gi­ne äh­mi­ýet ber­ler. Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­ja­nyň ägirt uly te­bi­gy se­riş­de müm­kin­çi­lik­le­ri­ne, şol san­da ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň baý gor­la­ry­na eýe bol­ma­gy mö­hüm pu­dak­lar­da­ky ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek üçin ägirt uly şert­le­ri üp­jün ed­ýär. Iki goň­şy döw­le­tiň geog­ra­fi­k taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gi Ýew­ro­pa bi­len Azi­ýa­ny bag­la­nyş­dyr­ýan hem-de ýük da­şa­mak we ony hal­ka­ra lo­gis­tik dü­zü­me goş­mak üçin amat­ly gu­ry ýer we de­ňiz ugur­la­ry­ny üp­jün ed­ýän hä­zir­ki za­man yk­ly­müs­ti ge­çel­ge­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak­da ta­gal­la­la­ryň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär. Öza­ra gat­na­şyk­la­ryň tä­ze ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek­de we işe­wür gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek­de Söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça türk­men-azer­baý­jan hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­na, şeý­le hem işe­wür dü­züm­le­riň gat­na­şyk­la­ry­na mö­hüm orun de­giş­li­dir. Iki do­gan­lyk hal­kyň baý me­de­ni we ru­hy mi­ra­sy, bo­zul­maz dost­luk gat­na­şyk­la­ry hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan bi­len Azer­baý­ja­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýurt­la­ryň iki­si-de yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ra, şol san­da bi­lim, ylym, me­de­ni, sport hem-de sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­ga mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär­ler. Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ba­ra­da­ky şu ýy­lyň aw­gust aýyn­da ka­bul edi­len Kon­wen­si­ýa­ny na­za­ra al­mak bi­len, Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň bäş­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy­nyň de­giş­li şert­na­ma­la­ýyn-hu­kuk bin­ýa­dy­ny dö­ret­mek iki ýurt üçin hem mö­hüm we­zi­pe bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­ja­nyň Li­der­le­ri­niň öň­de bol­jak du­şu­şy­gyn­da ta­rap­la­ryň ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de saz­la­şyk­ly ös­ýän hem-de ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn gi­ňelt­me­giň hem-de çuň­laş­dyr­ma­gyň ýo­lun­da mö­hüm ädi­me öw­rül­jek iri res­mi­na­ma­lar top­lu­my­na gol çek­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Soňky habarlar
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
top-arrow