Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze neşir eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna watandaşlarymyza hem-de ýurdumyzyň köp sanly dostlaryna ajaýyp sowgat boldy. Mälim bolşy ýaly, kitabyň ilkinji nusgalary milli Liderimiz tarapyndan Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde gowşuryldy.
Maliýe-ykdysady toplumyň ministrlikleriniň we degişli düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda ykdysady toplumda geçirilen dabaraly çärä gatnaşyjylar milli Liderimize parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we dünýäniň ähli halklary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Eziz Diýarymyzdaky asudalyk we durnuklylyk ýagdaýynyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ýol-ýörelgeleriniň dabaralanmagynyň aýdyň subutnamasydygy aýratyn nygtaldy.
Täze kitap Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şöhratly taryhynyň ýylýazgysydyr. Şunuň bilen birlikde, täze neşiriň maksady diňe bir taryhy babatda däl, eýsem, ýurdumyzyň geljegi bilen baglylykda Garaşsyzlyk eýýamynyň wakalaryny beýan etmekden ybaratdyr.
Geçmiş häzirki döwre, şu günki günüň we geljegiň gymmatlyklaryna has doly düşünmäge hyzmat edýär. Parasatly syýasatçy we alym hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen ýoluna baha bermäge hut şu nukdaýnazardan çemeleşip, ýurdumyzyň iň täze taryhyna türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy bilen sazlaşykda, milli aň-düşünjäniň ösüşi babatda garaýar.
Eýýamlar möçberinde geçilen 30 ýyllyk ýol bir pursada deňdir, ýöne halkymyzyň ykbaly üçin tutuş eýýamlary ruhlandyran döwrüň bir bölegidir. Garaşsyzlyk döwründe gazanylan üstünlikler geljekde has-da belent sepgitlere ýetmek üçin esas bolar.
Milli Liderimiz ädimme-ädim jemgyýetçilik aňyny özgertmekde, milli we ruhy gymmatlyklary dikeltmekde, durmuş ugurly syýasaty amala aşyrmakda, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasyny döretmekde döwlet Garaşsyzlygynyň ähmiýetini açyp görkezýär.
Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň resmi taýdan ykrar edilmegi bu taryhy ýoluň möhüm wakasy hökmünde beýan edilýär. Bitaraplyk derejesi Garaşsyzlygymyzyň sütüni bolup durýar we Türkmenistanyň ynsanperwer halkara syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz ylmy çemeleşme esasynda Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmakda uly ähmiýete eýedigi baradaky netijä gelýär.
Döwlet Baştutanymyz halkara derejede ykrar edilen Bitaraplyk syýasy-hukuk derejesi barada aýdyp, tutuş adamzadyň parahatçylygynyň, ösüşiniň we nurana geljeginiň bähbidine halklary jebisleşdirýän ýörelgeleriň ähmiýetini açyp görkezýär.
Hakykatdan hem, halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolan ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Türkmenistany dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmagyň möhüm şertleriniň biri boldy. Şu ýolda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Pudaklaryň her biri umumy işe goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika we obasenagat toplumynyň ösüşi, ýurdumyzyň ykdysady taýdan rowaçlanmagy, raýatlarymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagy hem-de durmuş taýdan goraglylygy we iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada anyk maglumatlary getirýär.
Kitapda paýtagtymyzda hem-de sebitlerde ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygy, ýurdumyzyň senagat taýdan üstünlikli ösüşi, elektron senagaty we döwrebap önümçilikleri döretmek, medeniýet, ulag hem-de maglumat tehnologiýalaryny ösdürmek, hususy telekeçiligi goldamak babatda Garaşsyzlyk ýyllarynda kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalary barada gürrüň berilýär.
Täze neşiriň aýry-aýry sahypalary daşary ýurtlar hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlandy.
Türkmenistan bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti, bilim hem-de ylym, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlary kemala getirmegiň tapgyrlaryndan üstünlikli geçip, milli Liderimiz tarapyndan kesgitlenen hem-de döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly täze wezipeleri çözmäge girişdi. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä giňişligine has-da işjeň goşulyşýandygyny alamatlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, syýasy dereje we halkara gatnaşyklarda netijeli gural hökmünde bitaraplygyň ähmiýeti barha artýar.
“Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly neşir ata Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň ykbalynda özüniň jogapkärli wezipesine düşünýän hakyky watançynyň, ynsanperwer we parasatly syýasatçynyň kitabydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ömri we döredijiligi mähriban topragymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Milli Liderimiziň oý-pikirleri halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy, arzuwlary bolsa eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da artdyrmak baradadyr.
Resmilik, garaşsyz we özygtyýarly ösüşiň 30 ýyllyk döwrüne ylmy taýdan berlen anyk baha wakalary beýan etmegiň şahyranalygy bilen utgaşýar. Kitabyň ilkinji sahypalaryndan eseriň many-mazmunynyň çeperçilik taýdan ýokary derejede beýan edilendigine göz ýetirmek bolýar. Neşir köp sanly suratlar bilen bezelipdir.
Fotosuratlar Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda ýerleşýän, täsin tebigaty hem-de baýlyklary, gadymy taryhy we medeniýeti bolan, ösüşiň hem-de döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan garaşsyz, dünýewi we demokratik döwlet barada gürrüň berýär. Olar täze döwrüň ruhuny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpugurly işini, amala aşyrýan daşary we içeri syýasatynyň ynsanperwerlik many-mazmunyny her bir türkmenistanlynyň abadançylygyna gönükdirilen özgertmeleriň okgunlylygyny açyp görkezýär.
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň öňündäki meýdançada geçirilen dabaraly çärä medeniýet ulgamynyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda welaýat bölümleriniň ýolbaşçylary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, döredijilik, sungat ussatlary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş çäresine gatnaşyjylar “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly kitabyň alymlar hem-de giň okyjylar köpçüligi üçin uly gyzyklanma bildirýändigini, türkmen garaşsyzlygynyň taryhy ähmiýetini şöhlelendirýän möhüm, dokumental çeşme bolup durýandygyny bellediler.
Çykyş edenler täze neşiriň, ilkinji nobatda, ýaş nesil üçin ägirt uly terbiýeçilik ähmiýetini nygtadylar.
Medeniýet işgärleri, şahyrlar, sungat ussatlary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze eseriniň ata-babalarymyzyň mirasyna aýawly garaýan türkmenleriň ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamaga hem-de mundan beýläk-de giňden wagyz etmäge ýardam etjekdigini biragyzdan nygtadylar.
Meşhur aýdymçylaryň çykyşlary Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgündäki dabaranyň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy. Olar Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Konsert maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň baýlygy we köpöwüşginliligi hem-de döredijilik mekdepleriniň köp ugurlary öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň belli tans toparlarynyň çykyşlary hem tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň hem-de milli sungatymyzyň özboluşly däplerini mynasyp dowam etdirýän folklor toparlarynyň çykyşlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen şu ýubileý ýylynda neşir edilen bu ajaýyp eser milli Liderimiziň mähriban halkymyzyň taryhy we geljegi baradaky çuň many-mazmunly eserleriniň üstüni ýetirdi.
Tanyşdyrylyş dabaralarynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Ýüzlenme kabul edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa döwletimiziň baş baýramynyň — mukaddes Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda halkymyza ajaýyp döredijilik sowgady, türkmen jemgyýetiniň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny öwrenmäge we giňden wagyz etmäge berýän ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.