Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar
Çap edildi 25.07.2020
1121

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy birek-birege mähirli sözleri aýdyp, döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça ikiçäk söhbetdeşlikde pikir alyşmak, şeýle hem halkara syýasatyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige hoşallyk bildirdiler. Hormatly Prezidentimiz Bahreýniň Patyşasyny dünýäniň musulmanlary üçin mukaddes bolan we ýokary ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän Gurban baýramy (Id al-adha) bilen gutlady we oňa berk jan saglyk, bagt, dostlukly ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz we Bahreýniň Patyşasy häzirki taryhy döwürde täze mazmun bilen üsti ýetirilýän döwletara gatnaşyklaryna ýokary baha berdiler. Söhbetdeşler gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, ozal gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini nazara alyp, onuň anyk ugurlaryny kesgitlediler. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan türkmen-bahreýn gatnaşyklary işjeň ösdürilýär. Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz we Bahreýniň Patyşasy sebitleýin we halkara meseleleriň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, geografik taýdan uly giňişligi gurşap alan we köp döwletleriň hem-de halklaryň durmuşyna oňaýsyz täsir ýetirýän täze görnüşli koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan COVID-19 ýokanjyna garşy göreşde dünýä bileleşiginiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Ýurdumyz howply wehime garşy üstünlikli göreşmek üçin ylalaşykly wezipeleriň taýýarlanmagyna gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň tarapdary bolup durýar. Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa birek-birege Gurban baýramy mynasybetli hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar we iki ýurduň doganlyk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow