Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen Lideri we BAE-niň Wise-prezidenti telefon arkaly söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Syýasy habarlar
Türkmen Lideri we BAE-niň Wise-prezidenti telefon arkaly söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Çap edildi 25.07.2020
940

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Hormatly Prezidentimiz Dubaýyň häkimi bilen doganlarça salamlaşyp, ony, BAE-niň dostlukly halkyny yslam dünýäsiniň mukaddes baýramy bolan Gurban baýramy (Id al-adha) bilen gutlady. Milli Liderimiz ýokary ahlak gymmatlygyny, ruhy tämizligi we ynsanperwerligi özünde jemleýän bu mukaddes baýramyň tutuş musulman ymmatynda bitewüligiň hem-de raýdaşlygyň berkidilmegine mundan beýläk-de ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, BAE-niň Wise-prezidenti Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasynda ýola goýlan diplomatik, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň berkidilmeginiň taraplaryň syýasy isleglerine we bähbitlerine doly laýyk gelýändigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyz BAE bilen gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, birek-birege ynanyşmak we netijeli ýagdaýda ösdürilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň ediljekdigini belledi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Wise-prezidenti Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma iki döwletiň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegine we möhüm ugurlar boýunça ýola goýulýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine üns berýändigi hem-de şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Häzirki döwürde wajyp mesele bolan hem-de halkara söwda ulgamynda, önümçilik işinde we daşary ykdysady gatnaşyklarda çökgünligiň emele gelmegine sebäp bolan koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi. Bu wehime garşy netijeli göreşmek üçin ähli ýurtlaryň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň dünýä ähmiýetli möhüm meselä garşy göreşiň täze usullaryny işläp taýýarlamakda dünýä bileleşigi bilen işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady. Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar birek-biregi Gurban baýramy bilen ýene bir gezek gutlap, iki döwletiň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdiler.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow