28.07
2020
Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenlstanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
27.07
2020
Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilik işlerine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň häzirki wagtda ähli pudaklaryň ýolbaşçylary üçin esasy wezipedigini belledi.
27.07
2020
Türkmen ilinde Gurban baýramy mukaddes baýram hasaplanylýar. Ruhy tämizligiň, arassa ahlagyň hem-de agzybirligiň ajaýyp pursatlaryny özünde jemleýän bu baýram uly ruhubelentlik bilen bellenilýär.
27.07
2020
2020-nji ýylyň 27-nji iýulynda “Mir” Döwletara teleradiokompaniýasynyň ýaýlymy boýunça onuň Täjigistan Respublikasyndaky habarçysy Azamat Ziýaýewiň habary ýaýlyma göýberildi, onda, hususan-da ýakyn günlerde Täjigistanda garaşylýan yssy howa Eýrandan gelip, Türkmenistanyň üsti bilen geçen yssy howa akymynyň sebäp bolýandygy habar berilýär.
25.07
2020
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.
25.07
2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
25.07
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
25.07
2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
24.07
2020
Giň jemgyýetçiligi döwleti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hem-de ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrmak maksadynda Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnaly çapdan çykdy.
24.07
2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwran Gurbangeldiýewiç Çişiýew Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesine bellenildi.