Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Bitarap Watanymyz Türkmenistanyň şanyna baýramçylyk konserti
Medeniýet
Bitarap Watanymyz Türkmenistanyň şanyna baýramçylyk konserti
Çap edildi 18.05.2020
4499

Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Onda belli ýerine ýetirijileriň, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Sungat ussatlary öz çykyşlaryny türkmen halkynyň bagtyýar eýýamyna, gazanýan ägirt uly üstünliklerine we mähriban Watanymyzyň eýelän sepgitlerine bagyşladylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen baýramçylyk Gutlagynda Esasy Kanunymyz hem-de belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň şanly geçmişimiziň, şöhratly döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini alamatlandyrýan milli gymmatlygymyzdyr... Mundan ýigrimi sekiz ýyl öň Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi hem-de Döwlet baýdagymyzyň döredilmegi bilen, Garaşsyz Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň esaslary, syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-jemgyýetçilik ösüşleriniň binýady tutuldy diýip belleýär. Baýramçylyk konserti Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň hem-de ýurdumyzyň folklor tans toparlarynyň we teatr artistleriniň ýerine ýetiren «Arkadagyň ak ýolunda, baky parla, ýaşyl Tugum!» atly edebi aýdym-sazly çykyşlar bilen açyldy. Onda halkymyzyň esasy milli nyşanlarynyň biri bolan we türkmen halkyny beýik ýeňişlere ruhlandyrýan ýaşyl Baýdagymyzyň waspy ýetirildi. Döredijiligiň, aýdym-sazyň sazlaşygyndan dörän sungat eseri bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemläp, Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň ýanynda belentde parlaýar. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kompozisiýany «Laçyn» folklor toparynyň agzalary ýerine ýetirdiler. Onda ajaýyp sazyň we joşgunly tansyň üsti bilen ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler wasp edildi. Ýurdumyzyň Döwlet tans toparynyň, «Galkynyş», «Meňli», «Aşgabat», «Näzli» tans toparlarynyň çykyşlary belent ruha beslenen aýdym-sazlar bilen utgaşdy. Täsirli çykyşlar tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Aýdym-sazly çykyşlaryň milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda yzygiderli amala aşyrylýan we Türkmenistanyň dünýäde özygtyýarly Bitarap döwlet hökmündäki abraýynyň belende galmagyny şertlendiren beýik işler baradaky wideoşekiller bilen utgaşmagy konsertiň täsirli pursatlara baý bolmagyny üpjün etdi. Onda halkymyzyň ruhy ýörelgeleri, beýik demokratik gymmatlyklary öz beýanyny tapdy. «Serpaý» hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň folklor-tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren gadymy «küştdepdi» tansy konsertiň şowhunyny artdyrdy. Konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Goý, baky parlasyn, Watan Baýdagy!» atly aýdym baýramçylyk konsertiniň jemlemesine öwrüldi. Bu aýdym Diýarymyzyň ýaşyl Baýdagyna bagyşlanan sena bolup, kalplarynda mähriban Watanymyza, ýurdumyzy ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan hoşallyk duýgularyny kalplarynda besleýän tomaşaçylarda ýakymly täsirler galdyrdy. Ýygnananlar türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň beýanyna öwrülen jemleýji çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Soňky habarlar
10.02
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara
09.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
09.02
«Arkadag» futbol topary dünýä metbugatynyň üns merkezinde
09.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 133 müň dollaryndan gowrak boldy
08.02
Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.02
Sportly Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy
07.02
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
07.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine hem-de Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrine halkara baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli sanly ulgam arkaly gutlagy
06.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
06.02
Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny gutlady
top-arrow