Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Kairde türkmen-müsür Hökümetara toparynyň ikinji mejlisi geçirildi
Syýasy habarlar
Kairde türkmen-müsür Hökümetara toparynyň ikinji mejlisi geçirildi
Çap edildi 02.12.2018
1291

Kairde ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-müsür Hökümetara toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Duşuşygyň barşynda türkmen tarapynyň belleýşi ýaly, arap döwletleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge alnan ugruň jähtinden Müsür Arap Respublikasy bilen ýakyn we özara peýdaly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Bu ugurda ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-müsür Hökümetara toparynyň işine iki ýurduň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmegiň we berkitmegiň işjeň guraly hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Öz gezeginde, toparyň müsür tarapyndan başlyklarynyň biri - Müsür Arap Respublikasynyň maýa goýumlary we halkara hyzmatdaşlygy ministri doktor Sahar Nasr bu duşuşygyň türkmen-müsür gatnaşyklarynyň uzak möhletli häsiýete eýedigine we hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiligini durmuşa geçirmäge iki tarapyň hem gyzyklanýandygyna şaýatlyk edýänligini nygtady. Mejlisiň barşynda köpugurly türkmen-müsür gatnaşyklarynyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, söwda, energetika, oba senagat toplumy, saglygy goraýyş, derman senagaty, ulag we kommunikasiýa, himiýa we dokma senagaty, gurluşyk ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary kesgitlenildi. Hökümetara toparyň mejlisiniň çäklerinde birinji işewürlik-maslahaty geçirildi, onuň barşynda iki ýurduň işewürler toparlarynyň wekilleri hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we göni aragatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň hem-de Müsüriň ministlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekillerinň ikitaraplaýyn duşuşklary geçirilip, onda özara hereketi diwersifikasiýalaşdyrmagyň ugurlary kesgitlenildi.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow