Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowy kabul etdi.
Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli mähirli we tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Şu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde “Soňky jaň” dabaralary geçirildi. Bu ajaýyp baýram «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabadyň 140 ýyllygy bellenilýän ýylda uçurymlaryň onlarça müňüsi üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi.
Türkmenistanda Aşgabat şäheriniň güni hem-de onuň döredilmeginiň 140 ýyllygy bellenilýän günde paýtagtymyzda doglan ilkinji çagalaryň ene-atalaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy hem-de mähirli gutlaglar, bagtly durmuş, berk jan saglyk we abadançylyk baradaky arzuwlar beýan edildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Gazylyp alýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir” mowzugy bilen geçirilen ýokary derejeli ählumumy “tegelek stoluň” başyndaky maslahata gatnaşdy. Onlaýn görnüşdäki maslahaty Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş geçirdi.
Size şunuň ýaly wekilçilikli halkara foruma gatnaşmaga çakylygyňyz üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak we iki gatly täze ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek boýunça guralan dabaralara gatnaşdy.
Sizi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni hem-de ak şäherimiz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Sizi 2020-2021-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy we bilimler dünýäsinde täze belent maksatlara ruhlandyrýan «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Adamzadyň döreden iň gymmatly mirasy terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym we bilimdir. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny şanly wakalar bilen şöhratlandyrýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Soňky jaň» dabarasyna bagyşlanan çäreleriň bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny, güýç-gaýratyny eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyş etjek bagtyýar ýaşlarymyzda ýokary watansöýüjilik joşgunyny döretjekdigine berk ynanýaryn.
Aşgabadyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Meksiko ştatynyň doganlaşan şäheri bolan Albukerkeden mähirli gutlaglarymyzy kabul ediň!