Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Gyrgyzystanyň energetika we senagat ministri bilen duşuşyk geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Gyrgyzystanyň energetika we senagat ministri bilen duşuşyk geçirdi
Çap edildi 17.05.2021
460

2021-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň energetika we senagat ministri Kubanyçbek Turdubaýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen bellediler. Döwletara gatnaşyklaryň ösüşinde ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti nygtaldy.

Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Energetika we senagat, dokma önümçiligi, azyk söwdasy we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça taraplaryň gyzyklanmalary beýan edildi. Taraplar nebitgaz pudagyndaky taslamalaryň geljegi bilen bagly pikir alyşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn özara hereketleriň anyk meselelerini çözmäge gönükdirilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işiniň ähmiýeti nygtaldy.

Ministrler şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň ähmiýetini bellediler. Ylym we bilim babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda gyzyklanmalar beýan edildi.

Şeýle-de şu gün Gyrgyz Respublikasynyň Energetika we senagat ministri K.A.Turdubaýewiň Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy.

Soňky habarlar
18.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.06
Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisi
18.06
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
18.06
Resmi habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
16.06
Türkmenistanyň Prezidenti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy