Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
Çap edildi 24.05.2021
1369

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Aşgabadyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Meksiko ştatynyň doganlaşan şäheri bolan Albukerkeden mähirli gutlaglarymyzy kabul ediň!

Albukerkäniň ýaşaýjylarynyň adyndan Sizi we türkmen halkyny Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gutlaýaryn. Men bu möhüm wakanyň hormatyna Albukerkede 2021-nji ýylyň 25-nji maýyny «Doganlaşan Aşgabat şäheriniň güni» diýip yglan etmek hakynda resminama gol çekdim. Bu barada tutuş Albukerke şäheri we onuň ilaty habarly ediler.

Albukerke 1990-njy ýyldan bäri Aşgabadyň doganlaşan şäheridir. Şonda ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekilip, onda biziň medeni, bilim we düzümleýin mümkinçilikler babatda özara düşünişmäge, hyzmatdaşlyga, şäheriň dolandyryş hem-de şähergurluşyk, bilim, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi, medeniýet, ylym, tehnologiýalar we sport ulgamlarynda öňdebaryjy tejribäniň alşylmagyna ýardam etjekdigimiz yglan edildi.

Soňky otuz ýylyň dowamynda biziň şäherlerimiziň arasynda ençeme çäreler guraldy, şoňa görä-de, Siziň yzygiderli beren goldawlaryňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymyzy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr.

Size gutlaglarymy hut özümiň beýan etmegim üçin ýakyn geljekde Türkmenistana baryp görmek mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Hormatlamak bilen,

Timoti M.Keller,

Albukerke şäheriniň häkimi.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Size çuňňur hormat goýýandygym barada tüýs ýürekden ynandyrmalarymy hem-de Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň!

Aşgabat — Türkmenistanyň ýüregi. Bu şäher tutuş döwletiň kemala gelmeginde möhüm taryhy orny eýeledi. Siziň tagallalaryňyz bilen Aşgabat Türkmenistanyň gülläp ösmegine uly goşant goşýan ykdysady, intellektual we döredijilik kuwwatynyň merkezi bolup durýar. Ol dolandyrmaga sowatly we ýokary ussatlyk bilen çemeleşmegiň, ähmiýetli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň nusgasyny alamatlandyrýar. Türkmen paýtagty täze maksat-pikirleriň hem-de gyzykly, möhüm çözgütleriň güýji bilen kuwwatlanan häzirki zamanyň depginli ösýän şäheri hökmünde özüne çekijidir.

Aşgabady we Astrahan welaýatyny öňki döwürlerden bäri üstünlikli hyzmatdaşlyk hem-de berk dostluk baglanyşdyrýar. Biziň taryhy taýdan kemala gelen ýakyn özara gatnaşyklarymyzyň we köptaraply hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirýärin.

Şu şanly günde Size hem-de Türkmenistanyň paýtagtynyň ähli ýaşaýjylaryna päklik, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

I.Babuşkin,

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň gubernatory.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň ähli işgärleriniň adyndan we hut öz adymdan şanly sene — Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Biziň ählimiz 1948-nji ýylda Aşgabadyň başdan geçiren ýowuz hasratyny ýatdan çykarmaýarys. Ýertitreme netijesinde, şäher haraba döndi. Şonda uruşdan soňky döwrüň hemme kynçylyklaryna garamazdan, doganlyk respublika kömek berildi.

Häzir Aşgabat baý taryhy, gaýtalanmajak binagärlik öwüşginleri, seýilgähleri, ýadygärlikleri, giň şaýollary we köp sanly suw çüwdürimleri bolan gülläp ösýän şäherdir.

Munuň özi Türkmenistanda özgertmeleri amala aşyrmak boýunça Siziň alyp barýan maksada okgunly işleriňiziň miwesidigi şübhesizdir.

Siz ýurtda bilim ulgamyny ösdürmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin köp işleri etdiňiz we edýärsiňiz — täze okuw mekdepleri açylýar, ylym we bilim binýady kämilleşdirilýär.

Moskwa uniwersiteti Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde bolşy ýaly, beýleki ugurlar boýunça hem Türkmenistan üçin milli hünärmenleri taýýarlamakda hemmetaraplaýyn kömek berdi we kömek bermegini dowam etmäge taýýardyr.

Men ençeme ýyllaryň dowamynda Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetinde Türkmenistandan talyplaryň bilim alýandygyna hem-de olaryň birnäçesiniň uniwersiteti tamamlanandan soň, ýurduňyzyň dürli döwlet we hojalyk düzümlerinde üstünlikli hem-de netijeli zähmet çekýändiklerine tüýs ýürekden buýsanýaryn.

Şu şanly günde, çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size we Türkmenistanyň ähli halkyna berk jan saglyk, abadançylyk, parahatçylyk hem-de hemme işleriňizde we başlangyçlaryňyzda mundan beýläk-de ýeňişleri arzuw edýärin.

W.Sadowniçiý,

Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň rektory, 

akademik.

Soňky habarlar
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
top-arrow