Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň täze eseri hytaý dilinde çapdan çykdy
Jemgyýet
Türkmenistanyň Prezidentiniň täze eseri hytaý dilinde çapdan çykdy
Çap edildi 03.10.2020
4629

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň öň ýanynda jemgyýetçilik köpçüligi bilen tanyşdyrylan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze edebi işi daşary ýurtlarda uly gyzyklanma döretdi. Ýurtlaryň köpüsiniň ylym jewgyýetiniň we jemgyýetçilik köpçüliginiň wekilleri türkmen halkynyň baý ruhy-taryhy mirasy barada gürrüň berýän we siwilizasiýanyň ösüşine goşan saldamly goşandyna şaýatlyk edýän bu eseri daşary ýurt dillerine terjime etmäge isleg bildirdiler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze işiniň daşary ýurtda ilkinji akademiki terjimesi ýerine ýetirildi. Döwlet Baştutanynyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň hytaý dilinde neşir edilmegi Hytaýyň dostlukly halkyna türkmen halkynyň medeniýeti we dünýagaraýşy bilen tanyşmaga, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik, parahatçylyksöýüjilik, dostluk, döredijilik, ahlak we mertebe ýaly müdimi umumadamzat gymmatlyklary beýanyny tapan türkmenleriň milli ýörelgelerine has gowy düşünmäge mümkinçilik berer. Halkymyzyň köpasyrlyk ýörelgelerinden ugur alýan Garaşsyz Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilen «açyk gapylar» daşary syýasatyny amala aşyrýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň ýurdumyzda «Türkmenistan- Bitaraplygyň watany» şygary astynda geçýän şu ýyl neşir edilmeginiň uly ähmiýeti bar, ol parahatçylyk medeniýetini giňden ýaýmaga we halklaryň arasynda özara düşünişmegiň ösmegine ýardam eder.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
top-arrow