01.10 2021

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we “Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran 14668-nji Kararyna laýyklykda, “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama laýyklykda işleýän Hytaýyň “International Ltd.” Milli nebitgaz korporasiýasyna Lebap welaýatyndaky “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn sebitiniň “B” böleginiň günbatar tarapynda ýerleşýän gaz känleriniň ýerüsti desgalarynda suw üpjünçiligini gurnamak üçin umumy meýdany 26,55 gektar, şol sanda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäklerinde Amyderýa ýanaşyk suw toplanýan desgany gurmak üçin meýdany 18 gektar bolan ýer bölegini Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamanyň hereket edýän döwründe, suw geçiriji we oňa ýanaşyk ýollary gurmak üçin meýdany 8,55 gektar ýer bölegini gurluşyk-gurnama işleriniň tamamlanýan döwrüne kärendä bermek bellenildi.

01.10 2021

Sizi bütindünýä bileleşigi bilen birlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde giňden bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan bu halkara baýram mynasybetli geçiriljek çäreleriň eziz Watanymyza, asuda, abadan durmuşymyza guwanyp ýaşaýan, döredýän, gurýan mähriban halkymyzyň hem-de dili senaly ýaşuly nesillerimiziň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýyp, eziz Watanymyza bolan buýsanjy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

01.10 2021

Sizi Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Möçberi we ähmiýeti babatda ýokary derejelere eýe bolan bu serginiň guramaçylaryna we oňa gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw edýärin.

30.09 2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana hem-de dostlukly ýurduň halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.


30.09 2021

Ozal habar berlişi ýaly, 26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk “Aşgabat” köpugurly toplumyň açylyş dabarasy boldy. Şu gün toplumyň düzümine girýän Söwda we dynç alyş merkezinde ýurdumyzyň Hökümet agzalary çagalary, agtyklary bilen bolup, merkezde çagalaryň we uly adamlaryň wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin döredilen mümkinçilikler bilen içgin tanyşdylar.

30.09 2021

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze neşir eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna watandaşlarymyza hem-de ýurdumyzyň köp sanly dostlaryna ajaýyp sowgat boldy. Mälim bolşy ýaly, kitabyň ilkinji nusgalary milli Liderimiz tarapyndan Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde gowşuryldy.


30.09 2021

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, H.Aşyrmyradow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesine R.Hojagulyýew bellenildi.

29.09 2021

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny yglan etmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

29.09 2021

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu kitap şöhratly senä — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan özboluşly edebi esere öwrüldi.

29.09 2021

Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny uly üstünlikler bilen garşylan Bitarap Türkmenistan özüniň okgunly ösüşinde ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara daýanýan, dünýäniň depginli ösýän ýurtlarynyň hatarynda öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň we dünýäniň ýurtlarynyň halklarynyň rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň uly goldawyna eýe bolýar. Munuň özi bolsa Türkmenistanyň halkara abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagyna ýardam berýär.

1472 sahypa
Soňky habarlar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
07.05
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi