Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Kanadanyň hem-de Türkmenistanyň we Italiýanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Kanadanyň hem-de Türkmenistanyň we Italiýanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Çap edildi 20.05.2020
905

20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Kanadanyň Daşary işler ministri Fransua-Filipp Şampan bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar COVID-19 pandemiýasy bilen bagly häzirki ýagdaýlar we onuň ýaýramagyna garşy göreş çäreleri barada pikir alyşdylar. Bu babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen utgaşykly hereketleri amala aşyrmaga özara derejede taýýardyklary barada nygtaldy. Şeýle hem pandemiýanyň ykdysady we durmuş çäklerdäki netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu babatda häzirki zaman wehimlerine garşy çalt we netijeli gaýtawul bermekde dünýä jemgyýetçiliginiň hemmetaraplaýyn özara goldawyny güýçlendirmeginiň zerurlygy nygtaldy. Daşary-syýasy edaralaryň ýolbaşçylary şeýle-de türkmen-kanada hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatiki we medeni çäklerindäki ýagdaýyny hem-de geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň we Kanadanyň halkara giňişliginde, aýratyn hem bu iki dostlukly döwletiň özara goldawyň we düşünişmegiň saldamly tejribesini toplan ugry bolan BMG-niň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi dogrusynda pikirler alyşyldy.

* * *
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Italýan Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Manlio Di Stefano bilen wideokonferensiýa görnüşinde gepleşikleri geçirildi. Daşary-syýasy edaralaryň ýolbaşçylary COVID-19 täze koronawirusynyň ýaýramagy bilen bagly häzirki ýagdaýlara we onuň garşy çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda bar bolan tejribäni we mümkinçilikleri işjeň herekete getirmeklige taýýadyklary barada nygtaldy. Gepleşikleriň barşynda taraplar şeýle hem syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik çäklerdäki öň gelnen ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyna seretdiler. Hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga bolan meýillerini ýene-de bir gezek tassykladylar. Şu jähetden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa Respublikasyna bolan saparynyň ähmiýeti aýratyn bellenip geçildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň sapary wagtynda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine gönükdirilen 37 sany ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilipdi. Diplomatlar şeýle-de iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň özara hereketleriniň mümkinçiliklerini giňeltmegiň ähmiýeti barada aýratyn nygtadylar.

Soňky habarlar
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly açyldy
16.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Mek­si­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Prezidentini gut­la­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di
top-arrow