30.07 2020
Şu gün «Merkezi Aziýa döwletlerinde 2020-2021-nji ýyllar döwründe ýolagçylar barada deslapky maglumat alyş ulgamyny (API) ornaşdyrmak» atly sebit taslamasynyň çäklerinde Migrasiýa boýunça halkara gurama tarapyndan (Ženewa şäheri) wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň migrasiýa hem-de serhet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
30.07 2020
2020-nji ýylyň 30-njy iýulynda onlaýn görnüşinde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça nobatdaky duşuşyk geçirildi.
29.07 2020
Şu gün zähmet rugsadynda bolýan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewler bilen didarlaşdy.
29.07 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde welosipedli gezelenç etdi.
29.07 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
29.07 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
29.07 2020
BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň wideogörnüş arkaly geçiren iki günlük maslahatynda BMG-niň çaganyň hukuklary boýunça komitetine nobatdaky Milli çykyşynyň taýýarlanylmagyna goldaw bermek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Onuň işine Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara borçnamalary ýerine ýetirmek babatda Pudagara toparynyň bilermenler iş toparynyň düzümine girýän ministrlikleriň, döwlet hem-de jemgyýetçilik edaralarynyň bilermenleri gatnaşdylar.
28.07 2020
Şu gün ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky Wekilhanasy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýurt edarasy bilen bilelikde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýiti ýokanç keseliň pandemiýasynyň öňüni almak boýunça häzirki ýagdaýyň syny meselesi boýunça brifing geçirdi.
28.07 2020
BMG-ä agza döwletleriň hemmesi tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. 2030-njy ýyla çenli gün tertibiniň ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlary milli hem-de pudaklaýyn maksatnamalarda, şol sanda obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça maksatnamada öz beýanyny tapdy.
28.07 2020
Owganystanyň, Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň arasynda ulag we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça üçtaraplaýyn iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen foruma bu ýurtlaryň ýokary wezipeli ýolbaşçylary gatnaşdylar.
1486 sahypa
Soňky habarlar
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr