Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
Hepdäniň wakalary
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
Çap edildi 07.06.2026
31

Geçen hepdäniň wakalarynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasatyň ileri tutulýan ugurlary — ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbidine özara bähbitli hyzmatdaşlygy we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan gülledip ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ýaly wezipeler öz beýanyny tapdy.

1-nji iýunda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin çäreleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda guramak we galla oragy möwsümini gysga möhletde geçirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz zähmetsöýer pileçi kärendeçileriň Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini kanagatlanma bilen belledi hem-de ýurdumyzyň ussat pileçilerini, mähriban halkymyzy bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Tomsuň ilkinji gününde ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni dabaraly bellenildi. Ajaýyp sene mynasybetli esasy dabaralar paýtagtymyzdaky «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähinde geçirildi. Şatlyk-şowhuna, aýdym-saza beslenen dabaralara çagalar bilen bilelikde Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly ilçiler hem-de olaryň maşgalalary, aýdym-saz, tans toparlary, ýaş nesiller gatnaşdylar. Çykyş edenler Türkmenistanda Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda çagalaryň mähir hem-de alada bilen gurşalyp alynýandygyny nygtadylar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işiniň ähmiýetine üns çekildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly dabara guraldy.

Gurban baýramynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň maslahaty esasynda at dakylan, Aşgabat şäheriniň çagalar öýünde terbiýelenýän gyzjagaza haýyr-sahawat gaznasynyň çözgüdi esasynda Arkadag gyzy Gurbangül diýen adyň dakylandygy baradaky ýazgy hem-de baýramçylyk mynasybetli gaznanyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän çagalara Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy we hoşniýetli arzuwlar aýdyldy.

Paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hem hormatly Prezidentimiziň adyndan we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan iberilen sowgatlar gowşuryldy.

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary Arkadag şäherinde-de giň gerimde geçirildi. Ýaş zehinler aýdym-saz we tans ukyplaryny, döredijilik bäsleşiklerinde öz ussatlyklaryny açyp görkezdiler. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy baýramçylygyň hakyky bezegine öwrüldi.

3-nji iýunda ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Bu halkara sene mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy onuň many-mazmunyny has-da artdyrdy. Welosipedli ýörişe Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ýörişe daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşdylar. Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän “Welosiped” binasynyň ýanyndan badalga alan giň gerimli sport çäresiniň ugry Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ajaýyp künjeklerinden geçip, paýtagtymyzyň merkezinde — Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada tamamlandy.

Welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň hatarynda Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri bar. Gökderedäki “Çynar” çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan Döwletliler köşgüniň ýaşlary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan sowgat berlen welosipedlerde, hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, welosipedli ýörişe uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

4-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi.

4-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Işewür ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Söwda-ykdysady ulgam gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan dünýä belli “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “Case New Holland”, “Nicklaus Design” ýaly amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini toplady.

Özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary boýunça bilelikde işlemek baradaky anyk meýilnamalar paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «tegelek stol» görnüşinde geçirilen Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Senagat ulgamynda, oba hojalygynda, suw hojalygy üçin tehnikalary ibermekde söwda-maýa goýum işleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ýangyç-energetika toplumyny, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, innowasion tehnologiýalar, kiberhowpsuzlyk, saglygy goraýyş, ekologiýa ulgamlaryny ösdürmek üçin hem uly mümkinçilikler bar. Maslahata gatnaşyjylar maýa goýum, haryt dolanyşygyny giňeltmek babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak boýunça mümkinçilikleri bellediler. Şu ýylyň maýynda döredilen Türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy birleşiginiň (TABCA) Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ozal hereket edýän platformalaryň üstüni ýetirer. Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň ABŞ-nyň işewür toparlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, kökleri asyrlara uzaýan türkmen-türk doganlyk gatnaşyklary bu gün baý tejribä eýe bolup, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ileri tutulýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň berk binýadyny emele getirýär. Dürli ugurlarda täze tehnologiýalary, ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak, ykdysadyýetimizi yzygiderli döwrebaplaşdyrmak babatda halkara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň, işewürlik maslahatlarynyň, ikitaraplaýyn esasda geçirilýän sergileriň ähmiýeti bellenildi.

Iki doganlyk ýurduň bähbidine geljegi uly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisiniň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Ulag-logistika pudagy we energetika ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugry hökmünde görkezildi. Mejlise gatnaşyjylar bu ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň ykdysadyýetlerini pugtalandyrmak bilen bir hatarda, tutuş Ýewraziýa sebitinde energetika, ulag howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigini aýratyn bellediler. Iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklarynda geljegi uly türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Nygtalyşy ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim ýokarlandy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,6 göterime, gurluşykda 6,4 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,2 göterime, söwdada 7,9 göterime, oba hojalygynda 1,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8 göterim artdy. Şu ýylyň bäş aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,3 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,3 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,1 göterim ýokarlandy. Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi we jemi içerki önümiň ösüş depginini ýylyň ahyryna çenli bellenen derejede saklamak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda, “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama” we “Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy”, şeýle hem olary amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamalary tassyklanyldy.

5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Kerimlini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ulgamlarda işjeň ösdürilýär. Ikitaraplaýyn gün tertibinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk aýratyn orun eýeleýär. Özara Medeniýet günleriniň geçirilmegi halklarymyzy has-da ýakynlaşdyrmaga, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň umumy taryhynyň, medeni mirasynyň döwletara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Medeni çäräniň maksatnamasyna sungat ussatlarynyň, şol sanda aýdym-saz, folklor we tans-döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konsertleri, amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň «Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni» atly sergisi hem-de fotosergi, iki ýurduň nusgawy şahyrlarynyň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat, döredijilik duşuşyklary, azerbaýjan çeper filmleriniň görkezilişi girizildi.

Geçen hepdäniň beýleki wakalaryna geçmek bilen, 3-nji iýunda hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berlendigini bellemek gerek. Galla oragyna Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylary girişdiler.

Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda “Turkmentextile Expo — 2026” atly halkara sergi-ýarmarka geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu ugurda iş alyp barýan agzalarynyň, daşary ýurtlardan dokma enjamlaryny, dokma senagaty üçin boýag hem-de himiki serişdeleri, çig mal, gaplaýjy we önümçilik serişdelerini öndüriji, üpjün ediji kompaniýalaryň 100-e golaýy diwarlyklary bilen gatnaşdy. Serginiň çäklerinde türkmen we daşary ýurtly dizaýnerleriň işläp taýýarlan lybaslarynyň nusgalarynyň görkezilişi, ýerli hem-de daşary ýurtly dizaýnerleriň ussatlyk sapaklary geçirildi.

Türkmenistanyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly işewürler bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynda dokma pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda, zerur serişdeler bilen üpjün etmekde hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Oba hojalyk toplumynyň binasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, iri halkara hem-de sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda tebigy serişdeleri durnukly dolandyrmak, biologik köpdürlüligi gorap saklamak, jemgyýetde ekologik medeniýeti kemala getirmek boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ekologiýa kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak, döwletara ylalaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek, howanyň üýtgemeginiň oňaýsyz täsirini peseltmek meseleleri boýunça netijeli çözgütleri ilerletmäge aýratyn üns berildi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň kuwwatly ykdysady mümkinçiliklerine, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, milletimiziň gaýtalanmajak taryhy-medeni mirasyna, halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesliň döredijilik ruhuna, güýç-kuwwatyna daýanýan durmuş ugurly syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny nobatdaky gezek subut etdi.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow