Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
Syýasy habarlar
Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
Çap edildi 24.05.2021
2059

Mähriban halkym! 

Eziz watandaşlar!

Sizi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni hem-de ak şäherimiz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik ösüşlere beslenip, tanalmaz derejede özgerýär. Aşgabady dünýäniň gülläp ösýän şäherleriniň birine öwürmek maksady bilen, biz iri möçberli maýa goýumlaryny gönükdirýäris. Dünýä tejribesiniň öňdebaryjy binagärlik däpleri, inženerçilik-tehniki çözgütleri bilen milli binagärlik ugurlary utgaşdyrylýan ak mermerli paýtagtymyzda mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýarys. Häzirki döwürde biz Aşgabady ösdürmegiň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlaryny, myhmanhanalary, söwda-dynç alyş merkezlerini, seýilgähleri, medeni-durmuş maksatly binalar toplumlaryny yzygiderli gurýarys. Paýtagtymyzy abadanlaşdyrmaga, gözelleşdirmäge, täze seýilgäh zolaklaryny döretmäge, şaýollaryň we köçeleriň durkuny täzelemäge uly ähmiýet berýäris.

Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da özgertmek, şäher ilatynyň abadan durmuşy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek, halkyň durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek, şäherde arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek biziň esasy maksadymyzdyr.

Hormatly adamlar!

Gadyrly paýtagtymyzyň ýaşaýjylary!

Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň şöhratly taryhy, baý geçmişi bar. Bu günki günde esaslandyrylanyna 140 ýyl bolan Aşgabat türkmen topragynyň gözel künjeginde — keremli Köpetdag bilen sahawatly Garagum sährasynyň arasyndaky giňişlikde döredi. Bir tarapynda gojaman daglarymyz howalanyp duran, beýleki tarapynda owadan sähramyz ýaýylyp ýatan bu ýerlerde Aşgabat şäheriniň bina edilmegi türkmen halkynyň döwletlilik, berkararlyk babatda köpasyrlyk arzuwlarynyň hasyl bolandygyny aýdyň görkezýär. Şonuň üçin hem biz paýtagtymyza «Aşgabat arzuwlaryň amala aşýan şäheri» diýýäris, gözel Aşgabady perzentlik buýsanjymyz bilen söýýäris. Aşgabat ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň gözbaşydyr. Aşgabat halkymyzyň kalbynyň buýsanjydyr, diliniň senasydyr. Aşgabat ak ýollaryň ýalkymydyr, ak arzuwlaryň hasyl bolmagynyň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň Aşgabadyň 140 ýyllygy bilen gabat gelmegi ýurdumyzyň taryhynda ajaýyp wakadyr. Eziz Watanymyzyň täze taryhy senenamasyna altyn harplar bilen ýazyljak bu şanly seneler ähli raýatlarymyzyň Watana bolan söýgüsini has-da artdyrýar, mähriban halkymyzy il-ýurt bähbitli, döwletli işlere ruhlandyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirýän iri möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamamyzyň çäklerinde paýtagtymyzda gurlan döwrebap binalaryň birnäçesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Aşgabadyň ak mermerli binalaryň dünýäde iň köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa ak şäherimiziň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Munuň özi biziň Aşgabady ösdürmek boýunça alyp barýan köpugurly işlerimiziň dünýä bileleşiginde giňden ykrar edilýändiginiň anyk subutnamasydyr.

Eziz watandaşlar!

Aşgabatda häzirki zaman medeniýet edaralarynyň — kitaphanalaryň, kinoteatrlaryň, muzeýleriň, medeniýet merkezleriniň, medeni-dynç alyş maksatly seýilgähleriň, kinokonsert merkezleriniň birnäçesi hereket edýär. Halkara derejedäki maslahatlar, sergiler, konsertler, festiwallar yzygiderli geçirilip, gözel paýtagtymyz dost-doganlygyň, parahatçylygyň mekanyna öwrülýär. Aşgabat şäheriniň Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi hem türkmen paýtagtynyň dünýä syýahatçylygynda aýratyn orny eýeleýän şäherleriň birine öwrülendigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Biz berkarar Watanymyzyň ýüregi Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek, has-da gözelleşdirmek boýunça alyp barýan işlerimizi geljekde-de üstünlikli dowam etdireris. Paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak ýurdumyzy abadanlaşdyrmakdyr, ak şäherimizi gülledip ösdürmek döwletimizi gülledip ösdürmekdir. Aşgabadyň köçeleri, şaýollary, seýilgähleri, ajaýyp binalary bagtyýarlygyň we abadançylygyň nyşany hökmünde hemişe göwünleri galkyndyrar, beýik işlere ruhlandyrar.

Mähriban halkym! 

Eziz watandaşlar!

Sizi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni hem-de Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, täze zähmet üstünliklerini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow