03.10
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň öň ýanynda jemgyýetçilik köpçüligi bilen tanyşdyrylan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze edebi işi daşary ýurtlarda uly gyzyklanma döretdi.
03.10
2020
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 12-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň düzümine üýtgetmeleriň girizilmegi bilen baglylykda, onuň düzümi bölekleýin täzelenildi.
03.10
2020
Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparynyň täzelenen düzüminde mejlisi geçirildi.
03.10
2020
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 109-sy hasaba alyndy.
02.10
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
02.10
2020
Şu gün Daşary işler ministrliginde BMGÖM-niň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň arasynda adam hukuklary boýunça 2020-nji ýyl üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine ýardam etmek boýunça taslamanyň iş meýilnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.
02.10
2020
Şu gün wideomaslahat görnüşinde ýurdumyzyň dürli edaralarynyň we kärhanalarynyň wekilleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça (ÝUNESKO) bilermenleri bilen iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýa hem-de oňa Türkmenistanyň goşulyşmagy baradaky meselelere garaldy.
02.10
2020
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny, şeýle hem mähriban Watanymyzyň barha gülläp ösüşini, halkymyzyň şöhrata beslenen geçmiş mirasyny, asylly däp-dessurlaryny, kämil ahlak-edep, watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly asylly gylyk-häsiýetlerini kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmaga we olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmäge ýardam berýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti «Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bäsleşige höwes bildiren daşary ýurt raýatlary hem gatnaşyp bilerler. Bu bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler. Şeýle hem bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi yglan edildi.
02.10
2020
Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky (Rim şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Babaýewiç Kömekowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Ysraýyl Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.
01.10
2020
Şu gün Daşary işler ministrliginde geçirilen metbugat maslahaty Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütlere bagyşlandy.