21.05
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat hem-de gurluşyk we senagat toplumlaryna gözegçilik edýän orunbasarlary E.Orazgeldiýewiň hem-de Ş.Durdylyýewiň gatnaşmaklarynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň ilatyny türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän azyk önümleri bilen üpjün etmekde alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de öňde durýan, ilkinji nobatda, amala aşyrylmaly wezipeler kesgitlenildi.
21.05
2020
Şu gün paýtagtymyzyň häkimliginde göni wideoaragatnaşyk arkaly Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň (WTCF) wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Olara Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, Medeniýet we Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
20.05
2020
20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Kanadanyň Daşary işler ministri Fransua-Filipp Şampan bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.
20.05
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag-kommunikasiýa we maliýe-ykdysadyýet toplumlaryna gözegçilik edýän orunbasarlary B.Öwezowyň we G.Müşşikowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
20.05
2020
Şu gün «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Durnukly ösüş maksadynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly döredilen ýokary maglumat tehnologiýalary we ösüşiň monitoringi boýunça iş toparynyň nobatdaky onlaýn tertibindäki duşuşygy geçirildi.
20.05
2020
Sizi mukaddes Oraza aýynyň kalplarymyzy tämizleýän, köňüllerimize nur çaýýan mübärek Gadyr gijesi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gudraty Güýçli Beýik Biribaryň mukaddes Gurhanyň ilkinji aýatlaryny iberen gijesiniň — Gadyr gijesiniň haýyr-sahawatynyň we berekediniň, tagat-ybadatlarynyň hem-de ýakymly pursatlarynyň agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde mähriban halkymyz bilen el-ele berip berkarar eden iň uly üstünligimizi — parahat, abadan, bagtyýar durmuşymyzy has-da dabaralandyrjakdygyna berk ynanýaryn.
19.05
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Mukaddes Oraza aýynyň Gadyr gijesi gününe gabat gelen iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşine degişli meseleler girizildi.
19.05
2020
Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýörite maslahat täze aýratyn howply ýokanç kesele garşy göreşmek maksady bilen, gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň işinde ulanylýan lukmançylyk usullaryna bagyşlanyldy.
18.05
2020
Döwletliler köşgünde baýramçylyk çäresi geçirildi, onuň barşynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan süýji tagamly sowgatlar gowşuryldy. Milli parlamentiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we ýurduň jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri çagalaryňka myhmançylyga geldiler.
18.05
2020
Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Onda belli ýerine ýetirijileriň, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Sungat ussatlary öz çykyşlaryny türkmen halkynyň bagtyýar eýýamyna, gazanýan ägirt uly üstünliklerine we mähriban Watanymyzyň eýelän sepgitlerine bagyşladylar.