Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Jemgyýet
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Çap edildi 20.05.2020
1675

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi mukaddes Oraza aýynyň kalplarymyzy tämizleýän, köňüllerimize nur çaýýan mübärek Gadyr gijesi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gudraty Güýçli Beýik Biribaryň mukaddes Gurhanyň ilkinji aýatlaryny iberen gijesiniň — Gadyr gijesiniň haýyr-sahawatynyň we berekediniň, tagat-ybadatlarynyň hem-de ýakymly pursatlarynyň agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde mähriban halkymyz bilen el-ele berip berkarar eden iň uly üstünligimizi — parahat, abadan, bagtyýar durmuşymyzy has-da dabaralandyrjakdygyna berk ynanýaryn. Ynsanperwerlik, agzybirlik, haýyr-sahawatlylyk, ak ýüreklilik, lebzihalallyk, zähmetsöýerlik, belent ahlaklylyk baý medeniýeti döreden türkmen halkynyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan gymmatly ýörelgeleridir. Asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen hem-de birek-birege hormat we sarpa goýmak ýaly beýik ruhy gymmatlyklara öwrülen ýörelgeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň kalbyny we ruhuny tämizleýär, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar. Şoňa görä-de, halallyga, päklige, dogruçyllyga uýan ata-babalarymyzyň milli ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, ynançdyr adatlaryny rowaçlandyrýan baýramlary we şanly seneleri giňden bellemek özboluşly däbe öwrüldi. Gadyr gijesine rehim-şepagatlylygyň, haýyr-sahawatlylygyň, ruhy tämizligiň, päk ynanjyň, ýokary ynsanperwerligiň dabaralanýan gijesi hökmünde aýratyn hormat goýulýar. Halkymyzyň aňyna we durmuşyna berk ornaşan köpasyrlyk däplerimize laýyklykda, bu mukaddes gijäniň hormatyna agzaçar sadakalary berlip, birek-birege hoş sözler aýdylyp, abadan we bagtyýar durmuş, ýurt abadançylygy arzuw edilýär, tarawa namazlary okalyp, ýagşy doga-dilegler edilýär. Ynsanperwerlik, adalatlylyk, rehimdarlyk halkymyzyň ruhy däpleriniň esasyny düzýär. Däp bolşy ýaly, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem mukaddes Oraza aýynyň sarpaly Gadyr gijesiniň hormatyna nesillerden-nesillere geçip gelýän rehimdarlyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerimizden ugur alyp, jenaýat edip, iş kesilenleriň günäsini geçýäris. Oraza baýramyna we Gadyr gijesine aýratyn hormat-sarpa goýulmagy, Beýik Biribaryň kelamy mukaddes Gurhana uýlup, dini adatlaryň we dessurlaryň berjaý edilmegi jemgyýetimiziň ynsanperwerligiň belent ýörelgeleri esasynda kämilleşmegine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär. Eziz watandaşlar! Biz nesilleri baglanyşdyrýan we jebisleşdirýän gymmatlyklarymyza aýawly çemeleşmek bilen, dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine we baýlaşmagyna uly goşant bolan beýik medeniýetimizi, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, ruhy-ahlak ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirip, jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini gazanýarys. Şu maksatdan ugur alyp, döwlet syýasatynda, nesil terbiýesinde akyl-paýhaslylygyň ajaýyp sazlaşygy bolan mirasymyzy, beden we ruhy tämizlige, ahlak arassalygyna aýratyn ähmiýet beren pederlerimiziň asylly ýörelgelerini hemişelik nusga edinýäris. Mähriban halkymyzyň döredijilikli zähmetine, ykdysadyýetimiziň kuwwatly mümkinçiliklerine, pederlerimiziň asylly ýörelgelerine daýanyp, Türkmenistan döwletimizi mundan beýläk-de ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga aýratyn üns berýäris, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys. Ýurdumyzyň gülläp ösmegi, obadyr şäherlerimiziň keşbiniň özgermegi, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagy üçin uly işleri amala aşyrýarys. Biz dünýä bileleşigi bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şerti hökmünde halkymyzyň gadymy däpleriniň, medeniýetiniň, ruhy we maddy gymmatlyklarynyň tutuş dünýäde wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Şonuň bilen birlikde, parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerimizi daşary syýasat strategiýamyzyň möhüm şertleri hökmünde kesgitläp, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýäris. Ählumumy abadançylygyň hem-de durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň bähbidine dünýä bileleşigi bilen gatnaşyklarymyzy has-da giňeldýäris. Döwletleriň we halklaryň arasyndaky medeni-ylmy gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. Bu işleriň ählisi adamzadyň dostluk we hoşniýetlilik ýörelgelerine daýanýan ynsanperwer gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen üstüniň ýetirilmegine ýardam berýär. Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi mübärek Gadyr gijesi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, Gadyr gijesinde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň beýik geljegi, bagtyýar we asuda durmuşy üçin edilen doga-dilegler, agzaçar sadakalary Gudraty Güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Size berk jan saglyk, egsilmez bagt, maşgala abadançylygyny, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegini arzuw edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
29.12
Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
29.12
Geljek ýylda ösüşiň belent sepgitlerine tarap
29.12
Ýurt garşy alsyn!
29.12
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 972 müň dollaryndan gowrak boldy
27.12
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
27.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
26.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
26.12
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etmek hakynda
26.12
Çagalaryň baýramçylyk dabaralary
25.12
Daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow