18.12
2019
Şu gün Daşary işler ministrliginde Aral deňziniň sebitindäki ýurtlar üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça köptaraplaýyn geňeşmeler geçirildi.
18.12
2019
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Deňiz giňişliklerini çäklendirmeleriň atlasy” atly taslamanyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyrylyş edaralarynyň, ylym we bilim edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
17.12
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy, ýakyn geljekde gurulmagy meýilleşdirilen dürli maksatly desgalaryň taslamalary hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy.
17.12
2019
Şu gün paýtagtymyzda ýaş aýdymçylaryň arasyndaky «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2019» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ol baýramçylyk çäreleriniň Täze ýylyň öň ýanyndaky maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň birine öwrüldi.
17.12
2019
Şu gün BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň wekilhanasynda suw-energetika serişdelerini netijeli peýdalanmak işinde täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ulanylmagyna bagyşlanan iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady.
17.12
2019
Şu gün Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde Türkmenistanyň ynsanperwer kömeginiň berilmegi — dostlukly ýurduň ykdysady hajatlary üçin kuwwatly elektroenergetika enjamlarynyň gowşurylmagy mynasybetli dabara boldy.
16.12
2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýaty döwlet dolandyryşy tejribesine, şol sanda elektron resminama dolanyşygy ulgamyna sanly maglumat tehnologiýa ornaşdyrylan ýurdumyzyň ilkinji sebiti boldy. Şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda bu barada welaýatyň häkimi Serdar Berdimuhamedow hormatly Prezidentimize hasabat berdi.
16.12
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
16.12
2019
Şu gün Türkmen halysynyň milli muzeýinde türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.
16.12
2019
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän günlerinde Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyza şatlykly habarlaryň ýene-de biri gelip gowuşdy.