Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary işler ministrliginde metbugat maslahaty
Syýasy habarlar
Daşary işler ministrliginde metbugat maslahaty
Çap edildi 01.10.2020
1137

Şu gün Daşary işler ministrliginde geçirilen metbugat maslahaty Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütlere bagyşlandy. Duşuşyga daşary syýasat edarasynyň, dürli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly wekilleri gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, umumymilli forumyň nobatdaky mejlisi ösüşiň we demokratik özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistanyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Forumyň netijeleri döwletiň we jemgyýetiň içerki ösüşi nukdaýnazaryndan hem-de ýurdumyzyň halkara gatnaşyklary babatdaky işi bilen baglylykda hem ägirt uly ähmiýete eýedir. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatynyň dowamatlylygynyň hem-de özara baglanyşygynyň, syýasy ulgamy kämilleşdirmäge, demokratik kadalary we tejribäni berkarar etmäge çalyşýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Çykyşlarda wekilçilikli forumyň ýurdumyzda parlamentarizmiň taryhynda täze tapgyryň bolandygy nygtaldy. Forumda iki palataly parlamenti döretmek hakyndaky çözgüt kabul edildi. Sözüň doly manysynda, gürrüň döwrüň, syýasy, durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik ýagdaýlarynyň talaplaryna laýyklykda, giň möçberli konstitusion özgertmeler barada barýar. Mälim bolşy ýaly, milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzyň Esasy Kanunyny — Konstitusiýasyny täzelemek boýunça işler bir ýyl mundan ozal döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça badalga aldy. Hut şonda milli Liderimiz merkezi we ýerli wekilçilikli edaralaryň ähmiýetini ýokarlandyrmak wezipesini öňde goýdy, çünki hut şu düzümler gönüden-göni Türkmenistanyň halky tarapyndan kemala getirilýär. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Konstitusion topar döredildi, degişli Konstitusion kanunyň taslamasyny taýýarlamak boýunça kanun çykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Taýýarlyk döwrüniň dowamynda örän köp sanly teklipler gelip gowuşdy. Toparyň mejlislerinde şol tekliplere garaldy we umumylaşdyryldy. Şeýlelikde, Halk Maslahatynyň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmak turuwbaşdan ählihalk häsiýetine eýe bolup, ýokary syýasy-hukuk medeniýetini, halk häkimiýetliliginiň we raýatlaryň möhüm döwlet çözgütlerini kabul etmäge gönüden-göni gatnaşmagynyň gadymdan gelýän däplerini alamatlandyrdy. Şol çözgütler bolsa ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegini we halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmelidir. Duşuşyga gatnaşyjylar Konstitusiýany täzelemegiň wajypdygyna ünsi çekdiler. Munuň esasy manysy häzirki döwürde hem-de uzak möhletli geljekde türkmen milli döwletliligini ösdürmek üçin zerur bolan täze konstitusion-hukuk esaslaryny kemala getirmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumymilli forumyň mejlisinde gol çeken «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, ýurdumyzda kanun çykaryjylyk häkimiýetini amala aşyrýan täze wekilçilikli edara — Milli Geňeş döredildi. Ol iki palatadan — Halk Maslahatyndan hem-de Mejlisden ybaratdyr. Döredilen iki palataly parlamentiň jemgyýetçilik ylalaşygynyň hem-de bitewüliginiň pikirini beýan etmelidigi, ilatyň dürli gatlaklarynyň garaýyşlaryna we bähbitlerine wekilçilik etmelidigi hem-de goramalydygy, kanun çykaryjy edarada esasy jemgyýetçilik-syýasy düzümleriň we birleşikleriň wekilçiligini kepillendirmelidigi nygtaldy. Ýygnananlar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň, döwletliliginiň pugtalandyrylmagynyň, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmeginiň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny bellediler. Maslahata gatnaşyjylar milli parlamentiň hil taýdan täze iki palataly düzüminiň döredilmeginiň Garaşsyz Türkmenistanyň syýasy ösüşiniň hukuk esasyny pugtalandyrmak, döwlet häkimiýetiniň edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de raýat jemgyýetini mundan beýläk-de berkitmek üçin amatly şertleri döretjekdigine ynam bildirdiler. Metbugat maslahatyna gatnaşyjylaryň pikirine görä, halkara tejribäni hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda jemgyýetde gazanylan üstünlikleri nazara almak bilen amala aşyrylýan we umumymilli forumda kabul edilen konstitusion özgertmeler ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň dabaralanmasyna öwrüldi. Olar özygtyýarly, Garaşsyz, Bitarap, hukuk, demokratik we dünýewi döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň ösüşi babatda Türkmenistanyň halkynyň seçip alan ýolunyň hukuk binýadyny döretmegiň özboluşly tapgyryny alamatlandyrdy. Türkmen tarapy ýurdumyzyň hukuk kuwwatyny pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň wajypdygyny nygtap, özüniň daşary ýurtly hyzmatdaşlaryndan kanun çykaryjylyk ulgamynda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen anyk hem-de netijeli tekliplere garamaga taýýardygyny beýan etdi.

Soňky habarlar
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
top-arrow