30.05 2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzy abadan we bagtyýar durmuşda ýaşatmak, ruhy gymmatlyklarymyzy aýap saklamak, geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işler dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gadymy milli halyçylyk sungatymyzy ösdürmekde hem öz beýanyny tapýar. Biz dünýä meşhur halylary dokaýan halyçylarymyzyň çekýän tutanýerli we döredijilikli zähmetine ýokary baha berýäris.

29.05 2021

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.

28.05 2021

Şu gün Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän harby bölümde we Medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň kyblasy, Watanymyzyň wepaly oglunyň röwşen keşbine hem-de durmuş ýoluna bagyşlanan çäreler geçirildi.

28.05 2021

Türkmen parlamentarileri sanly wideoaragatnaşyk arkaly şu günler Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen IX Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdylar. GDA-a agza ýurtlaryň Parlamentara assambleýasy tarapyndan guralan forum “Planetanyň ekologiýasy — durnukly ösüş” ady bilen geçirildi.

28.05 2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly, tomus döwründe Hazaryň kenarynda raýatlarymyzyň göwnejaý we howpsuz dynç almagyny üpjün etmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.

27.05 2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän “Hezreti Omar” metjidinde kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň kyrky mynasybetli sadaka berdi.

27.05 2021

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin, 2021-nji ýylyň 28-nji maýynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

27.05 2021

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

27.05 2021

Şu günler Parlamentara bileleşigiň wideomaslahat görnüşinde geçirilýän nobatdaky assambleýasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary gatnaşýarlar, maslahat şu gün — 28-nji maýda tamamlanýar.

26.05 2021

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda hormatly Prezidentimiz, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary bilen geçiren maslahatynda olaryň alyp barýan işleri bilen tanyşdy, şeýle hem bu düzümiň işini guramak bilen bagly möhüm wezipeleri kesgitledi.

1473 sahypa
Soňky habarlar
09.05
Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY